Kitap

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

Kitaplar dünýäni öwrenmäge, özümizi kämilleşdirmäge we dürli garaýyşlara eýe bolmaga mümkinçilik berýän jadyly gapylardyr. Men 6 ýyl bäri bu gapylardan geçip, Jon Werdon, Dostoýewskiý, Stefan Zweig we Pol Deýwis we başga da ussat ýazyjylaryň eserleri bilen aňymy we ruhumy iýmitlendirýärin. Men bu makalada, okayan temalaryma, halaýan ýazyjylaryma esaslanyp, ylym, aňtawjylyk we şahsy ösüş, goşgylar, pelsepe baradaky kitaplar hakynda pikirlerimi paýlaşaryaryn. Dostoýewskiý eserlerinde adamyň iň çuňňur duýgularyny, ahlak gapma-garşylyklaryny we barlyk hakynda soraglary ussatlyk bilen görkezýär.…

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

Mekdep kitaplarynda özgeriş

Ýaňy ýakynda başlangyç synplarda zähmet, sungat, aýdym dersleri boýunça hem aýratyn kitaplarynyň bardygyny bildim. Bu derslerden kitap bolmalydyram öýdemokdym. Aýdym kitabynyň ýarysy aýdym, ýarysy hem şol aýdymlaryň notalary. Aýdymyň aýdylşyny bilmeseň, notalaryny tanyş kompozitoryňa suratyny ugradyp sorap bolýar. 1990-njy ýyllaryň başynda başga harytlar bilen bir hatarda mekdep kitaplary hem gytlyk edip başlady. Käbir sapaklardan 2 adama bir kitap berilýärdi. Başda başda oglanlar zähmet otagyna, gyzlar tikin otagyna girip el hünäri öwredilerdi. Soň soňlar bolsa mugallym…

Mekdep kitaplarynda özgeriş

Buşluk! Ilkinji kitabym 🙂

Salam, hormatly adamlar! Ine, galamdaşym Süleýman Tekäýew bilen bir ýarym aý çemesi wagt bäri üstünde işläp ýören elektron kitabymyz taýýar boldy. Bu ilkinji ýygyndyma şu güne çenli ýazan saýlama goşgudyr oýlanmalarymy ýerleşdirdik.Göwnüňizden turar diýip umyt edýärin. Kitabym hakynda bellikleriňize we tankydy pikirleriňize garaşýaryn. (Elbetde okanyňyzdan soň). Kitapdan bir goşgy: Düýn agşam asmanyň ýüregi gysdy, Gün birçak hoşlaşyp girdi öýüne. Asman bolaýmaklyk ýeňil däl, bilseň, Bagryn beribilmez ýeriň teýine . Aý görüner çagda görünmedi. Ol Mürähet…

Buşluk! Ilkinji kitabym 🙂

Kitap okamagyň adam üçin peýdaly taraplary .

1. Kitap okaýan adamlaryň söz baýlygy giñ bolýar. Sebäbi kitap okanyňda gündelik durmuşda ulanylmaýan sözlere duş gelinýär. Bu sözüň manysyny sözlükden gözlemek hökman däl, sebäbi sözüň manysy kitabyň umumy mazmunyndan görmek bolýar. Şeýlelik bilen, okamak diňe bir söz baýlygyny artdyrman, eýsem adam bilimini hem artdyrýar. 2. Okamak beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga kömek edýär. Ýagny, kitap okaýan adam öz pikirlerini owadan, açyk-aýdyň beýan etmäge mümkinçilik alar. Birnäçe nusgawy edebiýatlary okanyndan soň adamda gürlemek sungatynyň ösendigini…

Kitap okamagyň adam üçin  peýdaly taraplary .

Dostlary nädip gazanmaly we adamlara nähili täsir etmeli: Häzirki zaman jemgyýetinde Deýl Karnegi klassiklerinden sapaklar

1936-njy ýylda neşir edilen Deýl Karnegi tarapyndan dostlary nädip gazanmaly we adamlara nähili täsir etmeli, şahsyýet psihologiýasy pudagynda iň täsirli we degişli eserleriň biri bolmagyna galýar. Geçen onýyllyklara garamazdan, bu kitapda görkezilen ýörelgeler we maslahatlar häzirki jemgyýetde aktual bolup galýar. Bu makalada Karnegi esasy pikirlerini gözden geçireris we olaryň ulanylyşynyň biziň döwrümizde nähili peýdaly bolup biljekdigini düşündireris. 1. Başgalaryň duýgularyna düşünmek we hormatlamak Başga adamlar bilen çyn ýürekden gyzyklanyň Karnegi başgalaryň duýgularyna we zerurlyklaryna düşünmegiň…

Dostlary nädip gazanmaly we adamlara nähili täsir etmeli: Häzirki zaman jemgyýetinde Deýl Karnegi klassiklerinden sapaklar

“Bir zatlar et” ýörelgesi.

Dogrusy, häzir ýatlap otursam, makalany ýazmagymyň asyl sebäbi hem şol wagtdaky zähmet dersi mugallymymyň gaýtalap aýdan sözlerinde ýatyr. Meniň okan mekdebimde zähmet sapagy oturylyp gürrüň edilip geçirilýän sapaklaryň biridi (belki siziň mekdebiňiz hem şolar ýaly bolandyr, şübhe ýok). Ýöne asyl diýjek bolýan zadym onda däl. Şol wagtky mugallymymyň aýdan zady ýadyma berk ýazyldy, her gezek oglanlar bilen oturyp “gybat” edilen wagty mugallym: Beýdip oturmaňda oglanlar, bir zatlar ediň - diýerdi. Biz hem ýaşlyk edip, “Näme…

“Bir zatlar et” ýörelgesi.

Pikir Ummanyndan Bir Damja…

Arada şeýleräk ýazga duş gelipdim. Setirler maňa tanyşdy birhili. Halkymyzyň kitaba bolan umumy garaýşy surtalandyrylýardy hakykatçyl bir äheňde. Iň begenýän zadymam näme bilýäňizmi? Pikirler we garaýyşlar satyn alynanok, olar mugt:). Şol sebäpli şeýle ägirtleriň işlerini siz okyjylara, ýagny pikirlenýän adamlar bilen paýlaşmak meniň üçin lezzet. Ted aýtmyşlaýyn “Ideas worth spreading” . Hem arada maňa diýildi: “Pikiri pikirlenip bilýän adam bilen paýlaşmaly.” «Türkiýede kitap ýaly gadyrdan gaçan başga hiç zat ýok bolsa gerek. Hamidiýe suwy däl,…

EÝ, MÄHELLE, GÜNDELIK GEPLEŞIKLERDE ULANÝAN SÖZLERIMIZ AZALÝAR !

Türkmen dilinde jemi 50.000 sözüň bardygyny bilýärsiňizmi ? Wikipedia öz resmi web-saýtynda bu barada belläp geçipdir. Gyzyklanýanlar üçin çeşmesi aşakda görkezilendir. Türkmen dilimiziň baýdygyna garamazdan, günlük ulanýan sözlerimiziň sany 300 ýa-da 400-i geçýän däldir diýip pikir edýärin. “Munuň sebäbi nämedenka?” - diýip özüňize sorap gördüňizmi? Menem şu soragy özüme köpden bäri soraýaryn. Aşakda käbir jogaplar bilen özümi kanagatlandyrmaga synanyşdym. Garaýyşlaryňyz bar bolsa goşant goşup bilersiňiz! Soňky döwürlerde kitap okaýanlaryň sany barha azalýar diýip köp ýerden…

EÝ, MÄHELLE, GÜNDELIK GEPLEŞIKLERDE ULANÝAN SÖZLERIMIZ AZALÝAR !

Okaýan her kitabyňyzdan has köp peýdalanmagyñ 7 usuly

Has köp kitap okamagyň köp peýdasy bar, ýöne iň halanýan zadym şu: Gowy kitap size geçmişdäki wakalaryňyzy düşündirmegiň täze usulyny berip biler. Her gezek täze akyl modelini ýa-da ideýany öwreneniňizde, beýniňizdäki “programma üpjünçiligi” täzelenýän ýaly. Birden täze programma arkaly köne maglumatlar nokatlaryňyzyň hemmesini işledip bilersiňiz. Köne pursatlardan täze sapak alyp bilersiňiz. Patrik O Şagnessiniň aýdyşy ýaly: "Okamak geçmişi üýtgedýär." Elbetde, bu diňe okaýan kitaplaryňyzdaky düşünjeleri düşinseñiz we ýatda saklasaňyz dogry bolar. Bilim diňe saklansa birleşer.…

Okaýan her kitabyňyzdan has köp peýdalanmagyñ 7 usuly

Bilime we paýhasa eýe bolmak: Kitaplar we adamzat

Bilime we paýhasa eýe bolmak: Kitaplar we adamzat Gynansak-da, maglumaty diňe okamak ýa-da toplamak adamyň beýleki adamlara bolan hormatyny ýa-da duýgudaşlyk bildirmek ukybyny gowulandyrmaýar. Aslynda, ýagdaý has çylşyrymly we düşnüksiz. Bilim, adamlary kemsidýän güýç guralyna öwrülip biler. Bu esasanam, bilimini nädogry ulanmaga, başgalary kemsitmeklige ýykgyn edýän adamlaryň arasynda duş gelýär. Bu makalada şeýle ýagdaýa, esasan-da, özüni beýleki adamlardan ýokary tutýan "bilimli" adamlara serederis. Eger adam bilimi diňe başgalary kemsitmek we öz üstünligini subut etmek üçin…

Bilime we paýhasa eýe bolmak: Kitaplar we adamzat