...

Azat Myrat

@Watan
Jurnalist

Dünya edebiyatyna degişli eserleri halayaryn.

Ýekeje gezek

Irden oglum bilen öýden bile çykdyk. Men işe, olam okuwyna – mekdebe. Aradan birki sagat geçensoň, men işiň arasynda saý-sebäp bilen öýe geldim. Seretsem, oglum öýde otyr, okuwa gitmändir. Men oňa: «Ikimiz bile çykyp gitdig-ä? Näme boldy? Ýolda, awtobusda ýaramadyňmy? Näme üçin okuwdan galdyň?» diýip soradym. Jogap bermedi. «Aýdaý» diýip, birki gezek ýalbardym. Aýtmady. Meniň ýalbaryp oturanymy görüp, ataly ogluň arasyndaky gürrüňe ejesi goşulmaly boldy: «Aýdaý, oglum! Ýogsa, men aýdaýynmy?». «Hawa, sen aýdaý, eje!» diýip,…

Ýekeje gezek

Bagyşla bizni!

Bizi bagyşla Allahym! Seni bilip, tanabam, Seni tanamaklygyň ynsanyň egnine ýükleýän jogapkärçiligine çynlakaý çemeleşmek barada juda az pikir edýäris. Biz özümiziň esasy baryp ýerleşmeli hemişelik ýerimiziň ahyretdigini bilsegem özümizi bu dünýä baky gelen ýaly alyp barýarys. Soňundanam özümizi aklamak üçin: «Düýş görüp oturan adam özüniň düýşdedigini nä bilsin?! Ýa bolmasa gowakda diwarda şöhlelenýän sudurlardan başga zady görmänsoň, şolary özüniň hakyky dünýäsimikä öýdüp ýörenler daşarda hakyky «durmuşyň» joş urýandygyny nä bilsin?!» diýýäris. Eý, Allahym! «Pygamberlik» diýen…

Bagyşla bizni!

Kitap

Şeýle bir kitaby göz öňüne getiriň! Ol ylmy kitap däl, taryhy kitabam däl. Kyssalaç, ýa-da şygyr äheňinde-de ýazylmadyk. Sebäbi diňe ylmy kitap bolsa, ol diňe ylmy maksatly okaljak. Ýa-da taryhy kitap bolsa, ondan diňe taryh agtarjaklar. Şonuň üçin hem meniň göz öňüne getiriň diýýän kitabym bularyň hiç haýsysy hem däl. Adamlar, islendik ýurduň, islendik milletiň adamy şol eseri okanda aň taýdan hakyky ynsanlyk mertebesine çykmak üçin hökmany gerek bolan iň esasy düşünjäni, pikiri şondan bada-bat…

Kitap

Ýaşasyn baky sungat!

Adamy öwmegem sungat. Esasanam, öwmegiň öwülip, döwmegiň döwle-döwle döwlüp bütinleý ýok bolan dillerinde öwmek bilen bagly sungatlar hasam inçelýär. Sungat inçeldigiçe oňa siňdirilýän azap hem artýar. Onsoňam, bu ýerde gürrüň diňe öwmekligiň söz üstündäki oýunlary barada gitmeýär. Sebäbi sungatyň sungat bolmagy üçin sünnälenip ýerine ýetirilýän işiň maddy we ruhy taraplary doly işlenen bolmaly. Garaz, sungatda materia bilen ruh deň işlenmeli. Esasy gürrüňe gaýdyp geljek bolsak, öwmegiň sungata öwrülen dilinde, mysal üçin, öwülýän şahsyýetiň bakylygy hergiz…

Gowylyklar nusgasy

Ölüm – hak. Öňem biriniň aýdyşy ýaly, ölümi öldürmän ölümlilikden gutulyp bolanok. Käbir hakykatlara ylmy taýdan akyl ýetirip bolmaýandygyna düşünmek üçin, tehnologiýanyň ösmegine garaşyp ýörmeli däl. Ylmyň gutarýan nokadyndan aňyrda ýol ýokdur öýtmeklik, elbetde, düşünjeliligi, paýhaslylygy ündeýän ylmyň ýörelgesine-de tersdir. Bardy-geldi şondan aňyrda ýol bar bolup, biziň aňymyz ýetmeýän bolsa näme etmeli?! Mahlasy, iman bize ölümsiz diriligiň ýoklugyny aýdýar. Ölümden aňyrda ýoluň barlygy ýa ýoklugy dogrusynda akyla däl-de, esasanam, wyždana sala salmaly. «Ölä aýan, dirä…

Gowylyklar nusgasy

Erk we kemlilik

Adamyň hemme zada güýji ýetenok. Bu temany çintgäp otursaň, adamyň hiç zada güýji ýetmeýändigini boýun almaly bolýar. Ynsana erk-eradanyň berlenligi şeksiz hem bolsa, onuň her bir hereketinde, hatda oý-hyýallarynda hem ylahy erk-eradanyň yzlaryny görmek bolýar. Muny inkär etmek mümkin däl. Çäklije erk bilen çäksiz erki utgaşdyryp bilmek. Ine bar mesele şondan ybarat. Bu ýerde özüňi bütinleý inkär etmegiňem, ýa bolmasa özüňi aşa hudaýlaşdyrmagyň hem hiç hili geregi ýok. Ynsanyň özümiňki diýýän gaty köp zadyna erki…

Erk we kemlilik

Penjire

Daňdanyň ümüş-tamşynda gapymyz kakylýar. Aýalym: «Gapy kakylýar» diýip meni turuzýar. Gapyny açsam, eli radsiýaly «işgärleriň» biri. Maňa: «Aýnaňyzyň biri çalaja açyk galypdyr, ýapaýyň» diýýär. Näme üçin ýapmalydygyny sorap oturmagyň hajatynyň ýoklugyny, soraýanyňda-da esasy maglumatyň gizlenip diňeje «Çäre bar» diýlip oňulýandygyny bilenim üçin, «Bolýar» diýip göwünli-göwünsiz gapyny ýapýaryn. Uly ýoluň ugrundaky penjireleri birlaý gözden geçirýärin. Göräýmäge, bary ýapyk ýalydy. Ýöne, dogrudanam, ýaňky peläketiň aýdyşy ýaly, bir penjirämiz doly ýapylman sähelçe açyk galypdyr. Öz-özüm geň galýaryn. Penjirämiň…

Penjire

İnjimi, ünjümi?

Biz ölüp gitmeli. Ölüm gutulgysyz. Bizden öňküleriň gidişi ýaly, bizem gidiji, bizden soňkularam. Gitmän bolanok. Inimiň oglunyň bize gezmäge gelende öýümiziň oýunjaklaryny görüp «galjak» diýip aglaýşy ýaly nadaralyk edeniň peýdasy ýok. Inimiň ogly myhmançylyga baran ýeriň oýunjagyny öýüňe alyp gaýdyp bolmaýandygyna düşünerden entek kiçiräk. Biraz ulalsa, onuň hem şoňa aňy ýetäýmeli. Aň ýetmeli, aň ýetmese, çaga ýaly aň-düşünjesiz hereketler şol gaýtalanyp durmaly. Sen bary-bir gitmeli. Şonuň üçin iru-giç gitjekdigiňi bilip, şoňa görä taýýarlykly bolmak gerek.…

Nobat

Ýurdumyzyň ady belli bankynda nobata durun. Bar zatdan öňürti men özümiň paýtagtly däldigimi size ýatladasym gelýär. Sebäbi indiki gürrüň bermekçi bolýan zatlarymy okaýan mahalyňyz siz meniň paýtagtly bolup dogulmazlyk bagtsyzlygyndan (belkem bagtlylygyndan) ullakan paýyny alan ýazgyda eýedigimi hergiz ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Ine, şol faktory göz öňünde tutsaňyz, onda meniň indiki sözlerim siziň üçin hiç hili geň bolmadyk ýagdaýa öwrülmegi hem ahmal. Mahlasy, bankda durun. Ýurdumyzyň ady belli, hatda ýurdumyzyň adyny göterýän bankynyň kassasynda çagamyň okuw…

Pataçylyk

Käbir adamlaryň aradan çykmagyna asman barlyklary hem gynanarmyş. Käbir adamlaryň dünýeden sogrulyp gitmegine asman-zemin gözýaş edermiş. Bu aýdýanym aýat bolmagy hem gaty ahmal. Şäher ýerinde ýaşasaň adamlar ölmeýän ýaly bolup dur. Negada bir bolaýmasa, pata-beýlekä-de gözüň düşenok. Bu ýagdaýy görüp, ölümiň edrenç ýüzüni görkezmezlik maksady bilen pata-sadakalary hem gizläýýälermikä, jynazalary hem restoranda-beýlekide okadaýýamykalar diýesiň gelip dur. Obada welin, sosial dagynyklyk entek doly agalyk etmänsoň, öldi-ýitdi habarlary derrew her kimiň gulagyna degýär. Käbir ýurtlarda, belkem, dünýäde…