Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Erk we kemlilik

2 minut alar


Adamyň hemme zada güýji ýetenok. Bu temany çintgäp otursaň, adamyň hiç zada güýji ýetmeýändigini boýun almaly bolýar. Ynsana erk-eradanyň berlenligi şeksiz hem bolsa, onuň her bir hereketinde, hatda oý-hyýallarynda hem ylahy erk-eradanyň yzlaryny görmek bolýar. Muny inkär etmek mümkin däl. Çäklije erk bilen çäksiz erki utgaşdyryp bilmek. Ine bar mesele şondan ybarat. Bu ýerde özüňi bütinleý inkär etmegiňem, ýa bolmasa özüňi aşa hudaýlaşdyrmagyň hem hiç hili geregi ýok. 

Ynsanyň özümiňki diýýän gaty köp zadyna erki ýetenok. Onsoň, şol sansyz zatlara öz emlägiň ýaly garamak akmaklyk dälmidir? Mysal üçin, çaga nähili eziz zat. Seniň üçin şeýle eziz bolan barlygyň ene garnynda döreýşi, ulalyşy we dünýä inişi, soňlugy bilen ösüp, ulalyp, ylgap ýörenje naşyja çagajyga öwrülmegi – eýsem, şu prosesiň niresinde sen bar?! Bu ýerde sen diňe tomaşaçy ahyry. Ylahy gudratyň ediberişini synlap, ylahy sungatyň öňünde gözüňe ýaş aýlap oturmakdan başga eliňden gelýän zat ýok. 

Esasanam, «kemli» dünýä inen çagalary ýa-da on iki süňňi abat mahaly bir sebäp bilen «kemli» bolup galan adamlary göreniňde ynsanyň ejizligi bilen bagly ýagdaý hasam çökder duýulýar. Geň galaýmaly, ýewropalylar beýle çagalaryň/adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan çetde galmagynyň öňüni almak üçin, olary «kemli» sözi bilen atlandyrman, «hereketleridir duýgularyny çäklendirýän beden ýa-da aň bilen bagly ýagdaýa sezewar bolan kişi» diýen manyny aňladýan «disabled» sözi bilen atlandyrýarlar. Bu bir tarapdan, ýalňyşam däl. Beýle adamlar «kemli» däl. Olar «çäklendirilen» adamlar. (Ylahy gudraryň güýji bilen amala aşýan «ýaradylyş» hadysasynda asla kemçilik bolup bilmeýär.) Biziň «kemli» diýip at berýän adamlarymyz ähli zadyň hakyky eýesiniň isländik kişä islendik şekilde «çäk» berip bilýändigini bütin adamzada jar edýän janly «wagyzçylardyr»...

118 |