Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

«Kerem islärin» atly nezire şygry

1 minut alar

 Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar 

 «Owwal başda Kadyr Alla,

Senden bir kerem islärin». 

Berseň köňle jaý bir perzent,

Kalpdan, megerem islärin.

 

Ýazgydym agyrmy çenden,

«Hezl etmedim dünýe senden»,

Otuz bäş ýaş ötdi menden,

Gadyrdan perzent islärin.

 

Bolmak üçin arslan ýürek,

Hemem  ömrüme janserek[1],

Gidemden soň maňa derek,

Nesil, dowamat islärin.

 

Çaga görsem bolup maýyl,

Kysmatyma däl men kaýyl,

Öwlatlyk bolsa-da saýyl[2],

Göwne jigerbent  islärin.

 

Ömri otuz bäş gädeli,

«Taňry bermese, nädeli»,

Umytly gadam ädeli,

Garagöz öwlat islärin.

 

Kalbymyň mydama zary,

Höwesi hem intizary,

Göwni ýarym bolmaz ýaly,

Eýjejik bala islärin.

 

Çagasyz örmezlik üçin,

Kemsinip ýörmezlik üçin,

Kem güni görmezlik üçin,

Bir ajap perzent islärin.

  Toýly Jänädow


[1] Göçme manyda janserek – aladaçyl

[2] Sa:ýyl – mätäç 

Çeşme: 

https://newashgabat.com/?p=18973

https://ahal.info/tm/news/magtymguly-pyragynyn-doglan-gununin-300-yyllygyna-bagyslanyar

14 |
|