8 minut alar
GEZELENÇDÄKI PURSATLAR
(Hekaýa türk ýazyjysy Ýakup Ömeroglunyň «Iki çynar» kitabyndan) Ahmet bu sebitdäki tokaýyň içinden geçýän ýoluň köp öwrümlidigini eşidipdi, ýöne bular ýaly kändir öýdüp pikir etmändi. Kesgin öwrümleriň biri gutarmanka, başga biri başlaýardy. Gije ulag sürmegi halamaýan Ahmediň sagat ilerledikçe, gahary-da halys degnasyna degip başlady. Ahmet aýaly we çagalary bilen gezelenje çykypdy. Uzak ýyllap görüşmedik dosty Hüseýin hem, onuň gezelenje çykan sebitinde ýaşaýardy. Ahmet, telefonda bu ýerlere gezelenje geljekdigini aýdanynda, Hüseýin örän tutanýerlilik bilen: – Hökman…
