Hekaýa

Özüni mata ýaly duýýan gyz

(hekaýa) - Iň gowusy maňa eliňizem, diliňizem degirmeseňizläň, gelineje! - Men nä biläýin gyz, suratlarda gaşsyz ýaly bolup duraňsoň biraz reňkläýjekdim... - Reňklemäň! Nä size sypatymdan zeýrendimmi?Ýa gelýän-gidýänler, soraýan-ideýänler, gyzyňyzyň gaşy hilal, ýöne biz galyň gaşlylary halaýas diýäýýämi? *** Maňa indi ullakan gyz bolupdyr diýýäler. Gowy gyz diýýämişler, temek diýýänlerem barmyş. Garaz birgiden myş-mişler. Ýöne men özümi soňky wagtlar mata hasaplaýan. Hamala kimdir biri meni nätanyş ülkeden, köne döwürden getirip, öýi elmydama akan-dökän bolan tikinçiň…

Özüni mata ýaly duýýan gyz

Üstünligiň syry

Adamyň biri parkda ýeke özi oturdy, kellesini elleriniň arasyna syrly-syrly pikirlenýärdi. Işleri bulaşyp, batmaklayga ýakyn bolan telekeçi biridi. Näme etse etsin işleri düzelmeýärdi. Bir tarapdan kredit berenler ony gyssaýarka, beýleki tarapdan-da bir topar adam töleg edilmegine garaşýardylar. Erbet içi gysypdy, hiçbir çözüw ýoluny tapyp bilenokdy. Şonuň üçin hem parkda ýadawlykdan ýeňlemek üçin oturýardy. Edil şol wagt hem ýanyna garry ýaşuly geldi-de: “Gaty gamgyn görünýäňle. Seni birahat eden bir zadyň bardygy belli...Meň bilen paýlaşmak isleýärmiň?” diýip…

Üstünligiň syry

ARZUWLARYŇ DÜNÝÄSINDE ÝAŞAÝAN GYZ

Suratyň çeşmesi: www.activebeat.com Maral on ýedi ýaşyna ýeten ýetginjekdi. Elmydama oý-pikir içinde ýaşar, ünsi dowamly başga ýerlerde bolardy. Ejesi muny ir ýaşda aňsa-da, näme üçindir aladasyny etmeýärdi. Belki, öýüň güzerany ony başagaý edip, muňa kän bir wagt tapdyrmaýardy. Başagaýlyk ony iň zerur işlerinden alyp galýardy. Alajyny gözlän bolsa, muňa bir çäre hem tapylardy. Bir zadyň çäresini tapmak üçin hem wagt hem-de zerurlyk gerekdi. Ony bolsa häzirlikçe Maralyň ejesi edip biljek güýç-kuwwatda däldi. Maraljanyň ejesi bäş…

ARZUWLARYŇ DÜNÝÄSINDE ÝAŞAÝAN GYZ

Iň gowy bugdaý üçin

Iň gowy bugdaý bäsleşiginde yzly-yzyna iki ýyl baş baýragy alan daýhan bilen gürrüňdeşlik etmäne gelen žurnalistler ilki bilen özüne: “Gowy bugdaý ýetişdirmekligiň iň uly syrry nämedir?”- diýen soragyny berdiler. Daýhan olara mylakatlyk bilen şu geň galdyryjy jogaby berdi: “Özümde bolan gowy bugdaý tohumlary goňşularym bilen paýlaşmagym.” Žurnalistler bu jogaba hem geň galdylar hem-de many tapmadylar. “Nähili? Siz bu bäsleşikde garşydaşyňyz boljak beýleki daýhanlara öz gowy tohumlaryňyzy berýädiňizmi?”-diýip haýranlyk bilen bir habarçy sorady. “Hawa edil şolar…

Mugallymçylyk käri mukaddesdir.

Maşgalasy bilen seýilgähe gezelenç edýän ýigit 25 ýyl mundan ozal özüni okadan bașlangyç synp mugallymyny seýilgäh oturgujynda dynç alýarka gabatlașdy we: "Salam mugallym meni tanadyňyzmy?" -diýdi. Nurana mugallym ýigidiň ýüzüne ýiti nazarlap seredip: "Ýok tanap bilmedim, kim siz?" -diýdi. "Meni nähili tanamarsyňyz, ýatdan çykaran dälsiňiz-ä, bașlangyç synpda okadan okuwçyňyz Nazar men, ýadyňyza düşdümmi bir gün sapakda bir okuwçynyň sagady ogurlanypdy, siz hemme okuwçyny ýerinden turuzyp tagta çykaryp barlapdyňyz.Șonda men bu eden işim üçin diýseň ökünipdim,…

Syrly gapy

SYRLY GAPY (fantastiki hekaýa) Daň şemaly mylaýym öwüsip, guşlaryň jürküldisi owaz bolup eşdilýän,gül-gülalekleriň hoşamaý ysy kalbyňy heýjana salýan ýaz säherleriniň biridi. Melike daň bilen oýanyp öyüň işine gümra bolup ýördi. Onuň yz ýany bolsa jigisi Maksat oýanypdy. Melike 21 ýaşynda, ýetişen gyzdy, Maksat bolsa 16 ýaşynda ýetginjekdi. Melike jigisini gaty gowy görýärdi, ezizläp saklaýardy. Melike her gün jigisinden we kakasyndan öň turup ertirligi taýýarlap goýardy. Doganlaryň ejesi Maksat 2 ýaşlyjaka aradan çykany sebäpli bulara kakasy…

Oýnaş / hekaýa

OÝNAŞ 1 Zöhrä gargadylar, Soltana nälet ýagdyrdylar. Ikiside gazap daşlary bilen daşlandylar. Myş-myş gürrüňleriň topragyna duwlandylar. – Olar öňden bäri söýüşýän ekenler, gaçyp gidenmişler... – Waý toba, gaçyp gidenmişler... — Hawa, gaçypdyrlar. …kim bilýär, belki çyndyr… – Jany çyksyn, saçy kesilmiş, çagasyny taşlap gitmän gara ýere girsin, bir är azlyk edýän ekenmi? – Jany çykmyş, saçy kesilmiş.. – Bir är, ýetenokmy... – Çagasyny taşlap, oýnaşy bilen gaçypdyr, hä? …kim bilýär, belki çyndyr… Bu gürrüňler kiçijik…

Oýnaş / hekaýa

Zombiler Fantastik hekaýa 1 bölüm

Zombiler - Fantastik hekaýa 2030 ýyl 19 njy iýul, Iş wagtym gutaryp öýe gaýtjak bolup taýýarlanyp durdum, Iş ýerim Daşoguz şäherinde bolan soň şäheriň içinde adamlaryň howsalaly gykylyklary sesleri eşidilip başlady, adamlar aglaşyp gygyryşyp kömek ediň kömek ediň diýen sesler eşidilýärdi, menem aý gulagyma eşidilýändir diýip iş ýerimden çykyp maşynymyň ýanyna bardym, adamlar kimsi binalaryň içinden çykyp gaçyp barýardylar kimsi maşynlaryna münüp gaçyp barýardylar kimsi ýerde gana bulaşyp ýerde ýatyrdy. Binadan çykyp gelýän adamlary kowalap…

Ol ölenmi ýa-da diri? /satiriki hekaýa

OL ÖLENMI ÝA-DA DIRI? 1882-nji ýylyň martynda men Montanadaky Riwearada-da ýaşaýardym. Monte-Karlo ýa-da Nitsadaky ýaly adamlardan däl-de, şäheriň çetindäki bu ýerde ýalňyzlykdan rahatlanýarsyňyz, üstesine adamlaryň goh-galmagalysyz günüň şöhlesinden, arassa howadan we dup-dury deňizden arkaýyn lezzet alyp bilýärsiňiz. Montana şan-şöhrada dalaş etmeýän asuda, dynç şäher. Baý, begzada adamlar bu şäheri känbir pitiwa etmeýärler. Şeýle hem bolsa bu ýere käte birki sany baý gezelenje gelýär. Ýakynda men ana şolar ýaly bir baý adam bilen tanyş boldum. Onuň…

Ol ölenmi ýa-da diri? /satiriki hekaýa

Durmuşdan alnan manyly hekaýa

Obamyzyň aksakally ýaşulylarynyň gürrüň beren hekaýalaryndan örän manyly hekaýa. Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma:"Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy" diýip ýazypdyr. Soňra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýaňky şarpyk…