Teswirler (12)

Ýüklenýär...
User Avatar

çopan oglanjyk

Akylly garry

2 minut alar

Sowuk gyş güni patyşa yanyna wezirini alyp öz halkyny görmek maksady bilen ýola çykýar. Bir ýabyñ kenarynda işläp oturan bir garry ýaşulyny görýär. Ol ýaşuly elindäki derileri suwa salyp ýençyärdi. Patyşa bu garry ýaşuly bilen salamlaşýar: "Salamunaleýkum eý piri pany".
Garry:"Aleýkumsalam eý serdary jahan".
Patyşa soraýar:"Altylarda näme etdiñ"
Garry:"Alta altyny goşmasak otyz ikä ýetenok".
Patyşa:"Gijelerine oýanmadyñmy"
Garry:"Oýandyk ýöne illere ýarady".
Patyşa gülüp:"Bir gaz ugratsam ütermisiñ"
Garry:"özem sesini çykartman"
Patyşa baş weziri bilen garrynyñ ýanyndan gaýtýarlar.
Patyşa wezirden soraýar: "Näme gürleşenimize düşündüñmi?"
Başwezir: "Ýok patyşahym".
Patyşa gaharlanyp:"Agşama çenli näme gürüñ edenimizi bilmeseñ kellañi alaryn" diyýär.
Baş wezir ýabyñ kenaryna barsa hälki ýaşuly şol işi bilen meşgullanyp otyr.
Baş wezir garra :"Patyşa bilen näme gürleşdiñiz?"
Garry:"Mugtyna aýtman.  Bir ýüz altyn berseñ aýdaýyn" diyipdir. Kellesiniñ alynjagyndan gorkan wezir derrew yüz altyny beripdir we sorapdyr :"Sen patyşany serdary jahan diýip salamladyñ. Nädip bildiñ onuñ patyşadygyny"
Garry:"Men deriçi. Onuñ egnindäki derini  patyşadan başgasy geýmeýär".
Wezir:"Altylara altyny goşmasañ otuz iki çykmaýar diýeniñiz näme bolýar?"
Garry muny jogaplamak üçinem 100 altyn alypdyr. "Patyşa 6 aýlyk ýaz wagtynda işlemediñmi, näme üçin gyş güni işleýarsiñ diýdi. Menem diñe 6 aý ýaz däl 6 aý gyş bolsada işlemesek çörek ýok diýdim.
Wezir:"Gijelerine oýanmadyñmy näme diýmek?"
Garry ýene 100 altyn alypdyr. "Çagalaryñ ýokmy diyip sorady. Menem çagalarymyñ bardygyny ýöne ählisiniñ gyzdygyny, durmuşa çykyp başgasyna ýarandyklaryny aýtdym".
Wezir ýene soraýar" Saña bir gaz ýollasam ütermisiñ näme diýdigi bolýar?".
Garry gülüp:"Ony hem sen bil" diýipdir:)


 

174 |
|