Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

çopan oglanjyk

Esger

1 minut alar

Wýetnam söweşinden soň bir amerikan esgeri öýüne gaýdyp barmanka maşgalasyna jañ edýär.
“Eziz ejem we kakam. Öýe gaýdyp barmakçy bolyaryn ýöne sizden bir zat soramakçy ýagny Bir dostumy ýanym bilen alyp gaýtmak isleýärin. "Elbetde, oglum" diýip, maşgalasy aýdýar, "yöne bilmeli bir zadyňyz bar. Uruşda dostum agyr ýaralandy. Partlama netijesinde elini we aýagyny ýitirdi. Hiç kimi ýok. Men ony ýeke goýup bilemok Onuň hem biziň bilen ýaşamagyny isleýärin. Siz muña nähili garaýarsynyz?"
“Oglum, bu gaty gynandyryjy ýagdaý. Biz oňa hakykatdanam gynanýarys. Ýöne onuň ýaşamagy üçin başga ýer tapyp bilmediňmi? "
" ÝOk! Onuň gitmäge başga ýeri ýok. Onuň biziň bilen galmagyny isleýärin" 

"Ýöne oglum, sen bizden gaty agyr ýüki çekmegimizi isleýärsiň. Onuň ýaly maýyp adam bize gaty agyr ýük bolar. Biziñ öz durmuşymyz hem gaty kyn. Oňa nädip ideg etmeli? Şol dostuñ üçin biziñ edip biljek zadymyz ýok. Sen bagtymyza, sag-aman öýe dolansañ bolýar. Bu bize ýeterlik.” Soňra telefon birden kesilýär we “ Dıt dıt dıt” sesi eşidilýär.
Bu maşgala çagalaryndan gaýdyp habar alyp  bilmeýär.
Bir gün, günortan telefona jaň gelýär. Gelen jañda ogullarynyñ öz janyna kast edendigini aýtýarlar.
Bular morga oglunyñ jesedini görmek üçin baranda, oglunyň eliniň we aýagynyň ýokdugyny görýärler ...

63 |
|