Edebiýat

"Maňa söýmegi öwret!"

Senekanyň makalasy maşgala durmuşynyň binýady bolan söýginiň näme üçin krizis ýagdaýyna düşüp, soňam gutarýandygy barada. Häzirki zaman dünýäsinde ýaş ynsanlar esasan öz saýlap-seçenleri bilen söýgi, özara ymtylma, ysnyşyk esasynda maşgala gurýarlar. Öňki nesilleriň iňňän kämil wekilleriniň hem öň tanamaýan ýa-da daşyndan tanaýan ynsanlary bilen gudaçylyk esasynda bagtly maşgala bolup ýaşanlary bolandyr, oňa söz ýok. Bagtly maşgala bolup ýaşamak üçin, belki, nika çenli söýgi hökmanam däldir. Är-aýallyk söýgüsi nikadan soňam başlanyp biler. Käbir beýik şahyrlarymyz üçin…

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde matematikanyň şöhlelendirilişi

Salam gadyrly adamlar ! Şu gün men Siziň bilen akyldar şahyrymyzyň döredijiliginden gyzykly täsin maglumatlar bilen paýlaşmak isleýärin. Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köptaraplydyr. Onuň parasatly pikirleri türkmen halkynyň aňyna mäkäm ornaşdy. Şahyryň dürli mowzukdaky goşgularynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen, göç ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli şygyrlary uly orun tutýar. Magtymguly Pyragy durmuşyň ähli ugurlary baradaky eserlerinden, dünýä hakyndaky dana pelsepelerinden biz mydama nusga almalydyrys. Magtymguly atamyz özüniň şygyrlarynda matematikanyň san…

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde 
matematikanyň şöhlelendirilişi

Ýerliksiz gelen ýatlamalar ýa-da romantizm hakda...

Bir çeper film görüp otyrdym, onuň hem soňunda Frank Sinatranyň "Fly me to the moon" aýdymy goýulypdyr. Gaty gowy gördüm (bir zenan eken aýdymy ýerine ýetiren), kim aýdypdyr, ady näme dessine öwrendim we özüme ýükläp aldym. Gaýta-gaýta diňledim... Ýöne diňläp duran wagtym şeýle täsin duýgulary başdan geçirdim, söz bilen beýan eder ýaly hem däl. Ýöne eger mejbur bolsadym, bu beýan şeýleräk bolardy: giň rahatlyk ummany, bu umman diýseň parahat, goýy ýalňyzlyk tolkunlary ýuwaşjadan çyrpynýarlar, men…

Ýerliksiz gelen ýatlamalar ýa-da romantizm hakda...

Gurbagalar ýaryşýarlar

Hemişe towşan bilen pyşdyl ýaryşmaly diýlen zat ýok ahyry... Bu gezekde gurbagalar öz aralarynda ýaryşmaga karar berdiler. Ýaryşy gazanmak üçin derýanyň kenaryndaky uly agajyň çür depesine dyrmyşmaly bolýarlar. Ýaryşýan gurbagalar agajyň öňünde düzülipdirler. Galanlar bolsa töwerege ýaýrap, ýaryşy tomaşa etmäge başlapdyrlar... "Görgülijikler... Hiç wagt başarmaýarlar." Wagt geçipdir, tomaşaçy gurbagalaryň sesleri hiçhili üýtgemändir: "Görgülijikler... Hiç wagt başarmaýarlar." Ahyry birinden galan gurbagalaryň umytlary kesilip, ýaryşy taşlapdyrlar. Ýöne galan soňky gurbaga uly gaýrat bilen agajyň depesine çykmagy başarypdyr.…

Gurbagalar ýaryşýarlar

Dana Pyragy.

Täze galkynyşly berkarar ýurtda, Sylagy uludyr,sarpasy belent. Söz ussady, Magtymguly Pyraga, Okap öwrenilýär, goýulýar hormat. Ýöne bir şahyr däl ,akyldardyr ol, Her sözi dürdäne, pähimdardyr ol, Dünýä ýaly giň hem, umman dek çuňňur, Şygyr dünýäsiniň şasy Pyragy. Çoh garaşan ajap eýýamy geldi, Arzuwlary hasyl boldy, gülledi. Türkmen ili bir suprada jem bolup, Beýik döwlet gurýar iliň, Pyragy. Älem içre meşhur her bir şygyry, Çuň mana eýlenen her bir setiri. Türkmeniň öçmejek hazynasydyr, Beýik dana ady…

Dana Pyragy.

MESJİD-İ AKSA [ Türk edebiýatyndan terjime ]

Mesjid-i Aksa-ny gördüm düýşümde, Bir çaga ýaly-dy, hem aglaýardy. Baryp gapysyna mañlaýmy goýdym, Göýä, bir ýer asty bahr-y joşýardy. Gözlerim ýollarda garaşyp ýörün, Nirde doganlaryñ diýýärdi bir ses, Ilk Kyblasy mendim, beýik Nebi-niñ, Unutdymy ýa-da muny ähliñiz. Burak aldow saldy ýörelerinde, Miraja ýol beren badalgadym men. Kutsallygym belli şäher adymdan, Çar ýana nur saçan uly bir tagtdym. Nirde ozalky deý müñlerçe mömin, Ýürekler bir bolup maña gelerdi. Hemşehrim Nebîler sarpasy üçin, Jogaba gowuşan dogalar bardy.…

Esger

Wýetnam söweşinden soň bir amerikan esgeri öýüne gaýdyp barmanka maşgalasyna jañ edýär. “Eziz ejem we kakam. Öýe gaýdyp barmakçy bolyaryn ýöne sizden bir zat soramakçy ýagny Bir dostumy ýanym bilen alyp gaýtmak isleýärin. "Elbetde, oglum" diýip, maşgalasy aýdýar, "yöne bilmeli bir zadyňyz bar. Uruşda dostum agyr ýaralandy. Partlama netijesinde elini we aýagyny ýitirdi. Hiç kimi ýok. Men ony ýeke goýup bilemok Onuň hem biziň bilen ýaşamagyny isleýärin. Siz muña nähili garaýarsynyz?" “Oglum, bu gaty gynandyryjy…

Alysdaky pyşyrdy / Seýitmyrat Geldiýew

Bizi haýsy pursat şu güne saldy, Bize şeýtmeklige kimiň haky bar?! Her kim öz bagtyny gurup biler-ä, Bolmasa-da köpi gören akyldar. Sen onda, men munda, Kime haýyr bar? Kim ol biziň bagtymyzy ýatyran?! Ýogsa, senem men diýip kän aglapdyň, Menem betbagt, başym tutup oturan. Nädip başga ýoly aldykkak saýlap, Nädip bu çykgynsyz çuňluga gaçdyk? ...Adamlara garap ýaşajak bolup, Bir-biregi kötekledik, Ýalňyşdyk. Aýt, hany, Dogryňdan gel-de, aýt maňa, Gussalarňy durmuş basyp, ýitmänkä. - Näçe gezek meň…

Alysdaky pyşyrdy / Seýitmyrat Geldiýew

Poeziýa bilmezden goşgy ýazyp bolarmy?

Poeziýa bu – (grekçe- “döredijilik”) gözelligi bir söz bilen suratlandyrmak sungaty. Poeziýa adamyň islegleriniň beýany bolup hyzmat edýär. Islendik adamda aýratyn bir zehin bardyr,zehiniň üsti haçan açyljagy belli däl, bu her adamda dürli ýaşda ýüze çykyp başlaýar esasy zat adam öz üstünde işläp özüni kämilleşdirse, şonça-da onyň ukyp başarnygy aýan bolup başlar. Poeziýa tehnikasyny bilmezden goşgy düzüp bolarmy? Elbetde poeziýa dilini bilmän ýagny goşgy ýazmaklygyň grammatikasyny bilmezden hem goşgy ýazyp bilersiňiz. Esasy zat bu siziň…