...

Sanjar Hazratkulov

@Mativator
Mekdep okuwçy

Taryh, ykdysadyýet, dünýä dilleri, filosofiýa bilen gyzyklanýaryn.

Şowsuzlygyň ädimleri, üstünlige tarap!

Salam gadyrly adamlar. Size birnäçe sowal: Siz şowsuzlykdan gorkýarmysyňyz? Işiňiz ugrukmazlygyndan howatyrlanýarmysyňyz? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp, synanyşyp görmekden gaça durýarmysyňyz? Eger-de siz “ hawa ” diýip jogap berseňiz, onda siziň öňüňizde, dogrudanam, ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we siz şeýdip öz maksatlaryňyza ýetip bilmersiňiz. Meniň pikirimçe sowşuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzluk bu üstünligiň ganatydyr. Şu wagtky döwürde bilşimiz ýaly üstünlige ýeten adamlar, milliarder hem-de millioner adamlar, ýa-da bolsa özüniň korýerasynda täsin işleri edýän adamlar…

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde matematikanyň şöhlelendirilişi

Salam gadyrly adamlar ! Şu gün men Siziň bilen akyldar şahyrymyzyň döredijiliginden gyzykly täsin maglumatlar bilen paýlaşmak isleýärin. Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köptaraplydyr. Onuň parasatly pikirleri türkmen halkynyň aňyna mäkäm ornaşdy. Şahyryň dürli mowzukdaky goşgularynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen, göç ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli şygyrlary uly orun tutýar. Magtymguly Pyragy durmuşyň ähli ugurlary baradaky eserlerinden, dünýä hakyndaky dana pelsepelerinden biz mydama nusga almalydyrys. Magtymguly atamyz özüniň şygyrlarynda matematikanyň san…

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde 
matematikanyň şöhlelendirilişi

Kurslara gatnaman özbaşdak dil öwrenip bolarmy?!

Salam mähriban adamlar. Adamlar iňlis dilini ýa-da başga bir dili derejesiz öýde, daşyndan hiç bir okuw merkezine ýa-da hiç bir dilçi mugallyma gatnaman öwrenip ýokary netijeleri gazanmak isleýärler. Daşary ýurt dilini öwrenmek isleýänlere maslahatym, okuw merkezinde dil öwreniň. Öýde özbaşdak daşary ýurt diline öwrenjek bolup ýapyşmaň. Siz garaşan netijäňize öýde özbaşdak gazanyp bilmeýärsiňiz. Biz hemişe pedagoglaryň kömegine mätaçdiris. Sebäbi olar biziň ýörän ýolymyzdan bir wagtlar ýöräp geçdi. Dil öwreniň . Sebäbi häzir tehnologiýalaryň täze täze…

Kurslara gatnaman özbaşdak dil öwrenip bolarmy?!

Üstünligiň syry.

Salam gadyrly adamlar. Men hem makala ýazmaga başladym. Bu meniň birinji makalamdyr. Men bu makalamda durmuşda duş gelýän üstünlikler barada düşündirmek isleýärin. Bu makalanyň üsti bilen, men öz durmuşymdaky ýeten üstünliklerimi aýdyp bererin we üstünligiň kiçijek syryny size ýetirerin. Häzirki döwürde dünýäde jemi 8 milliard adam ýaşaýar. Şolaryň hersi öz durmuşynda mynasyp ornuny tapyp, üstünlige ýetmegä tijenýärler. Ýöne gynansakda bu dünýäniň täsin bir oýuny bar. Durmuşda üstünlige ýetýänlerem bar, ýetmeýänlerem. Bu bir lotereýa petegi ýaly.…