Psihologiýa

3 minut alar

Déjà vu we ylym

Geçen makalamda belleýşim ýaly, biz düýşi oýa wagtymyz hem görüp bilerismi? Biziň oýa wagtymyzda görýän täsin zadymyz, has dogrusy ýatlamamyz bu düýş däl. Onuň ylmy ady déjà vu. Adamlar dežawýu effektini düýş bilen baglanyşdyrýarlar, çünki olar bolup geçýän hadysany ýadynda galan düýşleriniň käbir elementleri bilen meňzeş görýärler . Irki döwürlerde dežawýu başgaça oýa wagtynda görülýän düýş diýilse, häzirki wagtda bu çaklama ýalňyş diýlip bellenildi. Dežawýu-bu näme? Bu sözi siz, köplenç, kinofilmlerde, telewidenýelerde, gündeki durmuşyňyzda eşdip…

Déjà vu we ylym

1 minut alar

Adamlaryň häsiýetini kesgitlemek

Uly gözli adamlar adatça baý ruhy duýguly, edermen hatda hemme ýerde mydama öňbaşçylyga ymtylýan adamlardyr. Gyýak gözli adamlar ýapyk, ile goşulmaýan, käwagtlar özlerine aşa göwni ýetýän adamlardyr. Olar bilen düşünişmek biraz kynrak bolyar. Giň maňlaý - sarsak, Kiçi maňlaý bolsa ýumşak adamlar, ugur tapyjy we alçak häsiýete eýedirler. Emma dar maňlaýly adamlar gaharjaň we öz diýenli hemişe öz pikirlerini dogry hasaplayan häsiýetini özünde jemleýärlar. Gaşlary birigip duran we gös-göni bolsa ol adamlar ejizdir.Eger gaşlary burnuna…

Adamlaryň häsiýetini kesgitlemek

5 minut alar

Priming effect - priming täsiri (we pul bilen primelanmak)

Göz, gulak, burun ýaly organlarymyzdan gelýän maglumatlar beýnimizde belli neuronlaryň oýarylmagyna sebäp bolýar. Olara psihologiýada stimulus ýagny oýaryjy diýilýär. Bu oýaryjylar ys, şekil ýa-da söz bolup bilýär. Indi geleliň makalamyzyň asyl temasyna. Priming effekt - praýmiň diýip okalýar - diýip beýnimize birinji gelen oýaryjynyň ondan soňky geljek oýaryja nähili reaksiýa berjekdigimize edýän täsirine aýdylýar. Sözlem uzynrak bolup biler, arkaýýyn boluň mysallar bilen düşündirjek. Mysal üçin siz ýakyn wagtda haýwanlar bilen baglanşykly zatlar gören bolsaňyz we…

Profil suraty

Ay OR

@ayor

·

2 minut alar

Paradoks

Paradoks - kabul edilen umumy pikire, ylmy kadalara ters gelýän we şonuň ýaly-da sagdyn pähime garşylykly bolýan, özbaşdak bir pikir. Bu söz grek dilinde parádoxos , latyn dilinde paradoxum diýen sözlerden gelip çykyp "ynanyp bolmaýan" diýmegi añladýar. Paradokslarda adaty kabul edilen düşünjelere, hatda öz-özüne garşy gidýän pikir öñe sürülýär. Ilkiniji paradoks takmynan 1530-1540-njy ýyllarda ulanylýar. Paradokslar adamlary gyzyklandyrýan düşünje, sebäbi olar bizi durup pikirlenmäge mejbur edýär. Olar syrly, käwagt bolsa olara düşünmek kyn bolýar. Mysal…

Paradoks

4 minut alar

Montessori näme? Ýada kim?

"Montessori" sözüni öň eşidip görüpdiňizmi? Biz köp çeşmelerde Montessori bilimi barada eşidýäris. Belki siz muny çagalar üçin oýun görnüşleri ýada oýunjaklary diýip bilýän hem bolup bilersiňiz. Şol sebäpli men bu temada azyrak maglumat ýazmak isledim. Soňky iki ýylyň dowamynda Montessori usulyýeti bilen has çuňňur gyzyklanyp başladym. Bir ene-ata hökmünde çagamyň dogry terbiýe almasy üçin dürli görnüşdäki pedagogiki usullaryň gözlegini edipdim we Montessori usulyýeti maňa has ýakyn gelipdi. Şol gyzyklanmalarymyň netijesinde, bilim merkezinde köp sanly çagalar…

Profil suraty

Ay OR

@ayor

·

3 minut alar

Ene-atalar barada bilmeli zadymyz / Ene-atanyñ görnüşleri

Seržant Dikuçar Maslahatçy Ýokarda agzalýan sanaw haýsdyr bir käriñ ýa-da bir guralyñ adydyr öýtýäñizmi? Ýok. Bular düýbünden başga zatlar. Bir maslahatçy ýa-da seržant bir kãriñ ady däl bolsa, dikuçar bir uçar abzaly däl bolsa, onda olar nämekä? Bular ene-atanyñ görnüşlerini añladýar. Hawa, ynanmak kyn hem bolsa şeýle. "Nädip?" diýýäñizmi? Ene-atalyk wezipesi her bir maşgalada başgaça ýerine ýetirilýãr. Ene atalarymyzyñ bize terbiýe berişi, olaryñ bize bolan garaýyşy, biz bilen özlerini alyp barşy hakynda meşhur amerikan psihologlary…

Ene-atalar barada bilmeli zadymyz / Ene-atanyñ görnüşleri

5 minut alar

Är-aýal gatnaşygyndaky çaprazlyk döwürleri

Är-aýal gatnaşyklarynda esasan hem iki döwürde ýiti çaprazlygyň ýüze çykýandygy mälimdir. Onuň birinji döwründäkisine psihologiki, ikinji döwründäkisine seksual gatnaşykdaky çaprazlyk diýilýär. 1. Psihologiki çaprazlyk köplenç ýaş çatynjalaryň bilelikde ýaşap başlan ilkinji ýyllarynda ýüze çykýar. Ýaş juwanlaryň hüý-häsiýetleri, gündelik durmuş endikleri, edep-terbiýesi, pikir-garaýyşlary biri-biriniňkä çapraz gelýär. Durmuşykino ýaly diňe gowulykdyr, süýjülikdir, şadyýanlykdyr öýden ýaş çatynjalaryň öňünden her dürli näsazlyklar, päsgelçilikler, özara düşünişmezlikler, öýke-kineler, kemsitmeler çykyp başlaýar. Ozal eje-kakanyň aladasy bilen gurşalyp ýören ýaşlara, bir-biregiň diňe gowy…

3 minut alar

Dýuna

Dýuna atly romany 50-nji ýyllarda bir haramzada ýazýar we şol roman dünýä edebiýatynyň klassiki eserleriň sanawuna girýär. Romanyň gysgaça mazmuny şeýleräk: —Gelejekde kosmosda adamzat gaýyp ýör we planetalaryň birinde Spaýs atly güýçli narkotik önýär. Ol narkotiki ulanýan adam adatdan daşary bilgiç, ekstrasens bolýar. Şol planetaň ady Arakis we ol ýeriň ýaşaýjylary biziň Araplarymyzy ýatladýar. Dýuna roman meň gowy görýän kitaplarymyň hataryna girýär we bir näçe gezek okalan. Dogrysy kitaby näçe okasamda ondaky "zäheri" diňe ýaňy…