Gyzykly

"ILkinji we iň soňky söýgüm".Hökman doly okan durmusda hakyky bolup geçen waka.

Tomusyn yssy howasyndan yene aylanyp güýz pasly geldi biz bolsa güýz paslyna şeýle bir tayyarlykly geldik sebap ol pasyl bizin mekdebimiz baslayardy .Tomusuň soňky aýy awgustda okuwymyz üçin täze eşikdir galam rucka alysdyrypdyk men 11-njy synpa baslayardym seydip mekdebin ilkinji güni hem baslady biz ähli kylasdaşlarymyz bilen bir klasda oturduk ,gapy açylyp mollymymyz gapydan girdi yanyndada bir gyz bardy mollymymyz ol gyzy bizin bilen tanyşdyrdy ol gyzyn ady Gözel eken ol edil ady ýaly özem…

Gyzykly we Psihologiki maglumatlar

1.Bedeniň gan üpjünçiligi bolmadyk ýeke-täk bölegi gözüň kellesidir. Ol kislorody göni howadan alýar. 2.Adam nähili akylly bolsa(zehin tarapdan) şonça-da çalt pikirlenýär we el ýazgysy hem şonça düşnüksiz bolýar. 3.Sizi gorkuzýan zatlary etmek, sizi has bagtly eder. 4.Iki dille gürleýän adamlar bir dilden beýlekisine geçenlerinde hem häsiýetini üýtgedip bilerler. 5.Syýahat etmek beýniniň saglygyny gowulaşdyrýar we ýürek agyry we depressiýa howpuny peseldýär. 6.Adamlar üýşüp otyrkalar bir zada gülseler, her kim öz halaýan adamyna sereder. 7.Adam beýnisi dünýädäki…

Gyzykly we Psihologiki maglumatlar

Barlyk taglymaty, barlyk kategoriýasy we Aristotel

Näme zada barlyk diýip bolar? Bar zadyň hakykatdan hem bardygyny nädip bilmeli? Gyzykly soraglar gerek?! Barlyk sözi, anyk düşündiriş bererden çylşyrymly söz. Ol düşünje, aňladylýan ýagdaýa görä giň hem-de dar manyda ulanylýar. Giň manyda barlyk bu – biziň daş-töweregimizi gurşap alýan OBÝEKTIW reallykdyr (ideal hem material barlyklaryň ählisi degişli). Dar manyda alynanda, duýgy organlary bilen alynan maglumatlar esasynda aňymyzda peýda bolýan şöhlelenmedir ( SUBÝEKTIW häsiýetli) Barlyk düşünjesiniň esasy kriteriýalary wagt, giňişlik we hereketdir. Eger bir…

Barlyk taglymaty, barlyk kategoriýasy we Aristotel

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Iň köp eşidýän zatlarym: okajak, baýajak, biznes etjek, gowy ýerde işlejek, abraýly hünäriň eýesi boljak, abraý gazanjak, tanymal boljak, lukman boljak, komitetşik boljak, ministr boljak we ýene köp zat... Näme sebäpden adam boljak diýýänler az-azka?.. Ýa-ha biziň hemmämiz ynsanlygyň aňrybaş nusgasy ýa-da ynsanlygyň ýüz garasy! Ýokarky arzuwlary eşidesim gelenok! Özümem ýokardaky arzuwlar bilen ýaşamok. Gymmatlyk meniň gözümde adam eli bilen elläp bolmaýan zatlarda. Eger sen bir zady alyp bilýän bolsaň (gazanyp däl), onda ol gymmatlyk…

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Paradoks

Paradoks - kabul edilen umumy pikire, ylmy kadalara ters gelýän we şonuň ýaly-da sagdyn pähime garşylykly bolýan, özbaşdak bir pikir. Bu söz grek dilinde parádoxos , latyn dilinde paradoxum diýen sözlerden gelip çykyp "ynanyp bolmaýan" diýmegi añladýar. Paradokslarda adaty kabul edilen düşünjelere, hatda öz-özüne garşy gidýän pikir öñe sürülýär. Ilkiniji paradoks takmynan 1530-1540-njy ýyllarda ulanylýar. Paradokslar adamlary gyzyklandyrýan düşünje, sebäbi olar bizi durup pikirlenmäge mejbur edýär. Olar syrly, käwagt bolsa olara düşünmek kyn bolýar. Mysal…

Paradoks

Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Zigmund Freýd, Awstriýaly psiholog, lukman, psihoanaliz taglymatynyň esaslandyryjysy, 1856-njy ýylda Fraýberg şäherinde dünýä indi. Ol filosofiýa we psihologiýa ylmyna örän uly goşant goşan özboluşly şahsyýetdir. Onuň aýdanlary döwründe ýazgarylsa-da, häzirki döwürde içgin öwrenilýär we psihologiýada giňden ulanylýar. Ol öz işlerinde adamy, onuň işjeňligini, medenileşmegini we tutuş medeniýeti emele getirmegini beýan edipdir. Gyzyklanýan ugry: filosofiki antropologiýa. Zigmund Freýd Freýdiň tassyklamagy boýunça adam öz haýwan ata-babalaryndan nesil boýunça alýan instinktiw meýilleriň, ilki bilen jyns we özüňi halas…

Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Hereket etmek näşükürlikmi?... Ýa-da şükür barada gysgaça

Şu makalany ýazmak meniň üçin diýseň kyn düşdi... Sebäbi üstünde oýlanasy meseleler kändi. Şükür etmekligiň bir gyrasy dini mowzuklara deginip geçýändigi sebäpli, diýseň inçe pikirlenmäge we ýaşulylardan, halypa-mugallymlardan bu hakda soramaga mejbur boldum. Iň soňunda alan maglumatlarymyň ählisini jemläp, umumy bir galyba sygdyrmaga çalyşdym. Ynha netijesi: Ilki bilen oýlanylmaly we jogaplanylmaly soraglar şular: "Şükür näme? Şükür etmek nämä gerek?" . Şükür - bu minnetdarlyk duýgusy. Şükür etmek - eliňde bar bolan zatlara minnetdarlyk duýmak hadysasy.…

''5 maýmyn" barlagy

''5 maýmyn" barlagyny (iňlisçe: Five monkeys expriement) öň eşiden bolmagyňyzam mümkin. Bu barlag Jorj Robert Stefenson tarapyndan geçirildi diýlip çaklanylýar. Barlag şeýle amala aşyrylýar: Bir uly kapassa 5 sany maýmyn salýarlar we ýokary banan goýulýar. Maýmynlaryň biri ol banany dyrmaşyp aljak bolanda 5 maýmyna hem güýçli basyş bilen suw sepilýär. Bu ýagdaý 2-3 gezek gaýtalanýar we indi dyrmaşan maýmyn suw sepilenden soňra galan 4 maýmyn tarapyndan urulýar. Birgün 5 maýmynyň birini çykaryp, ýerne hiçzatdan habarsyz…

''5 maýmyn" barlagy

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

- Aňlamak üçin aň gerek, pikirlenmek üçin beýni... ýatlamak üçin hatyra. Hakydamdan gitmedigiň pursat, sen hemişe ýadymda... "Geçmiş ömürler"... Biraz bu film hakynda ýazasym geldi. Çuň manyly we kän zadyň üstünde oýlanmaga mejbur eden filmlerden biri. "- Eger bir adam beýleki biri bilen duşuşan bolsa, onda olary geçmiş ömürleriniň birinde inýen baglandyr..." Ine, şu sözlem "Geçmiş ömürler" filminiň pelsepewi tarapyny doly beýan edýär. Film aslynda durmuşyň manysy, bagt, iş durmuşy, arzuwlar, "men-iň" gadyry, ruhy gymmatlyklar…

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

Filosofiýanyň esasy meselesi. Dünýä akyl ýetiriş, gnoseologiýa

Gnoseologiýa - dünýä akyl ýetirmek hakynda taglymat. Ol "bu dünýä akyl ýetirip bolarmy ýa-da ýok?" diýen soragyň jogabyny derňeýär. Gnoseologiýada adamlaryň bu dünýä akyl ýetirmäge çalyşmakda saýlaýan usuly boýunça, olar esasan optimistlere, pessimistlere, agnostiklere we skeptiklere bölünýär. Optimistler , bu dünýäniň ähli syrlaryna akyl ýetirip boljakdygyna ynanýarlar. Optimistler bu dünýäde sebäpsiz we manysyz zat ýok diýip hasap etýärler (eger bir zadyň manysy bar bolsa, oňa akyl ýetirip bolar). Olaryň pikiriçe adam aňy hemme zady başarýar…