Taryh

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa Disclaimer: (Dykkat dykkat, üns beriň!) blogda siziň şahsy pikirleriňize we dünýägaraýşyňyza ters pikirleriň bolmagy mümkin. Öňünden duýdurmady diýmäň. 😌🙌 Bugünki temamyz patyşa täji barada bolar. Eýsemde patyşanyň täji näme? Täç monarhyň (patyşanyň, soltanyň, emiriň we ş.m) güýç gudratynyň simwoly. Ýönekeýje hiç zada peýdasy degmeýän täç nädip patyşa güýç gudrat bagyş edip biler? Ritual (ýagny täçgeýdirmek dabarasy) arkaly. Täç geýdirýän boljak patyşaň ýanyna golaýlaýar we täji geýdirýär. Edil şol wagty hamala…

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa

Dünýäniň ýedi täsinligi.

Medeniýet hakynda söz açylanda,ynsanyň döreden ajaýyp,nepis medeni gymmatlyklary we olaryň aýry-aýry görnüşleri barada-da gürrüň etmek zerurdyr. Medeniýetiň taryhynda "Dünýäniň ýedi täsinligi" diýen düşünje saklanyp galypdyr. Dünýäniň ýedi täsinliginiň esasy aýratynlygynyň biri hem olaryň baryp gadymy zamanlarda döredilmegidir. Ýogsa-da dünýäniň ýedi täsinligi diýlende,nämeler göz öňünde tutulýar. Olar haçan,nirede,kim tarapyndan döredildika? Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1.Heopsyň piramidasy.Bu ajaýyp ýadygärlik Müsürde (Gizada) gurlan iň gadymy we iň uly piramidaň biridir.Bina miladydan öňki 2540-njy ýylda Müsüriň faraony Heops tarapyndan…

Dünýäniň ýedi täsinligi.

Suwy özi dökse-de, Çingiz hana käýedi...

Daşoguz... Köneürgenç... Horezimşalar... Törebeg hanymyň, Soltan Tekeşiň, Gutlug Timuryň, Il-Arslanyň kümmetleri... Bulary görüp, ýüregim gyýym-gyýym bolýar, içim ot bolup ýanýar. Neden mi? Sorma kardeşim. Bir wagtlar gülläp ösen, ylmyň, bilimiň, söwdaň ösen ýeri bolan Horezim, tekepbirligiň, ulumsylygyň, nadanlygyň gurbany bolýar. 1220-nji ýylda Çingiz hanyň hut özi 200 müň goşun bilen, Horezmi kül peýkun edip gidýär. Nedenmi? Sorma kardeşim. Içim ot bolup ýanýar. 1215-nji ýylda Horezim şasy Muhammet şa Mongoliýa bilen dostlykly we söwda gatnaşygyny ýola…

Suwy özi dökse-de, Çingiz hana käýedi...

Sosializm we kommunizm

Türkmenistan 70 ýyla golaý SSSR döwletiniň düzüminde dörän we şol döwletiň gol astynda ýaşan döwlet bolanlygy sebäpli, kommunizm termini bize gaty daş termin bolmasa gerek. Eysem kommunizm bilen sosializmiň arasynda nähili aratapawutlyklar bar, kommunizm kapitalizmiň öňünde näme sebäpler bilen ýeňildi, has wajyby kommunizm ýaly utopik pikir hakykatdan durmuşa geçirilip bilinerdimi, geliň şu soraglara jogap tapalyň. Ilki bilen sosializm we kommunizm sözleriniň manylaryna düşüneliň. Sosializm özeninde öndürilýän bütin harytlaryň, berilýän bütin hyzmatlaryň halka deň derejede we…

Sosializm we kommunizm

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Mona Liza we syýahatçylar. Çeşme: [1] Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.…

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Mugallym

MUGALLYM (hekaýa) Men ony birinji gezek görenimde, gülkünç keşpli artiste meňzedipdim. Ol, hakykatdanam, “Döwranyň başdan geçirenleri” çeper filmindäki Akmyrat Bäşimowyň janlandyran emelsiz çişik gahrymanyna örän çalymdaşdy. Edil şolar ýaly orta boýludy, ylgan wagty semizliginden ýaňa garynlary sallanyp durdy. Ony gören wagtyň sebäp ýok ýerden ýylgyrasyň gelýärdi. Men, hatda, onuň daşyndan göräýmäge şeýle ýakymly halyna näme üçin durmuşda örän gazaplydygyna düşünmän geçdim. Ol käwagtlar başga mugallymlaryň kän bir üns bermän, giňgöwrümlilik bilen ýeňäýjek meselelerinem ulaldybererdi. Ýadyma…

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.

Femida bu adalatlylygyň we deňligiň heýkelidir. Bu heýkeliň heýkeltaraşy näbelli bolsa-da, dünýäniň ähli ýerinde adalatlylygyň nyşanydygy hemmämize mälimdir. Femida heýkeli gadymy grek hudaýy hasaplanýar. Ol adalatlylygyň,deňligiñ hudaýy diyip bilinýär. Femidanyň esasy gurallary: gylyç,mantiýa we göz örtüginden ybarat. Femida heýkeli adalatly zenanyň keşbini suratlandyrýar. Onuň egnindäki eşigine mantiýa diýilýär. Femidanyň çep elindäki terezi adalaty we adalatly deňagramlylygy görkezýär. Libra şekili, kazyýetiň iki tarapynda-da subutnamalaryň adalatly görkezilmegini aňladýar. Adalat ýerine ýetirilýänçä bu deňeşdirmäniň yzygiderli dowam ediljekdiginiň aýdyň…

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.

Meşhur alym Mari Kýuri 1934-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň bedeni we goş-golamlary henizem radiasiýa saçýar

Ylym dünýäsiniň iň möhüm aýallarynyň biri bolan Mari Kýuriniň bedeni we goş-golamlary aradan çykandan bäri geçen 90 ýyla garamazdan, radiasiýa çykarmagyny dowam edýär. Radioaktiwlik boýunça eden işleri üçin diňe bir, iki sany Nobel baýragyna mynasyp bolman, eýsem "häzirki zaman fizikasynyň enesi" diýlip hem atlandyrylýan Mari Kýuri gynansak-da, radioaktiw elementler poloniý we radiý boýunça geçiren barlaglaryndan diri galmady. Bu barlaglar oňa hemişelik ylmy mirasy berse-de, şol bir maddalar hem onuň bedenine hemişelik zyýanly täsirini ýetiripdir. Kýuri…

Meşhur alym Mari Kýuri 1934-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň bedeni we goş-golamlary henizem radiasiýa saçýar

Din we Bilim

Bilim Bilim - adamzat taryhynyñ ilkinji gününden bäri kämilleşip, her döwründe özüniň çäksizligini subut edip gelýär. Daş - töweregimizde görýän we görmeýän zatlarymyzyň ählisiniň aňyrysynda bilim saklanýar. Adamzat bilimden daşlaşdygyça oňa howp salýan zatlardan goranmak mümkinçiligi hiçlige tarap gidýär. Taryhda adamlaryň elmydama gözlegde bolup, daş töwereginde bolup geçýän hadysalaryň sebäbini bilmek isläpdirler. Bir ýere ýyldyrym düşýär. Düşen ýerinde güýçli ses, ot çykýar. Muny gören aň taýdan häzirki zaman adamlary bilen deňeşdirilende has pes derejede bolan…

Din we Bilim

Ýer astynda gizlenip galan täsin esgerler.

Hytaý geçmişi we müňlerçe ýyllyk medeniýeti bilen dünýäniň iň möhüm we taryhy ýurdydyr.Hytaýyň müňlerçe ýyllyk taryhyndan şu güne çenli saklanyp galan köp sanly möhüm ýadygärlikler bar. Terrakota esgerleri ýa-da Sin Şi-Huanyň palçykdan ýasalan esgerleri muňa aýdyň mysaldyr. Bu ajaýyp taryhy ýadygärlik b.e.ön III asyrda ýasalandygy barada maglumatlar bar. Bu goşun, Hytaýyň lkinji Imperatory bolan Sin Şi-huanyň esgerlerini taryp edýär. Bu ýadygärlik ilkinji gezek 1974-nji ýylda işläp ýören daýhanlaryň görmegi esasynda ýer ýüzüne çykýar. Goşundaky heýkeller…

Ýer astynda gizlenip galan täsin esgerler.