4 minut alar
Ekizler paradoksy ýa-da gelejege syýahat mümkinmi?
Ekizler paradoksy. Surat [5] salgylanmadaky kitapdan adaptirlenen. Aýdaly Hydyr we Ylýas atly ekizleriň ikisi hem 20 ýaşynda. Hydyry Ýerde galdyryp, Ylýasy bolsa dünýädäki iň uly tizlige - ýagny ýagtylygyň tizligine - golaý tizlik bilen hereket etýän kosmos gämisine mündirip 11 ýagtylyk ýyly uzaklykda bolan ýyldyza syýahata ugradylypdyrlar diýip göz öňüne getireliň. A. Eýnşteýiniň ýörüte otnositellik teoriýasyna görä wagtyň geçiş tempi (depgini) her bir ulgamda dürlidir. Ýagny ýerdäki gözegçä görä ýagtylygyň tizligine golaý tizlik bilen hereket…
