Ylym

Geñ galdyryjy maglumatlar

1.Eger adamyn gözi bir kamera bolsady onda 576 mega piksel bolardy. 2.Çalt gaharlanyan adamlar köpsi gaharly däl streslidir. 3.Dünýäde adamlaryñ sanyndan towuklaryñ sany köpdür. 4.Ýylanlaryñ eşdijilik ukyby ýokdyr. 5.Balykgulagyñ 25.000- e golaý dişi bolýar. 6.Eger 3 minutlyk sowuk duşa girseñiz onda 40 kalori ýakarsyñyz. 7.Ýangyn söndüriji enjamy kimiñ oýlap tapany belli däl. Sebäbi patenti ýangynda ýok bolupdyr. 8.Eger myşsañyz (pres) güýçli derejede agyrýan bolsa onda; nemli palatensany mikrawolnowkada 30 sekuntlap gyzdyryñ. Soñra agyrýan myşsañyza ýapyñ.…

Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Zigmund Freýd, Awstriýaly psiholog, lukman, psihoanaliz taglymatynyň esaslandyryjysy, 1856-njy ýylda Fraýberg şäherinde dünýä indi. Ol filosofiýa we psihologiýa ylmyna örän uly goşant goşan özboluşly şahsyýetdir. Onuň aýdanlary döwründe ýazgarylsa-da, häzirki döwürde içgin öwrenilýär we psihologiýada giňden ulanylýar. Ol öz işlerinde adamy, onuň işjeňligini, medenileşmegini we tutuş medeniýeti emele getirmegini beýan edipdir. Gyzyklanýan ugry: filosofiki antropologiýa. Zigmund Freýd Freýdiň tassyklamagy boýunça adam öz haýwan ata-babalaryndan nesil boýunça alýan instinktiw meýilleriň, ilki bilen jyns we özüňi halas…

Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Mona Liza we syýahatçylar. Çeşme: [1] Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.…

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Barlyk taglymaty, barlyk kategoriýasy we Aristotel

Näme zada barlyk diýip bolar? Bar zadyň hakykatdan hem bardygyny nädip bilmeli? Gyzykly soraglar gerek?! Barlyk sözi, anyk düşündiriş bererden çylşyrymly söz. Ol düşünje, aňladylýan ýagdaýa görä giň hem-de dar manyda ulanylýar. Giň manyda barlyk bu – biziň daş-töweregimizi gurşap alýan OBÝEKTIW reallykdyr (ideal hem material barlyklaryň ählisi degişli). Dar manyda alynanda, duýgy organlary bilen alynan maglumatlar esasynda aňymyzda peýda bolýan şöhlelenmedir ( SUBÝEKTIW häsiýetli) Barlyk düşünjesiniň esasy kriteriýalary wagt, giňişlik we hereketdir. Eger bir…

Barlyk taglymaty, barlyk kategoriýasy we Aristotel

Bilim ýatdan çykar, emma halypa hiçwagt

Ol gün beýleki günlerden biraz tapawutlydy. Okuwçylaryň çekindikleri ýöne hosdarlary deýin gowy görýän mugallymlaryndan käbirleri ýokdy. Okuwçylaryň arasynda dürli görnüşde gepler bardy. Şonda hem olaryň gelmeklerine umyt bilen garaşýanlar bardy. Olardan biri hem Alydy. Aly mekdebiň abraýyny bilimi bilen ösdürmäge jyrjaşýardy. Onuň mugallymdan ýakyn halypasy Kemal mugallymyň hem bugün soňky ders berdigi gün boljakdy. Emma mundan Aly bihabardy. Kemal mugallym Aly we dostlaryny dersden soň ýanyna çagyrdy. Durmuşa söýgi bilen seredýän bu oglanlar belki bugünden…

Bilim ýatdan çykar, emma halypa hiçwagt

Dýuna

Dýuna atly romany 50-nji ýyllarda bir haramzada ýazýar we şol roman dünýä edebiýatynyň klassiki eserleriň sanawuna girýär. Romanyň gysgaça mazmuny şeýleräk: —Gelejekde kosmosda adamzat gaýyp ýör we planetalaryň birinde Spaýs atly güýçli narkotik önýär. Ol narkotiki ulanýan adam adatdan daşary bilgiç, ekstrasens bolýar. Şol planetaň ady Arakis we ol ýeriň ýaşaýjylary biziň Araplarymyzy ýatladýar. Dýuna roman meň gowy görýän kitaplarymyň hataryna girýär we bir näçe gezek okalan. Dogrysy kitaby näçe okasamda ondaky "zäheri" diňe ýaňy…

Ekizler paradoksy ýa-da gelejege syýahat mümkinmi?

Ekizler paradoksy. Surat [5] salgylanmadaky kitapdan adaptirlenen. Aýdaly Hydyr we Ylýas atly ekizleriň ikisi hem 20 ýaşynda. Hydyry Ýerde galdyryp, Ylýasy bolsa dünýädäki iň uly tizlige - ýagny ýagtylygyň tizligine - golaý tizlik bilen hereket etýän kosmos gämisine mündirip 11 ýagtylyk ýyly uzaklykda bolan ýyldyza syýahata ugradylypdyrlar diýip göz öňüne getireliň. A. Eýnşteýiniň ýörüte otnositellik teoriýasyna görä wagtyň geçiş tempi (depgini) her bir ulgamda dürlidir. Ýagny ýerdäki gözegçä görä ýagtylygyň tizligine golaý tizlik bilen hereket…

Ekizler paradoksy ýa-da gelejege syýahat mümkinmi?

Näme üçin Marsa uçmaklyk - samsyk pikir?

Çeşme: NASA/JPL/Cornell Elon Muskyň Marsa uçmak baradaky häzirki wagtdaky öňünde goýýan maksatlary örän täsirli hem-de ruhlandyryjy. Ýöne hemme zada dogry hem-de ylmy esasda garap, realist bolmaklyk zyýan bermezmikä diýýän. We bu makalada siziň Marsda koloniýa etmeklik höwesiňizi basyp ýatyrmak niýetimem ýok. Meni pessimistlikde aýyplap bilersiňiz ýöne şu aşakdaky sebäplere görä men Marsa uçmaklygy samsyk pikir hasap etýärin: 1. Marsdaky ýaşaýyş şertleri Ýeriň magnit meýdany we atmosferasy bizi günden gelýän zyýanlyk şöhlelenmelerden we ownuk meteoritlerden goraýar.…

Näme üçin Marsa uçmaklyk - samsyk pikir?

Göwün - süňkden gaty, etden ýumşak...

Adam bolaýşyňy diýsene?! Her zady göwnüňe alyp ýörsüň! Nämä gerek şu?! *** Adam bolaýşyňy diýsene?! Hiç bir zady ýüzüňe-de alaňok! Göwün bir barmy sende?! Iki ýagdaý, biri - biriniň tersi... Ýöne ikisi hem şol bir adama degişli, ýagny bize degişli... Eýsem, göwne degmek näme diýmek bolýar? A göwün näme bolýar? - Oýlanyp gördüňizmi? Belki oýlanansyňyz, belki-de ýok. Belki ýürek, kalp, göwün, köňül - hemmesine birzat ýaly seredýänsiňiz? Eger şeýle bolsa - sizi geň galdyryp bilerin…

Kibermedeniýetiň adamlaryň durmuşyna ýetirýän täsiri

Kibermedeniýetiň düşündirilişi 4-nji senagat öwrülişiginiň dowam etmegi bilen internet tory durmuşymyza uly täsir döretdi. Şunlyk bilen adamlar online bilim öwrenip, wideo görüp, aýdym diňläp we ş.m ýerine ýetirip bilýär. Internet elbetde biziň günlik durmuşymyzy üýtgedýär, ýöne şol bir wagtda adamlaryň düşünjeleriniň we olaryň öz aralaryndaky gatnaşyklarynyň üstünde hem uly täsir galdyrýar. Şübhesiz internet biziň günlik durmyşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Internet tor tehnologiýalary beýleki tehnologiýalardan tapawutlylykda adamlaryň durmuşynyň her tarapyna täsir edýär. (Adamlaryň gatnaşyklary, özüni…