Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Göwün - süňkden gaty, etden ýumşak...

3 minut alar

Adam bolaýşyňy diýsene?!

Her zady göwnüňe alyp ýörsüň! Nämä gerek şu?!

***

Adam bolaýşyňy diýsene?!

Hiç bir zady ýüzüňe-de alaňok! Göwün bir barmy sende?!


Iki ýagdaý, biri - biriniň tersi... Ýöne ikisi hem şol bir adama degişli, ýagny bize degişli...

Eýsem, göwne degmek näme diýmek bolýar? A göwün näme bolýar? - Oýlanyp gördüňizmi?


Belki oýlanansyňyz, belki-de ýok. Belki ýürek, kalp, göwün, köňül - hemmesine birzat ýaly seredýänsiňiz? Eger şeýle bolsa - sizi geň galdyryp bilerin - bularyň hersi aýratyn zat. Birmeňzeş many aňladýan ýaly görünip bilerler, emma beýle däl, hersiniň aňladýan aýratyn hal-ahwaly bar. Meselem, ýürek - bu adamyň bedeninde gan aýlanyşygy üpjün edýän organ. Kalp - ylhamyň gelýän ýeri. Köňül - ruhy ahwallary (wyźdan, ynsap, nebis...) saklaýan we sazlaýan ýer. Göwün - ynsan ruhunyň ýerleşýän ýeri. Umuman, bularyň her haýsy başga bir wezipäni ýerine ýetirýän aýratyn gurluş ( käbiriniň ýeri we barlygy nämälim, sebäbi bu meniň öz çaklamam we idealistik nukdaýnazardan düşündirilýär). 


P.S. Aýdylanlara delil hökmünde hiç zat getirip bilemok, emma gündelik durmuşda ulanylýan söz düzümleriniň manylaryny açyp seretsek, şular ýaly netije çykarmak mümkin. Makalada aýdylýan zatlar meniň şahsy subýektiw düşünjäm we bu düşünjeleriň kemala gelmegine okan kitaplarym, şahsy pikir ýöretmelerim netijesinde ýetdim. Eger ýerlikli tankyt bolsa, makala çekişmä açyk diýip belläp geçmek isleýärin.


Geleliň, "göwne degmek" meselesine. Eger göwün ynsan ruhunyň ýerleşýän ýeri bolsa, onda göwne degmek bilen biz biri-birimiziň ruhuna "degýärismi"? Hawa, hut şeýle. Biz köplenç, diýýän sözlerimiz, sergileýän hal-ahwallarymyz bilen göwne degýäris. Ynsan ruhy hem adatça, ses we şekil arkaly maglumat kabul edýär (meselem, ýakymly we duýgular bilen beslenen sazlary diňlän wagtymyz "ruhuma ýylylyk girdi" ýaly jümleleri ulanýarys). Ýagny, ynsan ruhy hem daşardan gelýän maglumatlara açykdyr we oňa garşy öz reaksiýasyny görkezip bilýär. Bu reaksiýalar köplenç, adamyň psihikasynda şöhlelenýär we döreýiş sebäpleri näbelli duýgular ýa-da hal-hereketler görnüşinde daşarky dünýä öz täsirini ýetirýär. Käwagt - köpimizde belki bolýandyr - ýersiz ýere öýkeleýäris ýa-da dartgynly (gaharly) halda gezýäris. Munuň sebäbi, ruhumyzyň ynjydylandygy bilen bagly. Şonuň üçin, ruhumyzy ynjytmalyň! Sebäbi, Ýaradan bilen ýaradylanyň arasyndaky baglanşygy saklaýan ýeke-täk barlyk - biziň ruhumyz ahyry! 


Indi, şu ýerde, göwne nämeler ýa-da kimler degip bilýär diýen soraga geçeliň. Jogaby görünip dur, elbetde, özümizi kime ýa-da nämä açan bolsak şolar hem göwnümize degip bilýär. Olar ýakynlarymyz, dostlarymyz, hossarlarymyz, joralarymyz, kumirlerimiz... bolup bilerler. Bu adamlara garşy biz köplenç goragsyz bolýarys, sebäbi biz olara özümiz köňlümiziň töründe ýer berdik. Başgalary bolsa köňlümize - düşnükli bolar ýaly "özümize" diýeýin - ýakyn duýmaýandygymyz sebäpli, köplenç ignor edýäris, ýüzümize ýakyn kabul etmeýäris. Şonuň üçin hem göwne ötegçiler ýa-da tanyşlar degip bilmezler. Olardan göwnümizi köňül we aň goraýar. Şonuň üçin hem, käte göwün "süňkden gaty" bolaýýar. 


P.S. Aslynda, göwne diňe adamlar däl, başga zatlar hem degip biler. Esasy şert, ýaňy hem belläp geçişim ýaly, şol zadyň bize "ýakyn" bolmagy.


Umuman, göwnüňize degmejek adamlar bolsun daş-töweregiňizde. Ruhuňyzy ynjytmajak adamlar bolsun, sizi we ruhuňyzy gözüniň göreji ýaly gorajak, geljege hem şol göreç bilen seretjek adamlar gurşap alsyn daş-töweregiňizi. Özüňizi we göwnüňizi her kişä açmaň, ýogsam ruhuňyz birahat bolar.


13.01.2024ý - 11.03.2024ý 

Joraýew Babageldi "Ylmy gözlegler"

230 |
|