Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sessizlik.

2 minut alar

Bilmedim. Şu gezekki aýtjaklarym bilen menem ylalaşyp baramok. Ylalaşýanam. Dogram. Ýalňyşam. Bilmedim. Bilemok. Sen aýt.

Salamlaşykdan, gepleşigiň adaty "gowumy-gowy"-syndan soň sessiz bolaýsaň soraýar çyny bilen, "gowumy' diýip. Sessiz galmaweri. "Gowy" diý we gürrüňdeşligi başga zada sow derrew. "Gowy" diýseň näme üçin diýmez. Gowy diý, sessiz galan ýaly şol.

Hä, erbet bolsam näme üçin aýtmaýyn? Aýt, derdiň ýeňlär. Ýok. Ýeňläýenok. Diýäýjek zady "mes bolýaň" ýa-da "wi ola bolmandyr". 

Jaň gelýär, näme üçin alaňok? Alsam bergili çykýan. Ony edip ber, muny edip ber bolýar. Etjek! Wah bir gadyr bilinse ýöne!

Pylanyny tanaýaňmy? Nähili kişi? Sessiz galaýyn özüň düşün. Gowy bolan bolsady sözüň gutarmaka öwüp başlardym! Bilemok diýsem aldadygym bolar. Bilýänimi aýtsam gep etdigim we "aý pylany pylanyny ýigrenýär" diýerler!

Diňe iliň berýän soragyna däl, öz-özüme berýän soraglarymda hem sessiz galýaryn, içimden geplesemem. Sessizligim hem sessiz. Tüýs lal bolupdyryn. Derdimi kime aýdaýyn? Näme üçin aýdaýyn? Özümden peýda ýok ol-a il eken. Ejem??? Ejeme aýtsam? Ýokla... Oňam derdi ýetik. Birem oglunyň biderejik derdini goşsunmy kitabyna? 

Wah al meniň kitabymy ýak. Ýöne olam dert goşar ejemiň kitabyna. Belki ýyrt şol biderek sahypany? Täzeden başlaý? Näçe gezek etdim. Ýöne-de bir ýyrtmak bolarmy? Kitapdaky sahypa gutarjak ahyry!

Sessizligiň ýany bilen ulanylýan gowy zat bar. Ajy ýylgyryş. Ajy ýylgyryş. Hawa. Soragyňa jogaby gaty gowy bileňsoňam aýdyp bilmän ýekeje edäýjek zadyň ajy ýylgyryş. Nädip düşündireýin? Ajyja ýylgyraýýaň-da!

Soňkyja mysal. Sessizligiň peýdasy barada. Belki kakamdan geçendir bu sessizlik. Bir zat sorasaň, halamasa bolýa diýmez. Wah, ýogam diýmez. Sessiz bolar. Ne eýläk, ne beýläk. Etjegiňem bileňok, etmejegiňem. Ejem aýtmyşlaýyn, kakaň ýaly bol. Ne ejeň gepini gelniňe ýetir, ne gelniň gepini ejeňe!

Aýdýana, men sessizligiň tarapdary. Ýöne, öz-özüme sessiz bolup bilemok. Öz-özüm bilendäki sessizlik meni iýýär. Sowallaryma jogap ýok. Dileýän. Ýetenok. Wagty däl. Wagty gelensoň bolar hemme zat! Oka täzeden şu abzasy. Her nokatdan soň sesiňi gatalt. 

Ana, içimdäki sessizlik şeýdip gohlaşýar. Gohlaşýar..? Goh..? Sessizlik we goh? O nähili? Şeýle-dä şol. 

Bileňokmy? Sessizlik, iň uly gohdyr

- Friday, AUG 13, 2021

196 |