Teswirler (0)

Ýüklenýär...

UMYT🤔

1 minut alar

UMYT

Näme üçindir köpümiz "umyt" biz üçin meselämize (problem) položitel netije beriji diýip düşünýäris. Eger bir gezek gowy netijä getirmese umyt etmegi taşlap başlaýarys, durmuşdan sowaşýarys. Bu ýagdaýlara gelmegimiziň bir sebäbi bar. Bize oýunyň başynda düzgünleri ýalňyş berdiler. Umyt - ýykalan ýeriňden galdyryjy güýçdir. Menzile ýetip-ýetmezlige ol däl, seniň ädimleriň sebäpdir. Ädimleriň näçe köp, uzyn, ynamly ätleseň menzile ýatersiň. Umyt silkinip, özüňe gelmegiň sebäbidir. Ýene-de ýykylaryn diýip, aýaga galmakdan çekinme. Şertler näçe kesirleşse, sende ol derejden kem galma. 

Umydy başgaça aýtsak, hany asyl netije otrisatel bolsa-da položitel görkezýän äýnekdir. Meselem, açyk meýdançada ileri seredemizde ýer bilen asmanyň birikýändigini göreris. Ýöne näce ilerlesek-de netije üýtgemez. Ýer bilen asman birikmeýäni bize mälimdir, ýöne ileri seredemizde ol netijäni görkezmez bize. Edil umyt hem şeýle birzatdyr. Käwagt netijäni almak ähtimallyk 0 bolsa-da bes etdirmeýär.

"Umytsyzlyk bize haramdyr." 

Hz. Muhammet (s.a)

by Passenger ☝🏻

Asmanda ýyldyzlar hemişe bar, ýöne biz olary açyk howaly gijelerde görüp bilýäris. Umyt beriji adamlar hem şeýledir. Ýagşy gowy günlerimiz gündizlere meňzeşdir, şol sebäpden ol adamlara mätäç duýmaýarys. Özümizden, ýaşamakdan ýadan wagtymyz bulutly gijelere meňzeşdir, olar görünmek isleseler-de biz boýun gaçyrarys. 

Asyl ýyldyzlar olar bizi aýaga galmagymyza sebäp bolanlardyr. Eger şeýle bir adam durmuşyňyza giren giç bolmazdan gadryny biliň. 

Çünki ýyldyzlaryň ömri hemişelik däldir.

Makala barada pikiriňizi paýlaşmagy unutmaň!

112 |
|