Okuw

Mekdep kitaplarynda özgeriş

Ýaňy ýakynda başlangyç synplarda zähmet, sungat, aýdym dersleri boýunça hem aýratyn kitaplarynyň bardygyny bildim. Bu derslerden kitap bolmalydyram öýdemokdym. Aýdym kitabynyň ýarysy aýdym, ýarysy hem şol aýdymlaryň notalary. Aýdymyň aýdylşyny bilmeseň, notalaryny tanyş kompozitoryňa suratyny ugradyp sorap bolýar. 1990-njy ýyllaryň başynda başga harytlar bilen bir hatarda mekdep kitaplary hem gytlyk edip başlady. Käbir sapaklardan 2 adama bir kitap berilýärdi. Başda başda oglanlar zähmet otagyna, gyzlar tikin otagyna girip el hünäri öwredilerdi. Soň soňlar bolsa mugallym…

Mekdep kitaplarynda özgeriş

Durnukly ösüş maksatlary

Iýun aýynda BAE-nyň ilçihanasynda BMG-nyň howanyň üýtgemegi konferensiýasyna (COP) bagyşlanan “ Dubaýdan Bakuwa barýan ýol: COP29 taýýarlyk ” atly ýygnak geçirildi. Bu ýerdäki ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri we bu işdäki ornuny işjeň ara alyp maslahatlaşdylar. Bu waka, Bakuwda boljak COP29-zy üstünlikli geçirmek üçin möhüm ädim boldy. Dubaýdan Bakuwa barýan ýol: COP29 taýýarlyk Şeýle hem, iýun aýynda Aşgabatda “ Täze DÖM ilçileriň ” (Durnukly ösüş maksatlar) wezipä geçiş dabarasy geçirildi. Durnukly ösüş maksatlary üçin…

Durnukly ösüş maksatlary

#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň

Programmirleme – bu belli bir programmirleme dilleri ulanyp, kompýuter programmasyny düzmek prosesidir. Şu wagtky döwürde programmirleme iň gerekli hünärleriň biri bolup durýar we tehnologiýalaryň ösmegi bilen bu hünäriň wajyplylygy ösýär. Programmirlemegiň kömegi bilen her dürli programmalary, oýunlary, web-sahypalary we başgada köp zatlary ýasap bolýar. Bu bize köp prosesleri awtomatlaşdyrmaga we köp ugurlary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Islendik programmirleme diliniň öz aýratynlyklary we ulanylýan ýerleri bar, şonuň üçin programmirleme dili saýlaňda etjek zadyňa görä saýlamaly. Ýöne islendik…

#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň

Amerikada master OKAJAKlara

Bu makala bakalawryny dünýäniň islendik ýerinde tamamlap indi master üçin Amerika gelmek isleýän we çyndan okamak isleýänlere degişli. Iş maksatly we beýleki maksatly soraglar bu makalada we mende jogap tapmaýar. Giriş duýduruşynam beren bolsak başlalyň. Bilşiňiz ýaly Amerikada okuw tölegleri tölärden gymmat, ýöne şonda-da okap ýören ep-esli daşary ýurtly talyp bar. Bular puly nireden tapýalar. Daşyndan gelýän master okuwçylary üçin esasy we gowy çözgüt Teaching Assistantship. Teaching Assistant käri köp uniwersitetleriň hemme bölümlerinde diýen ýaly…

Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik

Guwanç bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin itergi: Guwanç Nurgeldiýew Türkmenistanyň kiçeňräk bir şäherinde doglan ýigit. Ol Türkiýäniň Marmara uniwersitetinde Kompýuter bilimi we görkezme tehnologiýalary ugruny gutardy. Onuň bilim alan derejesiniň programmirleme bilen baglanyşygy ýokdy we okan uniwersiteti dünýäde o diýen meşhur däldi. Şeýlelikde, kompýuter inženeri bolmak üçin oňa şertler gaty oňaýsyzdy. Soňra, bu päsgelçiliklere garamazdan, Guwanç Türkiýede programma üpjünçiligi ugrundan öz karýerasyna ädim basmagy başardy we Ýewropada halkara derejesinde ykrar edilen kompaniýalara işe girmek bilen ony…

Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik

Germaniýada magistratura (Master’s degree) derejesini okamagyň usullary

Bellik: Makalanyň asyl nusgasy Penjire arkaly Medium.com-da çap edildi: https://medium.com/penjire/germaniýada-magistratura-masters-degree-derejesini-okamagyň-usullary-b2355206ced4 Salam gadyrdan ildeşler! Geçen hepde okuw otagymda çaý owurtlap, ertire ýetişdirmeli hat-peteklere syn edip otyrkam, tanyşlarymdan biri menden Germaniýada magistratura okamak barada maslahat sorady. Soňky 2 aýyň içinde bu hakda maňa berlen soragyň onunjysydy. Ildeşlerimden beýle gyzyklanmany ýygy-ýygydan almagym diýseň begendirdi we bu pursatdan peýdalanyp türkmen dilinde makala ýazmaga karar berdim. Bremen, Germaniýa Häzir men Germaniýanyň Bremen şäherinde magistratura derejesinde okaýaryn. Şol sebäpli bu makala…

Germaniýada magistratura (Master’s degree) derejesini okamagyň usullary

Armanda galan okuw saparlary (2-nji bölüm)

2017-nji ýylyň tomus dynç alşynda ejem we Ejeş ejekem (kakamyň jigisi) bilen myhmançylyga gitdik we ol ýerde aşgazanyma sygmasada zaýa etmejek bolup dogramany soňuna çenli iýdim. Ýolda daş çykasym geldi, emma ejemiň ejekem bilen ýene bir ýerlere degmek kararyna ýok diýip bilmän, öýe barýançam çydadym. Içim çişip gitdi, ahyr zordan öýe ýetdim. Agşam ýene içim çişip ýatyp bilmedim, aňyryma-bärime togalanyp özüme ýer tapmadym. Ýüregim bulanyp, demim demime ýetmän ugranda ejemi turuzyp, tiz kömegi çagyrmagyny haýyş…

Haýsy dil synagyny saýlamaly?

IELTS we TOEFL, iňlis dili synagdan geçirýän iki sany halkara dil synaglarydyr: okamak, diňlemek, gürlemek we ýazmak yaly dört sany bölekden duryar. Daşary ýurtda okamak ýa-da işlemek isleseňiz, bu synaglaryň netijelerini bermeli bolarsyňyz. Haýsy ekzamen siziň üçin iň gowy saýlawdygyny we IELTS bilen TOEFL arasyndaky tapawudyň nämedigi hakynda pikiriňiz yok bolsa okamaga dowam ediň! Azajyk uzyn bolup biler ýöne kömegim deger diýip umyd edýän. 1.TOEFL we IELTS synaglaryň tapawudy: IELTS -iň iki görnüşi bardyr: akademiki…

Haýsy dil synagyny saýlamaly?

Özüňe ynam.

Bagtly we manyly durmuş üçin özüňe ynam gerek. Özüňe ynam - özüňe we durmuş ýagdaýlaryňa oňyn we hakykatçyl garamaga mümkinçilik berýän garaýyşdyr. Özüne ynamly adamlar öz ukyplaryna ynanýarlar, durmuşyna gözegçilik edýärler we isleýän, meýilleşdirýän we garaşýan zatlaryny edip biljekdigine ynanýarlar. Özüňe ynamy nädip ösdürmeli? 1. Az gorky we az alada Näçe ynamly bolsaňyz, "muny edip bilemok" diýýän içki sesi çalt köşeşdirip bilersiňiz. Negatiw pikirlerden daşlaşyň we gymmatlyklaryňyza we meýilnamalaryňyza görä hereket ediň. Öz-özüne ynamsyzlykdan ejir…

Özüňe ynam.

#3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi

Salam hemmäňize, şu makalada üýtgeýän ululyklar we olaryň görnüşleri barada gürrüň beriler. Makalany okap başlamakdan öň " #2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include) " makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. Ýönekeý dilde aýdamyzda üýtgeýän ululyk ( rus dilinde : переменная ; iňlis dilinde : variable ) bu maglumatlaryň gutusydyr. Adyndan belli bolşy ýaly üýtgeýän ululyklar programmanyň işiniň dowamynda üýtgedilip bilner. Meselem, “ x ” üýtgeýän…

#3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi