Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

jemgyýetçi

Mekdep kitaplarynda özgeriş

2 minut alar

Ýaňy ýakynda başlangyç synplarda zähmet, sungat, aýdym dersleri boýunça hem aýratyn kitaplarynyň bardygyny bildim.

Bu derslerden kitap bolmalydyram öýdemokdym. 

Aýdym kitabynyň ýarysy aýdym, ýarysy hem şol aýdymlaryň notalary. Aýdymyň aýdylşyny bilmeseň, notalaryny tanyş kompozitoryňa suratyny ugradyp sorap bolýar.

1990-njy ýyllaryň başynda başga harytlar bilen bir hatarda mekdep kitaplary hem gytlyk edip başlady. Käbir sapaklardan 2 adama bir kitap berilýärdi. 

Başda başda oglanlar zähmet otagyna, gyzlar tikin otagyna girip el hünäri öwredilerdi. Soň soňlar bolsa mugallym gytçylygy, mekdebiň ýetmezçilikleri bilen bu otaglar adaty synplara öwrülip gitdi.

Dördünji synpda aýdym dersinde diňe diktant ýazyp geçdik. Mugallym bir kitapdan kompozitorlaryň durmuşuny ýazdyryp çykdy. Bir gezegem aýdym aýtmadyk. Ol mugallymyň kimdigem ýadyma düşenok. Onuňam okuwçy bilen işi ýokdy. Ähtimal ugry aýdym saz hem däldi.

Ol döwür moda bolupdy, rus dili mugallym taryhdan okadýar, taryh mugallym surat çekdirýär, geografiýa mugallym biologiýadan okadýardy... mugallym ýetmezçiliginden bolaýmasa ....

Geografiýa dersinden kitabyň gapdalyndan kontur karta berilýän eken. Biz-ä bu zadyň nämediginem bilmän ulaldyk.

"Jemgyýeti öwreniş" dersi biziň okan döwrümizde ýokdy. Gaty gowy temalar jemlenipdir. 

Dogry, häzirki wagtda mekdebiň mümkinçilikleri kän, emma tankytlanjak taraplaram bar.

Has dogrusy tankyt däl-de, ýüzleşilýän kynçylyklar....

Mysal: birinji synpdan başlap 3 dilli okuwa başlaýan çagalar, ilki bilen elipbiýlerde bulaşýar. Türkmen, rus we iňlis harplarynyň meňzeşlerinde bulaşýan ýerleri bolýar. Entek bir elipbiýi doly özleşdirmän, birden 3 elipbiý öwrenýär.

Ikinji mysal: Informatika sapagy. Gaty ir öwredilip başlanýar. Has dogrusy informatika kitabyndaky temalar agyr. Ene-atalar hem çözüp bilenok. Dogrusy mugallymam düşünmän soň, çagalardan kän talap edilenok. Meýilnamada bolanlygy sebäpli öwredilýär. Informatika ýerine algoritma, zehin soraglary öwredýän ders edäýmeli eken. Sebäbi informatikanyň 80%-i pikirleniş ukyby (analitika), 20%-i gurallar (kompýuter tehnologiýalary).

Şeýle-de birinji synp çaga üçin agyr papka götermegi meselesi bar. Kitap köp bolany üçin, mekdep papkasy agyrlaşýar. Muňa-da bir çözgüt tapmaly. Bu meseläni öňem gozgapdyk.

333 |