Teswirler (6)

Ýüklenýär...

ULUGBEGIŇ MEDRESELERI

3 minut alar

Bu medreseleri görüp: “Şol döwürlerde-de okamak, bilim almak meselesine çuň düşünipdirler” diýen pikir sende öz-özünden döreýär. Soňam biz häzirem şeýle düşünjedemikäk diýip oýlanýaň. ýurdumyzda  ýokary okuw jaýlary gurulýar. Mekdeplerem. Çagalaram okuwa diýip arkalary torbaly köçeden geçip durlar. 

Bir döwürlerde ýokary okuw jaýyna girip bilseň gulluga alanokdylar. Gulluga çagasyny ibermejek bolup (ene-ataň söýgüsi, çagasyny goramalydyryn diýen düşünjesi bilen) her kim ogluny okuwa salmagyň aladasyndady.  

Soň çagaňy daşary ýurtda okatmak mümkinçiligi döredi. Ýaşlar daşary ýurda gitmegiň üýtgeşik täsirine düşdüler. Oňarjagam, o taýda okap biljegem gitdi, okuwy eýgermejegem. Netije-de şoňa görä boldy. Birbada täze garaşsyzlyk alan ýurtdan gelenler diýildimi olara ýeňilligem berlendir. Soň bu-da galdy. Çagam daşary ýurtda okaýar diýip her dürli gazanjyň ýolluny tapanlaram boldy. Emma bu-da uzaga çekmedi. Indi çagaňda hakyky bilim, höwes, başarnyk bolmasa daşary ýurda ibereniň peýdasy ýok. Halk mekdep saýlamaga başlady. Haýsy mekdepde çaga gowy bilim berilýän bolsa ony şo taýda okatmak, ony daşyndan kursa gatnadyp bilimini artdyrmak gerek boldy. Emma güýçli mekdepleriň sany çäkli, okasy, has dogrusy çagasyny okadasy gelýänem köp. Ol mekdepleriň hemme çagalara bilim bermäge mümkinçiliginiň bolup bilmejegi öz-özünden düşnükli. Ene-atalar ýene bir zada üns berdiler, daşary ýurda ilki gidip okuwyny tamamlap gelenleriň ýagdaýy nähili? Egerde üýtgeşiklik ýok bolsa, kösenip daşary ýurda gitjek bolmak nämä gerek? Daşary ýurtda çagaňy okatmak dilde aňsat. 

Halk mundanam çykalga gözleýär. Ýapyşara zat bolsa ýapyşýar. Emma çagasynyň okaýan ýa-da okamaly mekdeiniň bilim beriş derejesini galdyrmak olaryň elinden gelmeýär. Mekdebem özbaşyna edara, onuňam işgärleri mugallymlar bar, olaryň üstünden garaýan edaralar bar, onsoň olaryň işine garyşybam bolanok. Diňe öýde çagaňa özüň gowurak gözegçilik etmeli, ony kurslara ýazmaly. Oňa ýokary bilim alar ýaly, ýokary okuw jaýyna girer ýaly sowat öwretmeli. Şony başarsaň çagaň öz ýurduňda, ýa daşary ýurtda okap biler. 

Daşkentde gadymy medreseleriň girelgesinde 5-6 sany ýaş ýigidiň, gyzyň öz işlerine başagaý bolup ýörüşi gözümize ildi. Olara üns bermezlik, dogrusy mümkinem däldi. Sebäbi olar medresäni görmäge gelenleriň daşary ýurtlusydyr diýenlerini saklap, olar bilen söhbet etjek bolýardylar . Söhbetdeşleriniňem berýän gürrüňlerini widio alýardylar. Olar bize-de ýüzlendiler. Özbekçe däl, iňlisçe. Aramyzda Hydyryň ogly iňlisçäni gowy bilensoň olara jogap berdi. Biraz gürleşdiler. Soňam mylaýym hoşlaşdylar. Ol özbek ýaşlary Daşkendiň ýokary okuw jaýynda iňlis dilinden okaýan talyplar eken. Olara okuwlaryndan tabşyryk berlipdir. Iňlis dilinde interwýu taýýarlamak. Ony nähili geçirendigiňi diňläp, görüp mugallym baha goýýan eken. Özleriniňem iňlis dilinde gepleýişleri gaty gowy diýip Hydyryň ogly bize gürrüň berdi. 

Hemme ýerde ýaşlaryň bilimli bolmagyna üns berilýär. Ulugbegiň döwründe-de, biziň döwrümizde-de. Elbetde, her döwrüň öz usullary, ýollary bardyr. Emma esasy zat niýetiň, maksadyň arassa bolamgymyka diýýän. Çagaňy gullukdan alyp galjak bolubam, ýa ony daşary ýurda okuwa iberip mundan gazanç etjek bolsaňam, daşary ýurtda okap geldimi ýokary wezipede işlesin diýseňem (mümkin, bilimi bilen ol şoňa mynasypdyram) netije garaşylandan pes bolýar. Çünki maksadymyz ilimizi, ýurdumyzy ösdürmek, diňe özümiziň däl, jigilerimiziň, jigilerimiziň jigileriniňem bilimli, sowatly bolmagyny gazanmak bolmalymyka diýýän. Ownuk bähbitlere kowalaşyp, uly maksatlardan ejiz gelýän nesliň ýetişmegi haýrymyza bolmajagy görnüp dur. 

"Makalama" girip men ýaşlarymyzyň arasynda gaty talantly, bilimli ýaşlaryň kändigini gördüm. Olar mende geljegimiziň häzirkimizdenem has ýagty boljakdygyna umydymy, ynamymy artdyrdy. Çünki geljek şu günki günden ýagty bolmasa, ösüş togtaýar. 

90 |
|