...

Ylýas Amangeldiýew

@Ilyas

Ýaşa, haýyr işe meşgul bol!

Täze ýylyň ýetip gelýänine uludan-kiçi hemme begenýär. Kiçileriňki düşnükli. Olar ösüp barýarlar, her täze ýyl olara täzelik. Mekdebe gitmelileri täze ýyl mekdebe gitmeli diýşip ýylyň täzelenmesine garaşdylar. Dogrusy, olar muny doly göz öňüne-de getirmedik bolmaklaram mümkin. Ýöne täze ýyl geldi, diýmek olar bahym okuwa giderler. Okuwy gutarjaklaryňky has şatlykly. Olar mekdebe girip aga-gara düşünip ugranlaryndan mekdebi tamamlajak ýyllaryny belläp ýördüler. Ine şol ýylam ýetip geldi. Gulluga gidenler, gullukdan gelenler, öýlenjekler, öýlenenler... Garaz, garrylardan başgalar täze…

Ýaşa, haýyr işe meşgul bol!

Söýgümiz syçan söýgüsimi?

Söýgüniň haçan gutarýandygy hakyndaky makala köpleriň ünsüni çekdi. Ony menem okadym. Bir hili düşnüksiz duýgular başymdan geçdi. Ylmy taýdan subut edilen. Gormonlar eken meseläni çözýän. Bolup biler diýdim, içimden. Biz iýen zadymyzyň aşgazanymyzda nädip ereýändigini görmeýäris. Muny bize ylym düşündirip dur. Biz kislorody içimize sorup, kömürturşy gazynam demimizi goýberemizde daşyna çykarýan ekenik. Muny bize ylym aýtdy. Bizem onuň dogrudygyna ynanýas. Hakykatdanam adama dem almak üçin arassa howa gerek. Irden turubam ýatan jaýymyzyň howasyny çalyşmak bilen…

Söýgümiz syçan söýgüsimi?

Men söýermen göwnüm üçin

Gyzam giden. Soň gyzam gelmänmiş, ýigidem... Aýraçylyk üstün çykanmyş söýgüden. Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr, geçip gidip otyr... „Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr...“ Ol galamyny duruzdy. Ýene-de suraty eline aldy. „Bir döwürler elimde şu surat, şu suratdaky ýarymam ýanymda joşumdan aýdymdym, sazdym, dünýäni daşyma aýlap tans edýärdim. Arman, tansyňam, islendik zat ýaly soňy gelýär eken. Suratyň welin, şol bir durşy... Hatda suratdakam indi özüne meňzänok... Ine saňa ýene bir erteki!..“ Bu…

Men söýermen göwnüm üçin

Men söýermen göwnüm üçin

Hawa, nähili düşünsegem, bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda Şährişemistan diýen bir şäher bar eken. Bu şäheriň owadanlygy belent-belent binalarynda bolman, şol binalaryň mähir bilen gurulanlygynda eken. Jaýlaryň diwarlary kerpiçdenem däl, betondanam däl, mähirdenmiş. Düşegi aýnadan ýasalan köçeler ýöremäge şeýle rahatmyş. Maşynlar onuň ýüzünde edil suwda akan ýaly akyp barýarmyş. Aýna köçeler döwülmez eken, jaýrylmaz eken, öwrülmez eken, kesişmez eken. Adamlaryň ýanyndan gara kölegeleri däl, öz aýdyň şekilleri aýrylmaz eken. Şol şekillerden adamlar…

Men söýermen göwnüm üçin

Men söýermen göwnüm üçin

Ol zol-zol gaşanýardy. Gije baldyrynyň ýumry ýerinden bir çybyn dişlän bolmaga çemeli. Üns bermejek boldugyça beter gijeýär. Irden turanda-da beýle jan derdi däldi. Häzir welin gijisi ýüregine dökülip barýar, gaşandygyça beter gijeýär. Ýedi ýoluň üstünde gaşanyp durmagam gelşiksiz. Şonda-da gijeýän ýerinden elini aýyrasy gelenok. „Bu nämämiň azary? Beýle-de bir çybyn bolarmy? Ýok-la, çybyn däl – ýaşaýşym. Ýaşadygymça ýaşasym gelýär, gaşadygymça gaşasym. Hemmesem ýüregime dökülip barýan dert, azar. Gülüp ýeňjek bolýan, cybyndyr-da diýýän. Olam... olam agladaýjak…

Men söýermen göwnüm üçin

Ýerdäki melegiň ejeligi (dowamy)

Biriniň gelenini aňan Azady daş çykdy. Aýsulu gyssanjyna, näme etjeginem bilmän, bir çetde ýatan sübsäni alyp, süpürlen ýeri süpürmäge durdy. Myhman, kim bolarsyňyz? Men... maňa... maňa «bar» diýdiler. Kim bar diýdi? Size Azady adyny dakan. Ýaşyl selleli. Ýanynda-da jennet buşlananlar bardy... Azady ony içerik saldy. Kakalarynyň yzyna düşüp öýe giren nätanyş aýala çagalar üşerlip seretdiler. Bu size eje... bolar. Essalamualeýkum – Bu Mämmetsapady. Essalamualeýkum – Bu Muhammetsapady. Salam älik – Bu Zübeýdedi. - Eje? Ejemmi?…

Ýerdäki melegiň ejeligi 
(dowamy)

ÝERDÄKI MELEGIŇ EJELIGI

O döwürlerde Günüň doguşy başga bolupdyr. Dünýe öwüşgin atýar, ähli zat şeýle reňkdar. Ýaşyllar hakyky ýaşyl, gyrmyzylar hakyky gyrmyzy. Howanyň tämizligi bir başga, tüssede zäher ýok. Serhetler ýok. Däpler serhet, din-iman serhet. Eli gylyçlylar alaman bilen, pukaralar halalyň yzynda. Akdan garany saýlamak aňsat eken o döwürde. Her kimiň ýoly belli. Çeşme boýy süri-süri käkilik, keýikler-umgalar owlaklaryny yzyna düşürip dereden-derä agyp-dönüp ýör. Awuçysyz bolmaz, elbet. Ýöne ynsap bar. Magtymguly ýaly ärler dünýä inip biler ýaly ynsap…

ÝERDÄKI MELEGIŇ EJELIGI

Ýigitlerimiz esgimi?

Gyzlarymyzdan biri özüni mata deňäp hekaýa ýazypdyr. Özem aň-düşünjesine hormat goýup ýörenlerimiň biri. Ol esassyz bir zat ýazmaz. Ýazgyny okap ol näme üçin ýazyldyka diýip bialaç pikire gitdim. Her bir ýazgy ýazylanda öňüňde haýsydyr bir maksat goýlup ýazylýar. Meniň 3 gyzym, 3-em oglum bar. Olaryň hemmesem öýli-işikli. Megerem şondandyr. Gyzlarymyň kejine gidip, durmuşa çykarmadym. Ogullarymyňam hiçisiniň diýenine däl diýip öýermedim. Ilde-de şeýle. Gyzyny zor bilen durmuşa çykaran hakynda şu ýaşyma enteg-ä eşidemok. Dogrusy käbir eserleri…

Ýigitlerimiz esgimi?

Goşgy söz beripdim

ELLI BÄŞ ÝAŞ Men bir perde-de däl, Ýa düzülen goşa tar. Nämüçin maňa basýarsyň? Kakýarsyň maňa? Elli bäş ýaşadym, Şeýle-de dert kän. Ýa sen, Eger, gyş güni ölsem, Tabydym üste ýagsa gar, Meni guburyma äkitmän, Ondanam islärmiň owaz? Eşdilmedik, diňlenmedik owazy, Aýazda açylan güli islärmiň? Ejizje ýüregmi şunça ýyl, Ezenim azmy? Gyssaýarsyň, gyssaýarsyň, gyssaýaň, Bar mülkümi dökmedimmi öňüňe? Bu gün ony özümdenem gysganýaň. Ejemiň gujagna gelemde aglap, Başgalaryň emýän süýdüne derek, Ýa berdiňmi maňa daňyň…

Goşgy söz beripdim

Gurbannazar näme üçin goşgyny gowy gördi?

Gurbannazaryň ýazan beýdiniň haýsydygyny aýtmankam goşgy hakynda biraz gürrüň bereýin. Ýalňyşan söýgini görmedik bolsam ony ýazyp bilmezdim. On dokuz ýaşymda ol maňa şeýlebir täsir etdi, özüm şeýle güne galan ýaly boldum. Hiç kimem söýgiň ýalňyşmasyn diýmeýärdi. Maňa söýjegiňi bilip, tanap söýgün, ýalňyşmagyn diýýärdiler. Emma seniň bilmegiň, tanamagyň ýalňyşmajagyňa kepil bolup bilýärmi? Ýok. Onda näme etmeli? Men söýgiň özüne ýalňyşma diýdim. Söýgüden dileg edip bolmaýar. Dileg Alladan edilýär. Men dilegi Alladan etdim. Ýogsa goşguda söýgüden dileg…

Gurbannazar näme üçin goşgyny gowy gördi?