Teswirler (14)

Ýüklenýär...

Ýigitlerimiz esgimi?

2 minut alar

 

Gyzlarymyzdan biri özüni mata deňäp hekaýa ýazypdyr. Özem aň-düşünjesine hormat goýup ýörenlerimiň biri. Ol esassyz bir zat ýazmaz. Ýazgyny okap ol näme üçin ýazyldyka diýip bialaç pikire gitdim. Her bir ýazgy ýazylanda öňüňde haýsydyr bir maksat goýlup ýazylýar.

Meniň 3 gyzym, 3-em oglum bar. Olaryň hemmesem öýli-işikli. Megerem şondandyr. Gyzlarymyň kejine gidip, durmuşa çykarmadym. Ogullarymyňam hiçisiniň diýenine däl diýip öýermedim. Ilde-de şeýle. Gyzyny zor bilen durmuşa çykaran hakynda şu ýaşyma enteg-ä eşidemok. Dogrusy käbir eserleri okadym. Olaram okap bolup halamandym. Olardan propagandaň ysy gelip durdy. Birmi-ikimi kino-da göräýdim öýdýän. Olaram, pikirlendirjek, düşünjeleri ösdürjek, türkmene at-abraý getirjek bolnup däl-de, tomaşaçylary aglatjak bolnup alnan kinolara meňzedi. Söýgi hakynda häzirki ýazylýan eserlerde-de näme üçindir aşyk-magşuklar “ýansa” gowy görýärler. Oglan bilen gyz öýkeleşer, iş-işden geçenden soňam, arman çekmek, ahmyr, senden boldy başlanar. Aýdymlarymyza çenli ýanan söýgüden doly. 

Kerim agaň “Ýaşlyk dramasy” ýadyma düşýär. Ýa şolar ýaly ýürekden ýazylan eserlere öýkünip bolup ýörşümizmikä? Dogry, söýgi ýag ýaly geçmeýär. Belki myradyna ýeten söýgüden ýetmedigi kändir. Ýöne myradyna ýetmedik söýgüde kim günäkär? Ene-atalarymyzy günäkärlejek bolýarysmy? Olar bizi adam etdiler. Indem öýerjekler, durmuşa çykarjaklar, biziň bagtly bolanymyzy görjekler. Düşünjeleri yza galak bolup biler. Gurbannazar şahyr, söýgä şeýle çuň düşünen şahyr, söýüşip öýlenen däl. Gülnabat gelnejemiz bu barada: “Men Gurbannazar bilen 10 ýyl ýaşaşdym. Ýöne şol on ýyly başga biriniň 50 ýyl ýaşaşanyna çalyşjak däl” diýip gürrüň beripdi. Çünki Gurbannazar ikisi ýaly bir-birini söýenler gaty azdyr, meniň bilýänlerimiň içinde-hä ýogam. 

Okajak, işlejek, durmuşy görjek, otuz ýaşajak, soň durmuşa çykjak diýýän gyzlaram kän. Alyn-bagtyňyz açyk bolsun! Ýöne Gurbannazaryň “Kim geçmeýär öz bagtynyň deňinden” diýen setirleri diňe görmeksiz gyza ýazylandyr öýdemok. Bagtyňyzyň deňinden geçmeseňiz bolýar. Ýöne bagtyňy deňiňden geçirmejek bolup, ömrüňi köýdürmekdenem sersap bolmaly. Umuman gyz maşgalaň boýnunda uly jogapkärçilik bar. Ýigitlerimiziň içinde-de, diňe sizi bagtly etjek bolup ýörenler bilen bir hatarda, sizi hakykatdanam “mata” ýaly göz öňüne getirýänler,  “esgiçe-de” ýoklary bardyr. Ýigitleriň arasynda içi maňyzly şänik ýaly ogullaram kän. 

Sözi ulaltmaýyn. Biz ene-atalar diňe siziň bagtyňyzy isleýäris. Sözümiň soňunda degişme-de aýdaýyn. Garrygalada geçi çopany bilen gürrüňimiz bolupdy. Geçi bakmak goýun bakandan kyn bolýar diýşipdik. Şonda çopan “Wagtynda şahyna kakylmasa geçi maly tutuş sürä başbozarlyk edýär” diýipdi. Ýene-de biz mal däl, bizi mala deňäpsiňiz diýmäň. Men ýöne ýadyma düşdi-de aýdaýdym. “Şahyna kakmak” düşünjesi gowy zat däl. Başbozarlyk etmegem, elbetde, ondan gowy däldir. Ýaşlarymyza etjek arzuwym, diňe şu günüňiz bilen ýaşamaň, azajygam bolsa öňe serediň. Geljegiňiziň pikirini ediň. Geljek diýilýän, ilkinji nobatda her kimiň öňündäki ömrüdir.  

354 |