Söýgi

1 minut alar

Bir gün...

Görüpsiň sen, Heniz görülmedik bir üýtgeşik gyz. Indi bolsa maňa gürrüň berýärsiň: «Birden gaýyp boldy, galdym men ýalňyz». Örtenýädiň hasam, ýetirsem häsin, Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin. «Gözlärin gijeler, gözlärin gündiz, Asyl göz öňümden gidenok gözi. Ynan, beýle gözi görmändim şindiz, Asyl özgelerden üýtgeşik özi». Men seni ýylgyryp, diňläp otyryn, Kä başymy atyp, kä başym ýaýkap. Diýýäň: «Zaryn çekip, ömrüm ötirin, Topragy bagyrtlap, bagrymy oýkap». Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin, Maňa seň sözlerňi diňlemek nä…

13 minut alar

Nägehan yşk / hekaýa

Muny oňa, meýlis başlansoň dosty aýtdy. Şol bada-da, çagalykda “salýut” edişleri göz öňüne gelip gitdi. ...Gün ýaşansoň, assyrynlyk bilen öýden otluçöp gabyny çilerdiler. Soňam, ululaň gözýeterinden çekilip, tomaşa gurnardylar. Otluçöpüň birini çyzaga-da, ol tutaşan badyna gutujygyň içine dykyp, güýjüň ýetdiginden ýokarylygyna oklap goýberersiň. Karton gap, al-asmanda bir “pažž” eder-de, ýalpyldap gider... Bolany. Bezzatlar üçin bar keýpem, şol ýeke pursatlyk “pažž”-da... ***** ...Dosty, şum habaryny, yllabir dünýäsygmaz syr aýdýan mysaly, gulagyna çawuş çakanda, oňam göwnüne bolmasa,…

Nägehan yşk / hekaýa

3 minut alar

Bagtyň birine garaşlylygy

Birnäçe asyrlaryň dowamynda şahyrlar, beýik pelsepeçiler we adaty adamlar söýgüniň nähili derejede ýakymly, eziz, täsirli we ýürek tolgundyryjy duýgudygyny belläp geçýärler. Olar ol duýgudan ejir çekendiklerini birnäçe şahyrana setirleriň üsti bilen hem beýan edýärler. Men söýginiň özüm üçin gaty şahsy temalaryň biri bolanlygy sebäpli, ony ejem-kakam ýa-da dost-ýarlarym bilen ara alyp maslahatlaşardan daşda görýärin. Birini özüňden beter söýmegiň zyýanlary onuň peýdalaryndan köp ýaly göwnüme bolmasa. Öz ene-atamyň tejribesinden pikir ýöredip, gündelik durmuşda olaryň özlerini alyp…