Durmuş

ULALSA-DA ULALYP BILMEDIK ADAMLAR Şu gün işde uly ýygnak boldy we hemme işgärler mejlisler zalyna üýşdi. Maňa-da iň yzky hatardan ýer ýetdi we geçip oturdym. Şol pursat töweregime seredip, näme gördüm diýseňizläň?! Fiziki ýaşy boýunça 45–50-ä ýeten, resmi kostýum-balak ýa-da gelşikli uniformalary geýen, saçlaryna eýýäm ak düşüp başlan, emma ruhy dünýäsi, entegem 4-5 ýaşly çaganyň özdiýenli gurşawyndan çykyp bilmedik adamlar... Iň kiçijik bir kynçylyk ýüze çykanda, arkasyna gizlenip biljek bir ene-ata, has dogrusy, goýberen ýalňyşlygynyň…

AGAÇLAR HEM ÝADAÝARLAR Ýadawlyk... Bu kynçylyklardan doly, rehimsiz durmuşda her kim bir zatdan ýadaýar. Kimdir biri garynjalar ýaly dynuwsyz işlemekden, kimdir biri bolsa tutuş ýyl ýapraklaryny göterip, ahyrsoňy ýadawlykdan olary saraldyp ýere gaçyrýan agaçlar mysaly — ýaşaýşyň göze görünmeýän agyr ýüklerinden ýadaýar. Elbetde, garynjalar täsin hem görelde alarlyk jandarlar, emma meniň sary ýaprakly agaçlar hakynda pikirlenesim gelýär... Görýäňmi, ýaňy pyntyk ýaryp, ýaşyl ýaprak gögerip ugranda, agaç öz egnine ýüklenejek ýüküň agramy hakynda hiç oýlanmaýar. Çal…

Ýalňyşmak ýalňyşmy?..

- Men özümiň hakyna girdim! - Nädip? - Ýalňyşyp... - Düşünmedim, açyk aýtsana! - Käbir işlerde, özümi adalatly alyp barjak bolup öz hakyma kän giren ekenim... Hawa, köplenç şeýle-de boldy. Adalaty ölçemegi başarmazdan adyl bolmaga synanyşmak - öz hakyňy iýmek. Başgaça aýdanyňda - ýalňyşmak. Ýalňyşmak ýalňyşmy?! Her kimiň özi karar bersin... Ýadyma düşýär, mundan ep-esli ýyl öň, okuwçy wagtlarym, synpdaşlaryma öý işlerinde kömek etmegiň deregine göçürderdim... Hem olaryň hakyna giripdirin, hem zähmetimiň. Mugallymlar meni bagyşlasyn;…

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

Kitaplar dünýäni öwrenmäge, özümizi kämilleşdirmäge we dürli garaýyşlara eýe bolmaga mümkinçilik berýän jadyly gapylardyr. Men 6 ýyl bäri bu gapylardan geçip, Jon Werdon, Dostoýewskiý, Stefan Zweig we Pol Deýwis we başga da ussat ýazyjylaryň eserleri bilen aňymy we ruhumy iýmitlendirýärin. Men bu makalada, okayan temalaryma, halaýan ýazyjylaryma esaslanyp, ylym, aňtawjylyk we şahsy ösüş, goşgylar, pelsepe baradaky kitaplar hakynda pikirlerimi paýlaşaryaryn. Dostoýewskiý eserlerinde adamyň iň çuňňur duýgularyny, ahlak gapma-garşylyklaryny we barlyk hakynda soraglary ussatlyk bilen görkezýär.…

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

Ömür Ýolunyň Ýolagçysy Şäheriň galmagally köçelerinden bazara tarap ýöräp barýardym. Birdenem gözlerim garryja, saçlary çalaran, köneje eşikli, ýyrtyjak aýakgaply bir ýaşula düşdi. Daşyndan seredip, 60 ýaşlaryndan geçendir diýip çakladym. Egnine haltadan öz elleri bilen tiken kirlije sumkasyny sallapdyr. Bilmedim, ol sumkanyň içinde näme bar?! Belki, bir döwüm çörekdir, suwudyr... Belki-de içinde birnäçe gyzyl alma bolmagam ahmal. Ýöne ol daýy öz elleri bilen tiken şol çuwal sumkasynda, aslynda durmuşyň iň agyr synaglaryny, üstünliklerini we hasratlaryny göterip…

Süňk hossarlarym

Birmahallar gaty gadym döwürlerde men çagadym we meniň ejem bardy. Indi seredip otyryn welin, ol gunler şeýle bir uzak görünýä, aslynda bu zatlar boldumyka beri, ýa-da bularyň hemmesi meniň hyýalbentligimiň netijesimika diýen pikir hem döreýär. Ana, onsoň çagalygym ejem bilen geçdi. Hany beýlekiler, kakaň, doganlaryň diýmekleri mümkin. Sebäbi eje we gyzy diýen maşgala bolmaýar. Olar hem bardy. Kakamyň kimdigini men ahyram doly tanaman galdym. Ol hemişe içgili we hemişe ukuda gezdi, soňam aradan çykdy. Doganlarynyň…

Süňk hossarlarym

Şasenemiň hekaýasy…

Her Mejnunyň bir Leýlasy bar. Her Mejnunyň maksadyna ýetmegi üçin geçmeli bir çöli bar. Ýöne Mejnunyň gözi şol çöli we içindäki kynçylyklary görmez. Ol özüniň söýgüsiniň ululygyna sereder. Her söýýän jübütiň gowuşmasy üçin pida etmeli, el çekmeli zatlary hökman bardyr, eger hakykatdan hem söýýän bolsa. Bu waka şeýle başlandy…. 1-nji sentýabrdy. Säher bilen kim okuwa, kim işe howlugýardy. Men bolsa uniwersitete howlugýardym. Sebäbi talyp bolmak arzuwym hasyl bolupdy. Okuwymyň ilkinji güni hem begenýärdim, hem aljyraýardym……

Şasenemiň hekaýasy…

1100 Gün

Geliñ siz bilen hyýal güýjümizi ulanalyñ. Bir ada hyýal etmegiñizi isleyan. Daş töweregini uç gyraksyz umman gaplap duran bir ada. "Hawa, hyýal etdim, indi?" Bu adada 1100 adam bar. Hyýal ediñ, bu adamlar dürli materiklerden bu yere getirilipdir. Şu wagt hemmesi yatyr, özlerine nämeler garaşyandyklaryndan habarsyz. Ynha adamlar bir-birden özüne gelşip başlayarlar. Her kim bir birine seredýär, emma nätanyş adamlar, nätanyş ýüzler, her kim hem bu yerde yeke özi, dosty, garyndaşy, tanyşlary yok. Şol sebapden…

Bagtyň formulasy

"Bagtly bolmak kyn, öz bagtyňy tapmak üçin çykylan ýol bütin ömür dowam edýär" diýýärler. Ýöne men-ä ylalaşamok. Hemme zat ýönekeý, hemme zat şol bir zat... Bagt nämedir eýsem?! Isleýän zadyňy almakmy? Adamyň islegi çäksiz ahyry! Adam islegleri gutarmaýar. Eger bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer. Taparmy?! Gümana... Bagt nämedir eýsem?! Goýan maksadyňa ýeten wagtyň ýa-da arzuwlaryňy amala aşyran wagtyň döreýän duýgumy? Eger şol prosesiň özünde bagtyň barlygyny…

Minimalizm bilen täze durmuş

Pikirlenip görüň, öňüňizde bir düwme bolsa we siz şol düwmä basan ýagdaýyňyzda durmuşyňyzy düýbinden üýtgedýän bolsa, gereksiz ähli zatlary siziň durmuşyňyzdan aýyryp, meşgullanýan zadyňyza ünsi jemlemäge kömek edip, sizi has üstünlikli biri edip, gereksiz köpçülikden seni daşlaşdyryp diňe saňa zerur bolan zatlar bilen meşgullandyrýan bolsa onda siz şol düwmä basardyňyzmy? Ynha minimalizm hem adamlara maddy we ruhy taýdan täze bir durmuş hödürleýär. Minimalizm ýa-da az köpdir düşünjesi özüňdäki manyny, durmuşdaky manyny gözlemäge çalyşmakdyr. Bu bize…

Minimalizm bilen täze durmuş