Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýazyjy bolmagyň ugrunda

Durmuş gymmatlyklary

2 minut alar

Öý ojagynda mamasynyň ýürekli gyzy hökmünde tanalýan Şasenem ýokary okuw jaýyna girip, özüniň durmuş gymmatlyklaryny has içgin öwremmäge başlady. Okuw döwürlerinde her gününi many-mazmuna bulaşdyryp, netijeli bir zatlaryň amala aşmagyna ygrarly bolan birisi üçin uniwersitetdäki gyz maşgalalaryň edýän gep-gürrüňleri onuň üçin asla gyzyksyzdy.

Käte-käteler KÄBIR gyz deň-duşlary oturyp toý, zat geçdi, altyn, galyň, gaýyn we maşgala durmuşy ýaly mowzuklarda gepleşikleri alyp baranlarynda Şasenemiň ýüregi gysylyp, dünýäsi daralýan ýaly bolýardy.

Ylyma-bilime tarap aýak depýän adam taryh, syýasat, ykdysadyýet, durnukly ösüş, filosofiýa, din, jynsy terbiýe we şahsy özgertmeler ýaly gyzyklanma döredýän temalary ara alyp maslahatlaşmagy has özüne ýakyn duýýardy.

Adaty we adaty däl adamyň arasyndaky aratapawut degişlilikde şabatdan akyp geçýän pasyllaýyn suw bilen giden ummanda ýeke özi lezzet alyp, onuň içindäki parallel dünýäni agtarmaga islegi bar bolan birisi ýalydyr.

Bilkastlaýyn özüniň talyp ýyllaryny şagalaňdyr-oturşmalara kän sarp etmezden, özüne öýjükli telefonyndaky audio kitaplary dost edinen Şasenem bir ýerde durman, täzeden-täze derwezeleriň iň bolmanda bir ujuny açmaga ymtylýan birisidi. Sebäbi häzirki ýagdaýy hasaba alanymyzda, okaman-bilmän ýaşamak edil ikinji Jahan urşuna ýaragsyz söweşmäne gitmek ýalydyr. Umumylaşdyranymyzda, sowatsyz ýaşamak Şasenem üçin edil ganatsyz uçmaga jan etmekdir. Näçe bökjekleseňem we özüňe bolan ynamyň Rokfelleriňkiden hem beýik bolsada, 12 gat jaýyň üstüne münüp, ganatyň bolmazdan şol beýiklikden uçmak maksatly özüňi ýere tarap oklasaň, tarpa wepat boljagyň akmagada mese-mälimdir.

Öz günümi özüm görüp, sada durmuş ýaşap ýören döwürlerim (henizem sada we sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barýaryn) ene-atam 2019-njy ýylyň gyşynda maňa özümden iki ýaş kiçi bir ýaş ýigit bilen görüşmegimi teklip etdiler. Men olaryň amala aşyrýan hereketlerini tankytlap, bu teklipden ýüz öwürdim. Aradan iki aý geçdi günüme goýmadylar. Günsaýyn öýde olaryň gepinden ýaňa içki dünýämde ýadawlyk we dartgynlyk höküm sürüp başlady. Olaryň meniň halys ýüregime düşen sözleriniň esasynda baryp, ol adam pisent bilen ýüzbe-ýüz oturyp, alaçsyz iýip-içmeli boldym. Meniň ýüzümde emele gelen çykgynsyz içgysma emosiýasyny duýup, ol ‘amýoba’ hem biraz meniň oňa bolan garaşýymy birkemsiz içinden geçirdi.

Türkmen däp-dessurlaryny nazara alsaň, gyzyny alada edip, ene-atalaryň günbatar kesgitlemesinde aýdanymda ‘blind date’ ýa bolmasa ‘arranged marriage’ amala aşyrmak islegleri köp ýagdaýlarda gyz maşgalanyň beýnisinde ýaramaz täsir galdyrýar.

Çagalarynyň ýaşyna baha berip, gynansakda aram-aram olaryň isleglerini we durmuş gymmatlyklaryny ýatdan çykarýan ene-atalar bar. Howlukmaň we howlukdyrmaň. Goý çagaňyz ýaşasyn, öwrensin, gerek bolsa ýansyn ýa-da köýsün. Esasy zat öz isleýän durmuşyny ýaşasyn. Büdür-südür meýdandan ýöräp, egrem-bugram ýollardan aşyp, kynçylyklardan we töwekgelçiliklerden baş alyp çykmagy öwrensin.

200 |