Teswirler (57)

Ýüklenýär...
User Avatar

Student

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

3 minut alar

Kitaplar dünýäni öwrenmäge, özümizi kämilleşdirmäge we dürli garaýyşlara eýe bolmaga mümkinçilik berýän jadyly gapylardyr. Men 6 ýyl bäri bu gapylardan geçip, Jon Werdon, Dostoýewskiý, Stefan Zweig we Pol Deýwis we başga da ussat ýazyjylaryň eserleri bilen aňymy we ruhumy iýmitlendirýärin. Men bu makalada, okayan temalaryma, halaýan ýazyjylaryma esaslanyp, ylym, aňtawjylyk we şahsy ösüş, goşgylar, pelsepe baradaky kitaplar hakynda pikirlerimi paýlaşaryaryn. 

Dostoýewskiý eserlerinde adamyň iň çuňňur duýgularyny, ahlak gapma-garşylyklaryny we barlyk hakynda soraglary ussatlyk bilen görkezýär.  "Jenaýat we jeza" romanda adamyň tebigatynyň gowy, erbet taraplaryny öwredýär, jenaýatyň we ahlak jogapkärçiliginiň psihologiki täsirlerini sorag astyna alýar."Beýleki men" eseri ussat ýazyjynyň iň möhüm eserlerinden biri,  iki dürli şahsyýetli adamyň içki dünýäsi we gapma-garşylyklary hakda gürrüň berýär. " Ak gijeler" Peterburgyň ak gijelerinde döredilen bu gysga roman, ýalňyz we melanholiki ýigidiň söýgi hekaýasyny gürrüň berýär. Söýgi, ýalňyzlyk we umyt biri-birine bagly bolan bu eser Dostoýewskiniň liriki we emosional tarapyny açýar. Dostoýewski gahrymanlarynyň psihologiki bulaşyklygyny we sosial adalatsyzlygy real dilde suratlandyryp, okyjyda güýçli duýgulary döredýär.

Ylmy fantastiki kitaplar, hyýalymyzy özgertyän, bizi giňişlige, näbelli dünýälere we distopian geljege alyp barýan eserlerdir.

 Pol Deýwis ýaly ýazyjylaryň kitaplary älemiň syrlaryny açmaga we adamzadyň geljegi hakda pikirlenmäge kömek edýärler. Carl Sagan hem şeýle.

 Aňtawjylyk hakyndaky romanlar gyzykly wakalardan, akylly aňtawjylardan we syrly ganhorluklardan doly dünýäni hödürleýär.  Şerlok Holms ýaly meşhur gahrymanlaryň başdan geçirmeleri aňymyzy ulanmaga we logiki pikirleniş ukybymyzy ösdürmäge kömek edýär.  Bu temalardaky kitaplar adrenalin bilen doly okamak tejribesini hödürleýär, bizi jenaýat we adalat düşünjeleri hakda oýlanmaga çagyrýar. 

Şahsy ösüş kitaplary, özümizi has gowy tanamaga, mümkinçiliklerimizi açmaga we maksatlarymyza ýetmäge kömek edýän kitaplardyr.  "Atomik endikler" Jeýms Kleýr tarapyndan ýazylan bu kitap, uly maksatlara ýetmegiň syrynyň ownuk, gündelik endikdigini nygtaýar.  Kitapda endikleriň nähili emele gelýändigi, olary nädip üýtgetmelidigi we hemişelik saklanmalydygyny aýdyar. Kitap bize sabyrly bolmagy, disiplinli bolmagy, daşky gurşawymyzy üýtgetmegi ( has akyly, tertipli, peýdaly adamlar) edinmegi we ýykylsak hem turmagy, özümizi kämilleşdirmegi öwredyär.

 Goşgy ýazmak hem duýgularyňyzy we pikirleriňizi asyl görnüşde beýan etmäge mümkinçilik berýän ajaýyp sungatdyr. 

Fridrih Nietzsche “Adam, gaty köp adam” atly kitaby häzirki zaman adamyň ýalňyzlygyna, kynçylyklaryna we gymmatyny ýitirmegine esaslanyp  yazylan eserdir.

"Hâkimiýet islegi" Nietzsche ölenden soň neşir edilen bu eser filosofyň galdyran belliklerinden we garalamalaryndan düzülen. Bu kitapda häkimiýet erk düşünjesini çuňňur öwrenýär.

 Nietzsche we Markus Aurelius

 Nietzsche we Markus Aurelius dürli döwürlerde ýaşasa-da, pelsepeleriniň arasynda käbir meňzeşlikler bar.  Iki filosof hem adamyň içki dünýäsine, ahlaklylyga we ähmiýet berýär.  Şeýle-de bolsa, Nietzsche Markus Aureliusyň stoik pelsepesine garanyňda has radikal we tankydy pozisiýa eýeleýär. Aureliusyň "özüme pikirler" kitabynda adamlara dogry pikirleri ýazypdyr, men hem kitaby okan mahalym pikirlerimiziň gabat gelyändigini gördüm, kitaby başgalara hem okamaga berdim, sözlerini hem paylaşdym. Adamlar şeýle kişileriň kitaplaryndan gowy pikirler çykarmaly.

 Nietzsche pikirleri pelsepe, psihologiýa, edebiýat we syýasat ýaly köp ugurda çuňňur yz galdyrdy.  Esasanam ekzistensializm, nihilizm we postmodernizm ýaly hereketlere uly täsir etdi.  Nietzsche eserleri şu günem okalmagyny we ara alnyp maslahatlaşylmagyny dowam etdirýär.

Her bir kitap täze dünýä üçin penjire🛸

452 |