Teswirler (21)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym (talyp)

Bagtyň formulasy

2 minut alar

"Bagtly bolmak kyn, öz bagtyňy tapmak üçin çykylan ýol bütin ömür dowam edýär"  diýýärler.  Ýöne men-ä ylalaşamok. Hemme zat ýönekeý, hemme zat şol bir zat...

Bagt nämedir eýsem?! Isleýän zadyňy almakmy? Adamyň islegi çäksiz ahyry! Adam islegleri gutarmaýar. Eger bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer. Taparmy?! Gümana...


Bagt nämedir eýsem?! Goýan maksadyňa ýeten wagtyň ýa-da arzuwlaryňy amala aşyran wagtyň döreýän duýgumy? Eger şol prosesiň özünde bagtyň barlygyny görýän bolsak, maksadymyza ýa arzuwymyza ýetenimizden soň näme?! Ýene täzesimi? A onuň soňy barmy? Şol bir duýgyny täzeden-täzeden gaýtalap ömür ötürmek - bagtly ýaşaýyş sürmek bolarmy näme?! Eger "hawa" diýýän bolsak, onda bagt pursatlaýyn döreýän bir hadysa bolar,  eger "ýok" diýýän bolsak jogap görünip dur...


Bagt, meniň pikirimçe ruhy we maddy dünýäni, içki we daşky dünýäni deňagramlylykda saklamak bilen bagly zat. Adam özünde bar zat bilen bagtly bolup bilmeýän bolsa, näme bereniňde näme?! Üýtgän zat bolarmy? Beýle diýmek bilen men maddy ýa ruhy gymmatlyklary aýralamak islämok, ikisiniň arasyndaky balansy gurmak barada nygtap geçmek isleýärin. Ruhy derejäň (içki dünýäň) beýgeldigiçe, dogry işjeňlik görkezseň maddy derejäň (daşky dünýäň) hem giňäp başlaýar we adam özünden we gazananlaryndan razylyk, şükranalyk duýýar. Şeýle adam özüne artykmaç zat gözlärmi? Ýa-da tersine, maddy derejesi giňelýän adamlar ruhy derejesini beýgeltmese bagty tapyp bilermi? Baryndan razylyk duýmasa bagtly bolup bilermi? Megerem, bolup bilmez...


Gysgaça, men bagty şeýle formulirledim:

Niýet + Pikir + Amal + Şükür + Zikir = Bagt

Ýagny, adamda niýet-päl düzüw bolsa, pikir sagdyn bolsa, hereketi bilen pikirlerini amal edýän bolsa, şonuň netijesinde gazananlary we elindäkileri üçin şükür edýän bolsa, iň soňunda, ertesi we birigünüsi üçin zikir edýän bolsa onda ol bagtly bolup biler, hat-da bagtlydyr. Eýsem şundan gowy näme bar: sabyr bilen garaşmak, eliňde baryny edip durmuşy iň soňkusyna çenli dadyp ýaşamak we netijesinden lezzet almak, bu bagt dälmidir? 


P.S. Bu formulany men özüm oýlap tapmadym. Halypam hasaplaýan ýaşulymyň aýdanlaryndan getirip çykaran netijäm bu. Ýyllaryň paýhasy... 

Babageldi Joraýew 

10.02.2024ý

349 |