Oýlanma

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Biz kim?! - Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan. Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr... Näme üçin we nädip beýle? - Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok! Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin…

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Hemmeler nirede

Hemmeler nirede?... Bu soragy ilkinji men bermedim, iň soňky soran kişi hem bolmaryn. Ýer Şary - adamlar üçin uly; kosmos üçin kiçi; içinde ýaşaýyş bolan Planeta. Milyonlarça Galaktikalaryň arasyndaky Milyartlarça planetalardan biri. Alymlaryň hasaplamalaryna görä Dünýämize meňzeş ummasyz planeta bar. Çyndanam hemmeler nirede? Biz Kosmosyň Indeýleri - Afrikanyň bir indeý taýpasyna baryp " Air Podslaryň " işleýşini düşündirmäge synanyşyň. Gulaga kyn eşidilýär şeýlemi? Gulagymyza kiçijek zady dakanymyzda içinden saz we sözleriň gelmesini aýtmak ýeňil bolmasa…

GÖRIPLIK MENDE BARMYKA?

Suratyň awtory: Serdaryn_Pikirleri Göriplik gurasyn, göriplik! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim) Adam atanyň iki ogly, Habil we Kabil bir-birine duşman bolupdy. Olaryň arasyny açan duýgy- göriplikden başga zat däldi. Şeýlelik bilen adam göriplik duýgusyny iki doganyň bir-birine bolan duşmanlygy arkaly tanady. Ýogsa, göriplik mundan ozal bilinmeýän bir duýgudy. Belki, bilinmegi bir tarapdan gowy hem boldy. Diýmek, göriplik adamyň içinde saklap bolmaýan bir duýgudy we ony ýüze çykarmak üçin bir sebäp bolmalydy. Göriplik – içigaralyk, bahyllyk ýaly…

GÖRIPLIK MENDE BARMYKA?

Bagtyň formulasy

"Bagtly bolmak kyn, öz bagtyňy tapmak üçin çykylan ýol bütin ömür dowam edýär" diýýärler. Ýöne men-ä ylalaşamok. Hemme zat ýönekeý, hemme zat şol bir zat... Bagt nämedir eýsem?! Isleýän zadyňy almakmy? Adamyň islegi çäksiz ahyry! Adam islegleri gutarmaýar. Eger bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer. Taparmy?! Gümana... Bagt nämedir eýsem?! Goýan maksadyňa ýeten wagtyň ýa-da arzuwlaryňy amala aşyran wagtyň döreýän duýgumy? Eger şol prosesiň özünde bagtyň barlygyny…

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Iň köp eşidýän zatlarym: okajak, baýajak, biznes etjek, gowy ýerde işlejek, abraýly hünäriň eýesi boljak, abraý gazanjak, tanymal boljak, lukman boljak, komitetşik boljak, ministr boljak we ýene köp zat... Näme sebäpden adam boljak diýýänler az-azka?.. Ýa-ha biziň hemmämiz ynsanlygyň aňrybaş nusgasy ýa-da ynsanlygyň ýüz garasy! Ýokarky arzuwlary eşidesim gelenok! Özümem ýokardaky arzuwlar bilen ýaşamok. Gymmatlyk meniň gözümde adam eli bilen elläp bolmaýan zatlarda. Eger sen bir zady alyp bilýän bolsaň (gazanyp däl), onda ol gymmatlyk…

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Sadalyk we ynanjaňlyk, tama

Haçandan bäri ýazmak içimden gelenokdy. Näçe gezek ýazaýyn diýip stol başyna geçdim, her gezeginde içimden bir ses "häzir däl" diýýärdi. Bu gün bolsa şol ses "ine şu wagt, ýaz pikiriňi gaýgyrman" diýýär... Bu gün gozgasym gelýän tema "ynam". Adam näçe ýönekeý, näçe sada bolsa, şonça-da ynanjaň bolýar. Hemişeki ýaly, ýene dessine özüme geçeýin: sadalyk edip, her göz-gaş oýnadana ýürek berdim, sadalyk edip içimdäki hakykaty daşyma çykardym, sadalyk edip käte üstümden güldürdim, sadalyk edip, her kömek…

Sadalyk we ynanjaňlyk, tama

NÄME ÜÇIN PALÇYLARDAN KÖMEK SORAÝARYS?

SP Pal – könelere görä karta seredip, ýyldyzlara bakyp, köne kitap sahypalaryny açyp, dürli metbugat ulgamynda ýazylýan ýazgylary okap, aşyk ýa-da süňkleri ulanyp ýa daşy başga bir daşyň üstüne ýerleşdirmek we şuňa meňzeş ýagdaýlar arkaly ozal bolan ýa-da indi boljak wakalary çaklamakdyr. "Çaklamakdyr" diýýärin, sebäbi, anyk maglumatlary olaryň özleri hem doly bilmeýär. Bilýän zatlary bar bolsa, ol hem adamyň psiholigiyasyna täsir etjek ideýalardyr pikirlere eýe bolmak we ony öz bähbitleri üçin ulanmakdyr. Gadym eýýämden bäri…

NÄME ÜÇIN PALÇYLARDAN KÖMEK SORAÝARYS?

Ýazmasy kyn düşen hat...

Ýok, men Kerim aga öýkünjek bolamok, hakykatdan hem şu gezek maňa ýazmak gaty kyn düşdi... Sebäbi? Çylşyrymly, düşündirip bilmesem gerek... Hawa, bu gezek hat ýazýaryn makaladan beter... Hatyň eýesi anonim, käbir A şahs, goý B bolsun, bu kän bir möhüm däl. Hatyň mazmuny şeýleräk: -Edep başy salamdyr, salam bolsun, gurgunmyň?! Bizde hemme zat öňkülik, gara, ak we çal. Hemme zady üç reňki goşup alyp bolýar. Seniň reňkli dünýäňden nä habar? Reňkler öçenokdur diýip umyt edýärin!…

Ýazmasy kyn düşen hat...

Edepliligiñ derjeleri barmy?!

Bir wagtlar—ürç edip ýaşlyk depder tutulýan döwri(5-7 klas aralyk bolsa gerek) menem özümçe bir depder tutunypdym: “Danalardan dürdäneler”. Oňa esasy okamak hakynda, edep hakynda we ş.m zatlar göçüren bolardym. Oňa ýadygärlik hökmünde ýazgy ýazdyrmazdym.Özümem hiç kimiň depderine ýazmazdym. Ýöne ynjytmazlyk şerti bilen okamaga beren gezeklem bolupdy. Şol wagtlar men eýýäm özümi edepli bir şahs hasaplaýardym. Ene-ata ýygnagynda mekdep müdiri: “Sagbol, gaty gowy gyz ýetişdiripsiň”—diýip, ejemiň arkasyna kakanda ýolboýy gözünden boýur-boýur ýaş akyp gelendigini indi-indiler gürriň…

Edepliligiñ derjeleri barmy?!

ÇAGANY AŞA DEREJEDE SÖÝMEK DOGRUMY?

Psihologiýada çendenaşa görkezilýän söýgini "kadaly ösmeýän söýgi" - diýip atlandyrýarlar. Bu bolsa adam şahsyýetiňiň ösüşine päsgel berýän iň uly faktordyr. Ylmy çeşmeleriň berýän maglumatlary umuman şeýleräk. Çaga - ene-atanyň durmuşyndaky iň uly baýlygydyr. Çaga dünýä inenden soňra, ene-atalar çagalaryna hemme kömegi bermäge we olar üçin bar bolan ähli serişdelerini sarp etmäge taýyn bolýarlar. Elbetde, ene-ata olara söýgüsini hödürlemeli, ýöne olaryň söýgüsi, çagalaryň erkin hereket etmegine päsgel berjek derejede bolmaly däldir. Jemgyýetde bar bolan “çenden aşa…

ÇAGANY AŞA DEREJEDE SÖÝMEK DOGRUMY?