1 minut alar
#Ýitiripdim şo wagt
Ýaşamak islämok, daşamagam islämmok. Ýaşamak islämok diýsem dogry ýaşamany bilmeýänligim zerarlydyr, daşamak islämmok diýmegimem ýüküm agyrlaşanlygy zerarlydyr ýalňyş düşünme. Sözlerim sowuk bolup biler üşeme. Asla bil baglama bu döwürde ýylanjak bolma bir kijiçek şemede. Ejizleme diýersiň, ejizlemerin eger şu pany jyzmasa. Dogrusy ýaşamak islegimi nirden almaly, nirden doldurmaly, näme üçin ýaşansyran bolup ýörün ony hiç bilemok. Çekileýin gyra oňaran ýaşasyn, owarram men. Şo iliň bela ýaly çagasyça bolmanlygym üçin özümden ötünç soraýyn. Bolar bolgusyz arzuwlara…
