3 minut alar
Ýalňyzlyk
Il içinde çekdim ýekelik derdin (Ýekelik derdini çekenler biler.) G.Ezizow Siziňem durmuşda Ezizow bilen pikirdeş bolan wagtlaryňyz köp bolandyr. Töweregiňiz adamdan doly hem bolsa özüňizi ýalňyz duýan wagtlaryňyzy ýadyňyza salyň. Nämäniň kemdigini tapmak başardypmydy? Ýa bolmasa ýüregiňizi aýasyna alyp gysymlap gysymlap gowy edip ýenjen ýalňyzlyk öz-özünden gaýyp bolup gidiberipdimi? Geliň onda bu gezek ýalňyzlyk barada pikir ýöredeliň. Etimologik sözlügiň hem aýtmagyna görä “ýalňyz” sözi “ýalaňaç” sözi bilen kökdeş bolup asly “ýalyň” sözünden gelýär. Ýalňyzlyk ýalaňaçlyk…