Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ah, Epsilon! Part III

1 minut alar

Ah Epsilon!
Uzakdan söýdügim
Hemme kişiň ýanynda öwdügim
Seň üçin özümden geçdigim
Seň hiç zatdan habaryňam ýokdyr 
Dogry dälmi? 
Bolanda näme, bu dünýe 5 günli
Menem adam, menem göwünli
Bilseň alýan her bir demim düwünli
Ah Epsilon her kim, her kim her tüýsli
Daş-töweregiňe seretmeseň ünsli
Kime ynanjagymam bilemok,
Kime daýanjagymam bilemok, 
Kime duşman, kime dost diýjegimem
Çynym bilen aýtýan ýadadym
Ýadadym gynanyp...
Öňümden çykan her kişä ynanyp
Geçdi her kişem göwnümiň göwnüne degip
Dogry dürs geçibem gitmediler deňimden
Ýalňyzlygam goýberenok ýeňimden
Ah Epsilon sen bir gel, tut elimden
"Hemme gowy, men ýaman
Hemme bugdaý, men saman"
Maňa görä däl bu zaman
Ýalňyş wagt-da, ýaňyş ýerde 
Derman ýokmy bu derde
Diýýädiler wagt iň gowy derman
Olam dünýe mysaly ýalan eken
Görýän welin ýalňyzlyk agyr ýaly
Ikindi wagtyndaky sessizlik ýaly
Mendäki sensizlik ýaly
Aýazly gara gyş ýaly
Günälerim ýaly 
Saňa gowuşmak ýaly 
Bu güýz ýaly
Geçip barýa ömrümem
Bir bar eken, bir ýok eken bilen .

66 |
|