Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Content writer

Poeziýa bilmezden goşgy ýazyp bolarmy?

1 minut alar

Poeziýa bu – (grekçe- “döredijilik”) gözelligi bir söz bilen suratlandyrmak sungaty. Poeziýa adamyň islegleriniň beýany bolup hyzmat edýär.


Islendik adamda aýratyn bir zehin bardyr,zehiniň üsti haçan açyljagy belli däl, bu her adamda dürli ýaşda ýüze çykyp başlaýar esasy zat adam öz üstünde işläp özüni kämilleşdirse, şonça-da onyň ukyp başarnygy aýan bolup başlar.


Poeziýa tehnikasyny bilmezden goşgy düzüp bolarmy? 


Elbetde poeziýa dilini bilmän ýagny goşgy ýazmaklygyň grammatikasyny bilmezden hem goşgy ýazyp bilersiňiz. Esasy zat bu siziň başarnygyňyza bagly, siz grammatika we ritoriki kitaplary okamazdan owadan gürläp bilşiňiz ýaly.


Poeziýa tehnikasyny bilmezden goşgy ýazyp ony neşirýatda çap edip bilmersiňiz (sebäp neşirýatyň öz kadalary bar, eger goşgynyň ýazylyşy poeziýa grammatikasy taýdan nädogry bolsa goşgy çapa ugradylmaýar) , emma köpçülikde toý, baýramçylyklarda okap bilersiňiz. Bu siziň güýmenjäňiz hemem ilkinji ädimiňiz bolsun. 

Hiç kim hem islendik işe başlanda hemme taraplaýyn gowy edip bilmeýär. Ähli zady öwrenenmizde kiçijek zatlardan başlamaly. 

Eger siz häzir başlamasaňyz onda hiç haçan başlamarsyňyz. 
Goşgy ýazmazdan ozal onuň  grammatikasy, nähili düzülşini öwrenip goýmak zyýan etmez sebäbi siz döredijilik bilen meşgullanmak isleseňiz, islendik goşgynyň nähili stilde ýazylandygyny onuň talaba laýykdgyny hem-de poeziýa tehnikasyny bilmäge kömek eder.  


Eger sizde hem şeýle başarnyk bar bolsa onda dowam ediň we özüňizi kämilleşdiriň.

70 |
|