Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ah Epsilon! Part II

1 minut alar

Ah, Epsilon !

Näme üçin 'Sen' diýip soraýan özüme

Millionlarça ýalňyzlyk bar wagty

Näme üçin senli hyýallara mejburdym

Gör näçe baýlyk barka

Näme üçin sensizligiň garyplygyna tutsagdym.

Soraýan özüme:

Durmuşy aňsatlaşdyrmak ýerine,

Näme üçin şansymy kynlaşdyrjakdym seniň bilen.

Soňra seredişiň aklyma gelýä üşeýän,

Kem galýa alýan demim,

Guşlar yssy ülkelere göç etmeseni goýaýjak ýaly,

Çäresizlik örtýär boýdan-başa meni,

Hemişe ýanymda isleýän seni,

Çaýyma şekeriň tagam berşi ýaly

Durmuşyma tagam bermelidiň,

Birden hä bolmasaň açlyk boljak ýaly,

Ýoklugyňda ertirleriň keýpi galmajak ýaly,

Pasyllar baharsyz galjak ýaly,

Sary ýapraksyz hem güýz bolarmydy,

Sary ýapragym, güýzüm,ümsümligim bolmalydyň,

Derdimi gözümden aňmalydyň,

Meni sen köşeşdirmelidiň.


Ah, Epsilon !

Bir kitabyň orta ýerinden başlamak ýalydy,

Seniň bilen birlikde bolmak

Başyna düşünmän soňuna ýakynlaşmak

Soňuny okap bilmän ýatyp galmak

We oýananyňda galan sahypaňy dörüşdirmek..

Ynha şeýle bir zatdy seni ýaşamak..

Ýarym ýamalak..

Bulam-bujar…


Ah, Epsilon !

Maňa hemişe agyrylar galdy,

Maňa hemişe ýagyş,

Demini alan çaý,

Ýalňyzlygym

Unutmasam hem indi

Unudan ýaly etmelidim.

We burşum-burşum zyňan kagyzlarymda..

Hiç gutaryp bilmedigim,

Bir goşgy bolup galarsyň ...

38 |
|