Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Ýalňyzlyk

3 minut alar

Il içinde çekdim ýekelik derdin
(Ýekelik derdini çekenler biler.)
G.Ezizow

Siziňem durmuşda Ezizow bilen pikirdeş bolan wagtlaryňyz köp bolandyr. Töweregiňiz adamdan doly hem bolsa özüňizi ýalňyz duýan wagtlaryňyzy ýadyňyza salyň. Nämäniň kemdigini tapmak başardypmydy? Ýa bolmasa ýüregiňizi aýasyna alyp gysymlap gysymlap gowy edip ýenjen ýalňyzlyk öz-özünden gaýyp bolup gidiberipdimi?

Geliň onda bu gezek ýalňyzlyk barada pikir ýöredeliň. Etimologik sözlügiň hem aýtmagyna görä “ýalňyz” sözi “ýalaňaç” sözi bilen kökdeş bolup asly “ýalyň” sözünden gelýär. Ýalňyzlyk ýalaňaçlyk bilen baglanşykly bolsa sosiallyga eşik diýip bilerismi? Belkem ýalňyş sosiallygy geýinenimiz üçin ýeke duýýandyrys. Hany onda birazajyk sosiallyga-da göz aýlalyň.

Eýeçilik, degişlilik duýgulary adamyň özüni gowy duýmagyna getirýär. Şonuň üçinem adam diýilen jandar ýygy-ýygydan eýelik düşüm ulanmagy gowy görýär. Siz kim diýilende berýän jogaplaryňyza heý üns berip gördüňizmi? Ad-YM, watan-YM, kär-IM, din-IM, maşgala-M hatda duşman-YM. Görşüňiz ýaly kimdigimizi görkezmek üçin eýelik-degişlilik baglarymyzy ulanýarys. Bularyň hemmesi daşyndan bizi görkezmäge kömek edýär. Ýa edenokmy? Adamyň eşigine seredip kimdigi barada çaklamalar edip bilersiňiz. Köp halatlarda mamla bolmagyňyz hem ahmal. Bu sosiallyk eşigi size adamynyň ýalňyz ýalaňaçlygy barada maglumat berip bilermi? Içki ýalaňaçlygymyz bilen daşky lybasymyz bir-birine gabat gelýärmi? Kybapdaşmy?

Geliň onda bu eşik mysalyny ulanmana ýene biraz dowam edeliň. Adam köp halatlarda haçan ýalaňaç bolmagy saýlaýar? Elbetde geýimlerini çalyşmak, kirlän bolsa tämizlemek, indi işini ýerine ýetirerden köne bolsa düýbinden aýyyrmak üçin. Diýmek biz egnimize geýinen sosiallygymyz kirlände ýa-da bize öňki berýän peýdasyny bermedik ýagdaýynda ýalňyzlyga teşne bolýarys diýip bileris. Şahsymyz bilen daşky dünýä arasynda guran sosial baglarymyzyň ýygy-ýygydan seljerilip, kirlerden saplanmagy üçin ýalňyzlyk zerur hajatlardan biri bolup durýar. Dostluk, garyndaşlyk, şägirtlik, halypalyk ýaly ençeme gatnaşyklarymyzy täzeden seljermek we olary mümkin boldugyndan berkitmek, zyýanlylaryny bolsa goparyp zyňmak üçin ýalňyzlyk möhüm. Il içinde ýalňyzlyk duýgusynyň berýän jebri hem edil kirinden närazy adamynyň tämizlige teşneligine meňzeýär.

Adam ýalaňaçlygy diňe bir lybasyň kirini arassalamak üçin däl-de ondan beter öz kirini arassalamak üçin ulanýar. Diýmek il içinde ýekelik derdini çekip bilýän adamlar öz kirlerinden habardar bolup ony arassalamagyň ugruny tapyp berjek ýalňyzlygyň gözlegine çykýarlar. Bir tarapdanam kiriniň nähoş ysyna öwrenşip ondan bihabar gezip ýören adamlara gynanç bilen garaýandyrlar. Edil lybaslarymyzdaky kiriň aglaba böleginiň öz bedenimiziň kiri bilen baglanşykly boluşy ýaly belkem köp halatda sosial kirler hem biziň öz içki kirlerimiz bilen içgin baglanşyklydyr. Her bir adamynyň şeýle pikir bilen wagtal-wagtal öz içki dünýäsini arassalamak üçin ýalňyzlygyň gujagyna sygynýandygyny pikir edip görüň. Jemgyýet nähili arassa bolardy şeýle dälmi? Elbetde sebäpsiz we ýerliksiz ýalaňaçlygyň gelşiksiz boluşy ýaly ýalňyş ulanylan ýalňyzlyk hem howpludyr.

Ýalňyzlygyň içki-daşky dürli kirleri arassalamak üçin ulanylmaly gaty gowy pursatdygyny bilen adamlar bu meseleleri çözmekde beýleki adamlardan tapawutlanypdyrlar. Şu nukdaýnazardan seretsek ylham diýilen zadyňam näme üçin ýalňyzlyk bilen juda içgin baglanşyklydygyna düşünmek bolýar.

Ýürek barha joş alýar
Galam batly ýöreýär
Käte bizde goşgular
Ýalňyzlykdan döreýär.

G.Ezizow

95 |
|