...
9Makalalary
13Halan makalalary

Yaran Allamyradow

@galamkesh
MS biofizika

2 minut alar

Üýtgemeýäniň gözleginde

“Döwür elmydama üýtgär-de durar, Bu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez." G.Ezizow Üýtgemek - bir haldan, ýagdaýdan başgasyna geçmek diýmek. Adamogly bütin taryhy boýunça üýtgeýän zatlary synlamagy juda halady. Käbir zatlary öz islegine görä üýtgetmek isledi, käbirleriniň bolsa üýtgemegini jany teni bilen duruzmaga çalyşdy. Munuň özeninde bolsa hemme zadyň biziň isleýän halymyzda bolmagyny arzuw etmegimiz ýatyrdy. Bu tebigy islegiň has aýdyň düşünilmegi üçin bir mysal bereliň. Iýmiti öz isleýän halymyza getirmek üçin olary bişirýäris ýagny…

3 minut alar

Ýalňyzlyk

Il içinde çekdim ýekelik derdin (Ýekelik derdini çekenler biler.) G.Ezizow Siziňem durmuşda Ezizow bilen pikirdeş bolan wagtlaryňyz köp bolandyr. Töweregiňiz adamdan doly hem bolsa özüňizi ýalňyz duýan wagtlaryňyzy ýadyňyza salyň. Nämäniň kemdigini tapmak başardypmydy? Ýa bolmasa ýüregiňizi aýasyna alyp gysymlap gysymlap gowy edip ýenjen ýalňyzlyk öz-özünden gaýyp bolup gidiberipdimi? Geliň onda bu gezek ýalňyzlyk barada pikir ýöredeliň. Etimologik sözlügiň hem aýtmagyna görä “ýalňyz” sözi “ýalaňaç” sözi bilen kökdeş bolup asly “ýalyň” sözünden gelýär. Ýalňyzlyk ýalaňaçlyk…

2 minut alar

Men öldürdim.

Başlarda seniň bilen aramyz nähili gowudy. Birzatlar öwrenmän geçirýän ýekeje sekundymam ýokdy. Güýjümiň iňsoňky damjasyna çenli haýdap öwrenip-öwrenip ýadap ýatyp galýadym. Indi seredip otursam iň süýji günlerimem şol günler eken. O wagtlar gaty günäsizje ekenim. O wagtlar ölümiň, öldürmegiň nämediginem bilemok ekenim. Belli bir wagtdan soň öwrenmekden öňküsi ýaly lezzet alman başladym. Indi seň bilen diňe öwrenip ýörmek gyzykly gelmän başlapdy. Belkem soňa-baka öwrenmeli zatlarymy ýalňyş saýlap başlandyryn, bilemok. Daş töwerekde maňa erbet görelde boljagam,…

5 minut alar

Priming effect - priming täsiri (we pul bilen primelanmak)

Göz, gulak, burun ýaly organlarymyzdan gelýän maglumatlar beýnimizde belli neuronlaryň oýarylmagyna sebäp bolýar. Olara psihologiýada stimulus ýagny oýaryjy diýilýär. Bu oýaryjylar ys, şekil ýa-da söz bolup bilýär. Indi geleliň makalamyzyň asyl temasyna. Priming effekt - praýmiň diýip okalýar - diýip beýnimize birinji gelen oýaryjynyň ondan soňky geljek oýaryja nähili reaksiýa berjekdigimize edýän täsirine aýdylýar. Sözlem uzynrak bolup biler, arkaýýyn boluň mysallar bilen düşündirjek. Mysal üçin siz ýakyn wagtda haýwanlar bilen baglanşykly zatlar gören bolsaňyz we…

1 minut alar

Umyt bar

Herkim jahyllyga başyn soksa-da, Akylly gürlände ýüzün buksa-da, Zehin çüýrese-de köne bukjada, Bäbek öwrenmäne höwesli dogýar, Serediñ adamlar diýmek umyt bar. Käsi suw ýerine ganlar içse-de Maýsalar biçýän dek umyt biçse-de Gözleñ ýaşy gurap, mähir ýitse-de Bäbejik doganda gözýaşly dogýar, Diýmek mähir hakynda-da umyt bar. Goý ýaltalar ýatsa çüýräpler ýatsyn Maksatsyz gämiler batmasa nätsin Dilegim maksatlar zähmedi tapsyn Ýykylsa ýatmaýa dyrjaşýa turýar Sebäp balañ ädiminde umyt bar. Ýygnap bilýän aldygyndan ýygnasa Açgözlükden kiselere sygmasa Paýlaşmak…