Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Damja 4 – Merjeniň mejnuny

3 minut alar

 Salam, barmysyňyz. Ýene men geldim, aýtjak zatlarym bar. Buşluk, umman ýagtylyp başlady. Gözüme köp jandarlar görnüp başlady. Ýagty dünýäniň dürli-dürli reňkleri bar eken. Tümlükden çykmak juda üýtgeşik duýgy. Her bir täze reňki görenimde öň bu ýerlere gelip gören ýoldaşlarymdan olaryň atlaryny soraýaryn. Olar diýseň gyzykly. Gyzyl, ýaşyl, sary, gök hemmesem ýaman owadan. Hiç haýsyny beýlekisinden üstün görüp bilmedim.

 Haýran galyp töweregime seredip barýardym welin birden hemme reňki özünde jemleýän bir balykda gözüm eglendi. Şeýle bir owadandy welin seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Has ýakyndan synlamak üçin ýanyna barasym geldi, golaýlaşdym. Ýöne golaýlaşanyma begenjegimi gynanjagymy bilmedim. Sebäbi gaty gamgyn görünýärdi. Hemem howsalalydy, bir zatlardan gorkýandygy mälimdi. Hüşgär bolup eýläk-beýläk seredýärdi.

 Näme bolanlygyny soramak isledik. Bizi gördi-de:

- Salam dostlar, şu töwereklerde merjen gördüňizmikäňiz? – men henize çenli merjeniň nämedigini hem eşitmändim ahyry. Birdenem aramyzda iň bilgirjämiz gepe goşuldy.

- Merjen ýere ýapyşan bolýar ahyry, sen ony kenardan gözlemeli bolarsyň.

- Hawa habarym bar, menem şol merjenli kenary gözleýändä.

- Siziň görnüşiňizdäki balyklar asylam merjenliklerde ýaşaýar dälmi näme? Siz bu ýerlere azaşyba düşäýen dälsiňizdä? – indi ol owadan balygyň näme üçin gamgyndygyny aňjak bolýardym.

- Hawa men merjenliklerde ýaşaýardym. Ýöne meniň watanymda birden howalar gyzmana başlady. Hemme merjenlikleriň üstündäki ösümlik örtgüleri gurap ölüp başlady. Merjenler şeýle bir agardy welin olaryň ruhy giden ýalydy. Adatça ösümlikler olara iýmit ýetirip duransoň, bu ýagdaý sebäpli merjenlerem ölüp başlady.

- Bu gaty elhenç ýagdaý ahyry – diýip dostumyz gepe goşuldy. Menä merjeniň nämedigni hem indi bilemsoň ýagdaýyň näme üçin elhençdigine doly düşünip ýetişmedim. Ýöne elbetde gyrançylyk bolan ýerde gowluk ýokdugyna aňym ýetdi.

- Biziň hemmämiz ýyrtyjylardan gaçyp merjenliklerde gizlenýärdik, indi bolsa bize gizlenmäne hiç hili ýer galmady. Menem gaçyp gaýtdym, indem täze merjenlik gözleýän. Çaltjak tapmasam ýyrtyjy balyklar meni ýom-ýok ederler.

 Biz oňa näme diýip köşeşdirjegimizi bilip bilmedik. Aramyzda ugur tapmana iň ökderägimiz iň ýakyn merjenligiň nireräkde bolup biljegi barada çaklamalaryny aýtdy. Pahyrjyk üns bilen diňledi-de soňam ýoluna rowana boldy. Gözlerindäki ýadawlyk entägem ýadymdan çykanok. Men ýagtynyň yşgynda obamdan çykyp gaýtdym ol bolsa muňa mejbur edildi. Näme üçin howalar beýle gyzdyka? Munça jandary öýsüz ögzarsyz goýýan zat nämekä? Entäk maňa bu zatlaryň syryny açardan ir. Belkem hiç haçan bilmerin. Ýöne reňkli balygyň ýagtysy giden gözleri aňsat-aňsat ýadymdan çykjaga meňzänok. Men hiç haçan tapmadyk ýagtymy gözlemek üçin ýola çykypdym ol bolsa ýitirenini. Hiç tapmadyklyk agyrmy ýa ýitirmeklik agyrmy? Elwan balygyň merjeniň mejnuny boluşy ýaly menem ýagtynyň mejnuny bolup bilermikäm. Men iň bolmanda tapdym suwuň astynda hem bolsa bir şöhlejigini gördüm, onuň bolsa tapyp biljegi gümana. Ýagta çykyp dürli-dürli reňkleri gördüm diýip otyrdym ýöne reňkleriň jümmüşinde goýy bir tümlük görmeli boldum. Siziňem keýpiňizi bozan bolsam bagyşlaň. Ýöne dert – bu ýoluň ýangyjy. Hiç ýetmedigem tapyp ýitiren ýaly mejnun bolmasa maksada ýetilmez. Menem çalaja şöhle gördüm diýip ynjalmaly däl. Elwan balyk deý hasam beter ymtylmaly, gözlemeli, ýetmeli.

140 |
|