Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Klero

2 minut alar

 Bu bir meňzetme...

Käte şeýle-de bolaýýar! 

Uly tokaýda ýalňyz öýjagaz... Öýüň içinde täsin bir oglanjyk; göräýmäge adaty ýaly... Onuň hem saçlary bar, özem altyn öwüsýär, sarymtyl bugdaý reňkli; onuň hem burny bar, ne uzyn, ne-de kelte, ne inçe, ne-de ýogyn, adaty bir burun; onuň hem gözleri bar, goňur, asman ýyldyzlary ýaly şöhle saçýar, hamala diýersiň iň bagtly adam; onuň hem gaşlary bar, ne has ýogyn, ne has inçe, ýöne welin ussat suratkeş çekendir diýersiň; onuň hem dodaklary bar, edil erik agajyndaky pyntygyny ýaryp çykan güller deýin gyzyl-gyrmyzy we biraz doýgun. Hawa, şeýle seredeniňde görmegeý oglan, syratyna aýdara söz ýok. Göwresi hem şundan kem galanok. Boýy uzyn, ne hor ne-de semiz, agramy boýuna görä sazlanan ýaly.


 Oglanjyk uly tokaýda ýalňyz ýaşaýar. Ähli dünýäniň dertlerinden uzakda, öz dünýäsinde ýeke özi. Bu dünýäde hemme zat owadan, hemme zat gowy; erbetlik hakynda düşünje ýok. Onuň dostlary haýwanlar. Ol tebigat bilen sazlaşykda bagtly durmuş sürýär. Gyşda gyşa görä, tomusda tomusa görä ýaşaýar. Dostlary hemişe oňa kömek edýär. Onuň çal reňkli, ýumşajyk possunly pişigi bar; pişigiň ady Nesibe. Şeyle hem goňur reňkli daýawja kömekçi güjügi bar; ady Kysmat. Olar hemişe oglanjygyň ýanynda. Oglanjygyň başga-da dostlary bar: atlary, towşanlary, towuklary we kepderileri; öýüniň golaýynda suwly çeşme-de bar. Oglanjyk suwdan-azykdan ejir çekenok. Ol hemme kişiniň arzuwundaky durmuşda ýaşaýar diyseň ýerlikli bolar.


 Gyş paslynyň soňky günleridi... Howa aýazly, hiç zada rehim edenokdy. Ýakynlap gelýän, ýaza orun bermek islemeýän gyş pasly öz haýbatyny görkezýärdi. Oglanjyk öz ýyly öýüniň penjiresinden daşaryk seredip durdy we edil şu pursat onuň ünsüni aýnanyň arkasynda ýalpyldaýan öçügsi ýagtylyk özüne çekdi. Oglanjyk göz gabaklaryny bir-birine gysyp üns bilen synlady, emma bu hadysany görmek onuň pikirleriniň gyrasyndan hem geçmändi... Daşarda şeýle aýazly howada eli ýag çyraly sowukdan endamy gögerip barýan we tümlükde sudury çala görünýän biri bardy. Oglanjyk ýakyn kömekçisi Kysmaty alyp, gapyny açan dessine daşaryk okdurylyp ylgady. Ol sowukda üşeýän natanyş yolagçynyň ýanyna bardy we onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen birsalym seredip durdy... Soňra oglanjyk "ýaşajyk ýolagçyny" arkasyna alyp, tizden-tiz ädimler bilen öýüne ugrukdy. Gapydan girip, agaç gapyny öz ugruna ýapandan soňra, daşdan pejiň golaýynda ýolagçyny oturtdy, ýyly ýorganlardan getirip ýolagçynyň üstüne ýapdy. Ýyljajyk ýer we ýyly ýorganlar ýolagçyny meýmiredýärdi...

Dowamy bar...

Joraýew Babageldi "Garalamalardan"

82 |
|