Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Terjimeçi

Iň gysga, täsirli hekaýalar

3 minut alar

GYSGA HEKAÝALAR

Uzyn hekaýalar okamakdan irdiňizmi? Geliň onda biraz dünýädäki iň gysga hekaýalary hem okap göreliň!
Bu hekaýalar juda gysga bolup biler, emma, özleriniň täsirliligi, manylylygy bilen uzyndan uzyn hekaýalaradan birjigem galyşmaýar.
Gysga hekaýalaryň iň meşhury, şek-şübhesiz Ernest Hemingueýiň alty sözden ybarat hekaýasydyr, emma, Ernestden soňra hem uzyn bir romanda aýdyljak zady gysgajyk, birnäçe setirde ýazyp bilen ussat ýazyjylar az bolmandyr. Ilki bilen Ernestiň şol meşhur hekaýasyny okalyň soňra beýleki hekaýalara hem geçeris.
Ernest Hemingueý her bir ynsany täsirlendirýän, bary-ýogy alty sözden ybarat hekaýa ýazmagy başarjakdygyny aýdyp, jedel edipdir we muny başarypdyr:
"Çaga köwüşi satylýar. Geýilmedik…" («For sale: baby shoes, never used»).

* * *

Kyssaçylygyň kulminatsiýa we çözgüt ýaly düzümlerinden ybarat bolan iň gysga hekaýalar bäsleşiginde O. Genri ýeňiji bolupdyr:
"Sürüji çilim çekip duran mahaly näçeräk ýangyç galandygyny görmek üçin benzobak tarapa eňildi. Merhum ýigrimi üç ýaşyndady…"
* * *

Frederik Braun, iň gysga, gorky hekaýasyny ýazypdyr:

"Ýerdäki soňky adam otagynda otyrdy. Birden gapy kakyldy…"

* * *
Aşakdaky size hödürlemekçi bolýan hekaýalarymyňyz her biri elli bäş sözden geçmeýär:

▪️HAKYKATYŇ GÖZLEGINDE

Ahyry, bu çet obada onuň gözlegleri soňlandy. Çüýräp, ýykyljak bolup duran haraba külbede, pessaýja ýanyp duran oduň ýanynda Hakykat otyrdy.
Ol ömürinde hiç-haçan bular ýaly garry, betnyşan aýaly görmändi.
— Siz Hakykatmysyňyz?
Betnyşan garry baş atdy.
— Men, adamlara siz barada aýdaýynmy? Olara nähili habar ýetireýin?
Kempir oda tüýkürdi-de, jogap berdi:
— Olara meni ýaş we sahypjemal diýip aýt!

◾Robert Tompkins

***

◼PENJIRE

Ritany rehimsizlik bilen öldürenleri bäri Karter penjiräň öňünde oturýar.
Telewizordyr, kitap okamagam, hat ýazmagam ýok. Onuň durmuşy— penjiräniň aňyrsynda görünýän näme bolsa— şol.
Nahary kim getirýär, hasaby kim töleýär, oňa barybir… Ol otagy terk etmeýär.
Onuň durmuşy— ýüwürýän turgenler, ýyl pasyllarynyň çalşyşy, şuwwuldap geçýän ulaglar.
Diwarlaryna mata asylan bu palatada penjiräň ýokdugyny Karter aňlamaýardy…

◾Jeýn ORWIS

***

BAGTSYZLYK

Endamymdaky güýçli agyrydan oýandym. Gözümi açdym, krowatimiň ýanynda duran şypauýasyny gördüm. Ol:
— Mister Fudjima— diýdi— Siziň bagtyňyz çüwdi, siz iki gün ozal Hirosimadaky bombardimondan aman galdyňyz. Häzir siz gosptilda, howp yzda galdy.
Mejalsyz kynlyk bilen:
— Men nirede?— diýip soradym.
Ol:
— Nagosakide— diýip jogap berdi.

◾Alan Ýe. MAÝER

***

◼ŞÜKÜRANA

Ýakynda haýyr-sahawat fondy tarapyndan berilen ýorgança eginlerini ýapýardy, bu gün zibil gutusyndan tapan aýakgabam aýaklaryny umuman gysmaýardy.
Aňzak tüniň sowugyndan soňra köçe çyralarynyň ýylysy onuň kalbyna mylaýymlyk alyp girdi…
Parkdaky gaty oturgyçlar bolsa onuň ýadaw biline juda tanyş duýulýardy.
Ol:
— Allahym Saňa şükürler bolsun—diýdi— Ýaşaýyş nähili gözel…

◾Endrýu E. HANT

* * *
Afrikaly oglanjygyň ýazan aşakdaky hekaýasy «2005-nji ýylyň iň gowy hekaýasy» bäsleşiginde ýeňiji bolan eken:

Dogulanymda, men garadym.
Gara bolup ulaldym.
Men günüň astynda uzak dursamam, garalygyma galaryn.
Hatdai ölenimde-de gara bolup ölerin.
Siz aklar bolsa:
Dogulanyňyzda— gyzylymtyl bolýarsyňyz.
Ulalyňyzda— agarýarsyňyz.
Güneşde duranyňyzda— gyzarýarsyňyz.
Üşäniňizde— gögümtil bolýarsyňyz.
Gorkanyňyzda— saralýarsyňyz.
Keselläniňizde— ýaşyl keşbe girýärsiňiz.
Öleniňzde bolsa reňkiňizde solýar.
Ýene-de siz maňa reňkli (garatenli) diýýärsiňiz.

 

Taýýarlan we hekaýalary terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI 
 

79 |
|