Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Terjimeçi

Ogry oglum /hekaýa

6 minut alar

OGRY OGLUM

Kakamyň kaza kylanyna ençe ýyl boldy. Bu ýyl, on ýedinji ýylyň[1] baharynda ejemden hem aýrylyp, bütinleý ýetim bolup galdyk. Biz, dört ýetimden habar alyp durmaga mamam - Rokiýabibi gelýärdi. Ony gowy görüp "garry mama" diýýärdik.

Gijelerine mamam bilen hemmämiz, öňi açyk eýwanda köneje ýorganlara bürenip, şalyň üstünde uklaýardyk.

Sentýabr aýynyň ahyry, ilkinji güýz gijeleriniň biridi. Howa salkyn, biz ýetimler biri-birimize gysylypjyk, biri-birimizi ýylydyp uka gidipdik. Hatarda iň soňky, ene guş kimin bolup mamam ýatyrdy, ol segsenden agan, garry kempirdi.

Bu agşam üç gezek horaz gygyransoň, ýedigen ýyldyzy dik depä galanda mamamyň sesine oýandym. Mamam kimdir biri bilen belent sesde gürleşýärdi. Howlymyz ata-babalarymyzdan galan, ep-esli uly, dört burç melleklerdendi. Daş töweregi jaý, günbatar tarapynda daýym ýaşaýardy. Emma olar irbaharda baga göçüp gidýärdi. Häzir olar tarap  boşdy.

Muňa seretseňizläň, biziň öýümize ogry gelipdir. Bizi hem ynsan ýerine goýýan adamlar bar eken-da, dünýäde. Ertir dostlarymyň ýanynda magtanaryn. "Biziň öýümize ogry geldi" öwünip aýdyp bolýar. Ýöne ynanarlarmyka?

Ogry daýymlar tarapdan ýuwaşja ýöräp gelip, mamamyň deňine gelende asgyrypdyr. Mamam bolsa ýassygyny küküregine goýup, diliniň aşagyna nas taşlap oýlanyp ýatan eken. Mamam "tüf" edip nasyny tüýkürip, üçege seredip:

— Ogry oglum, heý ogry oglum, bir zatlaryň küýünde tama çykypsyň öýdýän, kesbiň näzik ahyryn, dümewiňden aýňalyp çyksaň bolmaýarmy— diýipdir.

Ogry üçekde duran ýerinden:

—Daýzajan, senem gijelerine dynjyňy alyp, süýjije uka gitseň bolmaýarmy, meň ryskyma böwet bolman— diýipdir.

Men gep şu ýere gelende oýanan bolsam gerek. Galan gürrüňleri eşidişim ýaly ýazýaryn:

—Wadaryga, oglum, başymda şunça hasrat bar wagty gözüme uky gelermi? Ynha, alty aýdyr ýeke sagadam rahat uklamadym. Gündizlerine saňsyraklap gezýän. Bir ýerlere geçip irkilen ýaly guş ukusyny uklaýan. Gijelerine bolsa pikirler ukyny pydradýar.

— Nämeleri pikirlenýäň, daýza?— Bu gepden soňra ogry hem üstündäki donuny bükläp, ýassyk edinip gyşardy.

— Nämäň pikirini ederdim. Şu dört ýetimiň ertirini oýlaýanda, oglum. Döwüriň nähilidigini özüň bilýäň, günüňi dolamak aňsat däl, şapbat ýaly nan gyzyla deň. Entek bularyň elinden gelýän iş ýok. Arabakeş daýysy hem gazananyny öz hojalygyndan artdyryp, bulara nahar berip bilenok. Öýde bolsa göz görüp, el tutar ýaly goş-golam galmady. Bir çetinden satyp, iýip ýörüs. "Ýatyp iýene dag hem çydamaz" diýenleri. Eh-h bu çagalar haçan ulalyp, haçan öz çöregini gazanyp biljek. Teşwüş içre hyýala çümeniňi bilmän galýaň. Bu ýetimleriň biri ogul, üçüsi gyz. Indi on dördüni dolduryp on bäşe geçdi. Gyzlar haçan bir ýere durmuşa çykjak. Özi märeke üýşürip ýygnap aljak ýer tapylaýmasa, ýöne bulara kimiň gözi gyzýandyr öýdýäň. Döwür agyr, ogry oglum, döwür agyr.

— Dogry aýdýaň, daýza— diýdi, ogry— Meňem iki çagam, aýalym, birem garry ejem bar, bir towuga hem däne gerek, hem suw gerek, diýenleri ýaly şolary eklemegim lazym. Dört sany ýuka çörek tapmak üçin özümi oda-köze urýan. Bolmasa, işläýin diýsem bilimde kuwwatym bar, akyl-huşym ýerinde. Ine, häzir edip ýören ogurlugymy halaýandyr öýdýäňmi?. Gül ýaly kesbi-kärim bardy. Zamana çepbesine çöwürildi. Kerinska paşşa[2] bolansoň uruş ýatar, diýipdiler. Bu golaýda ýatjaga meňzänok. Henizem gün güýçliňki, gowurga dişliňki.

Mamam:

— Başga bir iş etseň bolmaýamy, oglum?— diýdi.

— Näme iş edeýin? Ata kesbim aýakgap ussaçylygynymy? Onam aýtsam, köwüş tikmäge ne telentin bar, ne çüý bar, ne-de sapak. Çig malyň gory tükendi, köwüşden üç esse gymmat. Hammalyk edeýin diýsem, owalky deýin haltalap galla, sogan-kartoşka alýan baýlaryň tohumy tükendi. Düýnki gün şu obaň öňden gelýän aýakgap ussalaryndan biri, Buwamat aga ähli esbap-enjamlaryny iki put galla çalyşdy. Gowy etdi. Onuň ädiklerini geýýän özbek, gazak, gyrgyz daýhanlary nirede, galmady. Diňe olaryň ýetimleri şäherlerimizi dolduryp ýör. Haýsy köçä, haýsy bazara barsaň on bäş ýetim kir-kimir elini uzadyp: "Daýy, çörek beriň", diýýär. Çöregi özümiňkilere tapyp bilmeýän bolsam. Ýeke men däl, daýza, şäherdäki hemme işgärleriň ýagdaýy şeýle. Pyçakçylaram, harazçylaram, gönçiler hem, olar bärde dursun, mekdep mugallymlarydyr, mollaryňam haly harap. Bir çemçe ýaga zar, tentäp ýörler.

— Wah, Hudaýjan, uruşlary başyny iýsin, kyýamat-ahyr diýileni şudur-da. Hä, bolýada, şu ýetimleriňem ýüzi güljek güni bardyr-da. Hawa, nalaçlykdan  haram ýola baş uran bolsaň, baý-begleriň öýüne barsaň bolmaýarmy? Ine, obada Kerim kary diýen ahun bar, Adylhoja baý diýen potratçy bar. Matýakup baý diýen gönçi bar. Olaryň mal-mülki dolup-daşyp ýatyr. Sallançakdaky çagalaryna çenli kümüş gapda aş içýär. Şolaryň öýüne ogurluga düşseň bolmaýarmy? 

Ogry:

— Wah, daýzajan, sada bolýaň, sada— diýdi— Baýlaryň öýüne baryp bolýarmy näme, olaryň pagsasy sekiz gat, gapylary demirden, hersiniň agylynda ikiden, üçden eşek deýin itleri bar. Bu itler howlyň üstünden kepelek geçse-de bir hepdeläp üýrýär. Adylhoja baýyň öýüni garawullaýan guly tüpeňli gezýär. Heniz-ä janymdan doýamok, öldürmeselerem sibire sürgün ederler.

Mamam:

—Bu gepiňem dogry, oglum. Ýöne seresap bol. Il-güniň öňünde masgara bolup, abraýdan düşäýme— diýdi. 

— Dogry aýdýaň, daýza. Düýnki gün Aryp porsyň keteginden dört towuk, bir horaz ogurlapdym. 

— Towuk diýdiňmi? Ol janwarlar ürküp, gygyryşyp ele düşüräýmeýärlermi?

— Barça işiňem öz ugur-ýoly bolýan eken, daýza, towuk ogurlamaga gidemde bir çüýşä suw guýup alýan. Soňra ketegiň ýanyna baryp agzymy suwdan dolduryp towuklara pürkýän. Towuk kimin akmak jandar düýnede ýok. Ýagyn ýagýandyr öýdüp, başyny boýnuna dykyp ýatyberýär, soňra ýeke-ýekeden bokurdagyndan bogup halta salyberýän.

— Şeý diýsene, waý toba, hemme hünäriňem syry bolýan eken-da.

— Tasdanam ogurlugym paş bolupdy. Ellibaşy Rahmanhoja horazy berdim, işiň üstüni ýapaýdy. Rahmanhoja meň bilen işleşýär, gowy adam. Öňräk ony-muny satyşdyryp, segsen üç som jemläp: "Bar tapanym şu, ellibaşy aga" diýip, para beripdim, urşdan alyp galaýdy.

—Bala-çagasynyň rahadyny görsün. Indi bärik seret oglum, hä diýmän daňam atar. Ana, ýaldyrak ýyldyzam dik depä geldi. Aşhanaň ýanyndaky tutdan asylyp ýere duş, odunymyz ýok. Aşhanada bir döwürler bagdan getirilen iki sany töňňe bar, paltany alyp şolaryň bir çetinden azrak çapyp ber, küňçäni gaýnadaryn. Agşamky zagaradan ikisini alyp goýupdym, bileje çaý içeris.

Ogry:

— Ýok, daýza— diýdi— Töňňe çapyp bereýin, ýöne çaý içmerin, çünki jahan ýagtylsa meni tanarsyň. O derejede uýat-haýamy gidiremok, utanýan.

— Waý, oglum, biziň öýden eli boş gidersiňmi? Bir zatlar äkit. Tagta, näme alyp gitseňem, wiý, huşym gursun, aşhanada ýekeje ýarym putlyk gazan bar. Öňler öýümiz adamdan doludy, uly gazanda aş içerdik. Hudaýyň gazabyny getirdikmi, nämemi şeýle uly maşgaladan diňe şu dört ýetim galdy. Eh-h, bular haçan ulalyp gazan gaýnatjak…Şony äkidäý, satyp bir derdiňe ýaradarsyň, ogry oglum.

— Ýok, ýog-eý daýza, ýaman niýet etme. Hä diýmän bu günlerem ýat bolar. Ýene uly maşgalalar jem bolar. Hatda bu gazanam kiçilik eder. Şol ýetimleriň özüne nesip etsin. Toýlarynda oýnap-gülüp hyzmat edeli. Hoş, daýza, men gideýin, jahanam ýagtylyp başlady.

— Hoş, ogry oglum, gelip dur…

— Bolýa, daýza, bolýa…

Men şol ogryny tanaýardym. Henize çenli kimdigini hiç kime aýtmadym.

—————————

[1] On ýedinji ýyl— 1917-nji ýyl.

[2] Kersinka paşşa— Russiýada 1917-nji ýylyň fewralyndan oktýabr aýyna çenli höküm süren wagtlaýyn hökümetiň başlygy.

Gafur GULAM

Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI 2022 ý.

54 |
|