2 minut alar
Meňzetmek / satiriki hekaýa
MEŇZETMEK Men bir näçe ýyl ozal Nýu-Ýorkdaky Selemanka şäherçesine geldim. Bu ýerde men otlymy çalşyp ýatyş orunly wagona münmelidim. Münüş meýdançasy adamdan doly, olaryň hemmesi bir eýýam dolan, uzyn wagona münmäge synanyşýardy. Men ýolpetek satylýan ýerde oturan adamdan: ”Ýatyp gitmek üçin ýer alyp bilermikam?" diýip soradym, ondan "ýok" diýen jogap alyp, aňyrrak baryp başka bir işgärden iň bolmanda wagonyň darajyk bir burçundanam bolsa ýer tapyp bermegini haýyş etdim. Ol bolsa gazap bilen gepimi bölüp: —…