Degişme

Gülki ummany / saýlanan degişmeler

DERT BOLAN DÜÝŞ Bir adam psihologa derdini aýdýar: — Wah agam, her gije düýşümde nähili dertler çekýänimi, nähili ajal derlerini dökýänimi bir bilsediňiz… Psiholok: — Pygamber ýorgudy bolsun Inşallah. Düýşüňizde nähili zatlary görýärsiňiz?. Adam aglamjyrap jogap berýär: — Näme, nämeler… Zyýapat, tans, aýdym-saz, içgiler. Her dürli, aňry baş iýmitler, garaz her zat bar-da… Içhä-iç, çalha-çal… — Ajaýyp, mundan başga näme isleýärsiňiz? Käşkä menem her gije şular ýaly zyýapatly düýşler görsem, başga näme isläp bilerin. Adam…

Gülki ummany / saýlanan degişmeler

Gündeligimden garaýyş👀 #5 On sany degişme dialog

Asla baglanyşygy bolmaýan temalarda ejeleriň "ejelik karty" manipulýasiýasy. 👩 Eje, nahar şor bolupdyr. 👵 Müň alada, müň gaýgym bar. Eje bolaňyzda sizi hem göreris-dä. 👩 Eje, bazardan pylan zat almagy unudypsyň. 👵 Haýsy bir zat ýadyma düşsün. Eje bolaňyzda görersiňiz-dä. 👩 Eje, bu nagşy ýalňyş çitipsiň. 👵 Serimde set (ýüz) - müň sany pikir bar. Eje bolaňyzda... 👩 Eje ýegenimiň/agtygyň balagyny ters geýdiripsiň-ä. 👵 Eje bolaňyz... 👩 Bolýa, bolýa. Özüm geýdirerin. 👩 Ejeee! Asmanda durnalar…

Gündeligimden garaýyş👀 #5  On sany degişme dialog

Gündeligimden garaýyş👀 #6 On bir sany degişme dialog

👦 Ýüregiňiz eýelimi, ýogsa, ak atly şazada garaşýaňyzmy? 👩 Ýok! Duşuşykda arkaýyn soganly-sarymsakly nahar iýip biljegim ýigit gözleýän. 👦 Hmm. Intellekt (intelligence) şahs däl ekeniňiz. Siz meniň isleýänimden däl. 👩 Nä özüňe haryt saýlaýandyryn öýdýäňmi?! Asyl-ha, sen meniň isleýänim däl, şepe! * * * - Özüňi ýene 5 ýyldan nirede görýäň? + Şu sowala hiç haçan jogabym bolmandy, häzir hem ýok we men bu ýagdaýdan birahat däl, hoşal! - Maksatsyz ýaşaýaň, bu gowy däl! +…

Gündeligimden garaýyş👀 #6 On bir sany degişme dialog

Kofe

Şäherde táze Kofe dükany açylypdy, her gezek deňinden geçenimde dükana seredip uludan demimi alýardym. Men haçan gelerkäm bu dükana? Gelsem pulym ýetermikä? Içinde diñe kofe satylýarmyka ýa çaý-paýam barmyka? Beýle pikir etmegimiñ sebãbem, dükan Lýuks bolup görünýãrdi. Babyrlar gelýändir bärik, Buharañ jögileri ýaly edip, meni içerik almazlarla, jübide çigit alar ýaly pul ýok diýip pikir edýärdim. Ýöne her gezek deñinden geçemde içimden "Bir günä hökman şu taýdan kofe içerin, gerek bolsa kakamyň jübisinden pul ogurlaryn…

Halaýan gyzyňa goşgy ýazmak

Salawmaleýkimler. Goşgy ýazmak gowy zat, şeyle dälmi? Ýazyp bilseň. Hasam halaýan gyzyňa ýazmak? Ýöne hemme wagt beýle bolmaýar... 6-njy klasda okap ýörin. Klasda bir gyz bar, birbirimizi halaýas. Halaýas diýşimem duşuşyk zat yok, agşam öyde hat ýazyp ertesi güni birbirimizin kitabymyza ya-da sumkamyza goýýarys. Toýda zatda uzakdan birbirimize seredip gülüşýäs. Bar bolanam şu. Bir gün gyz bilen söwüşdik. Näme üçin söwüşenimem bilemok, bolgusyz samsyk zat bolmaga çemeli. Gyz menin bilen gürleşenok, hat berenok. Men hat…

Goňşy daýza

Biziñ bir goñşymyz bar, haçan gyz jigim, ýegenim dagy gelse bu-da gelýä. Gelende näme goñşydyr-da diýýänsiñiz welin ýagdaý başgaçarak. Gündiz-agşam tapawudy ýok, biziñkiler gelýä welin yzlaryndan bu daýza-da gelýa. Ýegenim entäk gelip nämäñ nämedigini bilmänkä gujagyna alýa, gowy görýän diýip dişleýä, çümmükleýa, ýokaryk zyñyp gapýa, garaz çagajygyñ işini görýä. Çagajygam bizar bolupdyr indi, daýza gapydan girýä welin emedekläp gaçyp ugraýa. "Nirä barýañ, gel bärik" diýip aýagyndan çekip alýa. İki ýaşly ýegenim şol daýza sebäpli çalt…

Ol ölenmi ýa-da diri? /satiriki hekaýa

OL ÖLENMI ÝA-DA DIRI? 1882-nji ýylyň martynda men Montanadaky Riwearada-da ýaşaýardym. Monte-Karlo ýa-da Nitsadaky ýaly adamlardan däl-de, şäheriň çetindäki bu ýerde ýalňyzlykdan rahatlanýarsyňyz, üstesine adamlaryň goh-galmagalysyz günüň şöhlesinden, arassa howadan we dup-dury deňizden arkaýyn lezzet alyp bilýärsiňiz. Montana şan-şöhrada dalaş etmeýän asuda, dynç şäher. Baý, begzada adamlar bu şäheri känbir pitiwa etmeýärler. Şeýle hem bolsa bu ýere käte birki sany baý gezelenje gelýär. Ýakynda men ana şolar ýaly bir baý adam bilen tanyş boldum. Onuň…

Ol ölenmi ýa-da diri? /satiriki hekaýa

Oýun

Orta mekdebi gutaran ýylymyz, maýyñ ortalaryna, klas ýolbaşçymyz we şol sanda Himiýa mugallymymyz, 9-njy we 10-njy klaslar arasynda oýyn (teatr) basleşigi boljakdygyny, şol básleşikde ýeñiji bolan klasyñ etrapda gurnaljak oýun bâsleşigine gatnaşjakdygyny aýtdy. 9-njylarda 4, 10-njylarda-da 4 klas bar, jemi 8 klas gatnaşmalymyş. Klaskoma oýunda oýnajaklary saýla diýdi. Klaskom, oýnajaklary saýlady, menem baryn aralarynda. Şunça "ýok men oýnamaýyn, utanaryn" diýsemem diñlemediler. "Repetissiýa bahanasy bilen sapaklara-da girmeris ehe ehe" diýip kabul etdim. Men, il-güniñ deregine ýarap…

Wäşi / ylmy-fantastiki, satiriki hekaýa

WÄŞI Otagda ýaňlanan sesleri eşidip ikirjiňlenmän içeri girdi. Töweregi synlady. Otagda ondan gowurak adam bardy. Ömür tanapy üzülip barýan bir garryň başyny alyp, göz ýaşlar içre garaşyp otyrdylar. Synçylygyna esaslanyp dogry pursady ulandy, soňra işini ýerine ýetirmek üçin iň amatly adam diýip hasaplan orta ýaşlaryndaky adamyň ýanyna baryp: — Salam jenabym, bir degişme diňlemek isleýärsiňizmi?– diýdi. Aglamakdan ýaňa gyzaran gözlerini galdyryp, robota geň galyp seretdi. Näme diýendigine düşünmän, jogap bermäge ikirjiňlendi. Üstesine durşuny üýtgetmän Bilesigeliji:…

Wäşi / ylmy-fantastiki, satiriki hekaýa

Geň-taň ogurlyk / satiriki hekaýa

GEŇ-TAŇ OGURLYK Gyşyň aňzak tüni. Satyjy dükanyň penjiresiniň daşky gözeneklerini ýapyp duran mahaly tötänden dükanyň içinde gezip ýören bir adama gözi düşdi. Daşary çykmazdan ozal dükanda adam galandygyny görmändi. Nätanyş adam tekjede duran birnäçe bölek mesgäny çakganlyk bilen alyp, başgabynyň içinde gizledi. Satyjy gapydan daşary çykmaga howlugyp gelýän ogryny synlap duran mahaly "Täsin iş boldy bul-a" diýdi. Aýny wagtynda oňa jeza bermegiň ýoluny hem agtarýardy. Çykyp gitmäge şaýlanan nätanyş adamyň eli gapyň tutawajyna degen wagty…

Geň-taň ogurlyk / satiriki hekaýa