Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Oýun

4 minut alar

Orta mekdebi gutaran ýylymyz, maýyñ ortalaryna, klas ýolbaşçymyz we şol sanda Himiýa mugallymymyz, 9-njy we 10-njy klaslar arasynda oýyn (teatr) basleşigi boljakdygyny, şol básleşikde ýeñiji bolan klasyñ etrapda gurnaljak oýun bâsleşigine gatnaşjakdygyny aýtdy. 9-njylarda 4, 10-njylarda-da 4 klas bar, jemi 8 klas gatnaşmalymyş. Klaskoma oýunda oýnajaklary saýla diýdi. Klaskom, oýnajaklary saýlady, menem baryn aralarynda. Şunça "ýok men oýnamaýyn, utanaryn" diýsemem diñlemediler. "Repetissiýa bahanasy bilen sapaklara-da girmeris ehe ehe" diýip kabul etdim. Men, il-güniñ deregine ýarap ýören garry ýaşuly rolynda oýnamalydym. Ssenariýa-da bolgusyz ssenariýa, mugallymyñ özi çyrşapdyr. (Kisloroda "gizlorod", myşşýaga "myşşak" diýýãn Himiýa mugallymdan ullakan zada-da gara§maly dál aslyýetinde) Şonda-da biz gowy taýÿarlandyk, gyzlar öz makiaj serişdeleri bilen hemmãmizi reñklãp çykdylar, Golliwud-yñ aktýorlaryndan kem galar ÿaly dãl tüweleme. Meñ saçyma-da agarsyn diýip pudr sepdiler, gözlerimiñ aşagyny gara galam bilen garaladylar, garaz 17 ýaşyndaky çagany 77 ýaşyndaky ýaşula öwürdiler. Aýnada özümi görkezdiler, mãhriban, ýardam söýüji ýaşula beýlede dursyn, arwah ýaly bir zat bolupdyryn, şol bolşuma öýe barsam, ejemem tanamaz, Lord of the Ring-de Frodo-nyñ yzyna düşüp ýören Gollum ýaly bir zat bolupdyryn. Ýadygârlik bolsun diýip şol bolşumyz bilen surata-da düşipdik. Suratda, meñ dişimiñ reñki ýaşyl, çynymy aýdýan. Nâdip ýaşyl boldy bilemok, ýa narkoz berip agzyma nas dykdylarmy ýa orurtma diş dakdylarmy bilemok. Òñemã sypatym ýok welin, işimi gördüler. "Aý, oýun üçinle, herkime-de makiaj etdilera" diýip ynjaltdylar. Menem derrew Mollanepes teatrda çykyş edýân ussat artist ýaly duýup ugradym özümi, roluma girdim ;
-Adamlar, eziz adamlar! Men teatr sahnasynda, oýun oýnap durkam ölmek isleýârin!! Eger men ölãýsem meni Mollanepes teatrynyñ podwalyna gömüñ!! Wesýet edÿárin!
Birnâçe gezek repetissiýa geçdik klasda. (Göz öñüñize getiriñ, adaty günlerde "bliiin, meñ galstugymy haýsy g..don aldaý? Almaňow p....zlar, alsaňyzam çözmäň, goňşa ýalbaryp täzeden daňdyrýan men ony" diýip agzyña gelenini sögüp ýören klasdaş oglanlaryñyzyñ öñùnde "Gadyrdan, eger-de siz arak diýilýãn merezi taşlamasañyz we gelniñize azar berãýseñiz, onda biz gatyrganyşmaly bolarys" diýip, mâhriban, ýardam söýüji ýaşuly rolunda oýnaýarsyñ) 
Básleşik güni ýetip geldi, básleşik mekdebiñ sport zalynda. Eşik çalşylýan ýerde garaşyp otyrys gezegimize. Hemme zat gurnalan, 5 sany jýuri bar, hemme zada şolar baha berýârler. Mekdebiñ direktory, iki sany zawoç hem jýurileriñ arasynda, iñ öñde otyrlar jýuriler. Oýun oýnaljak sahnañ gyrasynda-da "dj" bar, oýunda gerek bolýan muzykalary ol organizowat edýâr. Kassetany berýârler, kimiñ oýuny başlasa her klasdan biri durýar, kassetany goýmaly ýerinde kassetany goýup muzykany berýâr. 
Meñ sahnamam oýunyñ iñ soñragynda. Nâhili diýsene;Meniñ oglum bir edarañ başlygy. Menem oglumyñ ýanyna barýaryn. Gapy açyk, ýöne sekretarşa meniñ gelenimi görenok. Soñ, edil şol wagt sekretarşa adamsyndan telefon gelýâr. (Şol wagt, dj play-e basmaly, telefonyñ sesi üçin) Sekretarşa trubkany galdyryp gürleşip başlaýar. Telefonda adamsy bilen gohlaşýar, sebãbi adamsy köp içýâr. Aglap, trubkany goýýar. Ana, şol wagtam men "Gyzym, seniñ zeýrenişiñi eşitdim. Men saña kömek ederin" diýip tãzeden sekretarşañ adamsyna jañ edýârin. Oña "Gadyrdan, eger-de siz arak diýilýãn merezi taşlamasañyz we gelniñize azar berseñiz, onda siziñ bilen gatyrganyşmaly bolarys" diýip kâýýãn bolÿan. Soñam trubkany goýup "Keýigim, indi aglama, ol hiç haçan arak içmejekdigine maña söz berdi" diýip 20 ýyllyk alkaşa 1 sözlem bilen aragy goýdurýaryn. (20 ýyllyk alkaş seni diñlârmi diýsene, tananok edenok, señ 1 sözlemiñ bilen aragy goýýar, şeýlemi? Ssenariýa bolgusyz diýip duýdurypdym)
Biziñ gezegimiz geldi, meñem sahna girmeli gezegim gelip ýetdi. Men, güpür-tapyr ylgap sahna geldim. Gelenimem şoldy welin, dj dutaryñ sesini goýberdi. Menem geñ galdym, biziñ oýnumyzda dutar ýoga, men giren wagtym telefonyñ sesi gelmeli diýýân. Ýalñyş kasseta goýupdyrlar. Soñ, dj hem ýalñyş kasseta goýanyny bilip dutarly muzykany saklady. Ýöne henizem telefonyñ sesi gelenok. Aý, garaşyp öldüm, telefon dagy gelâýenok. Şol wagt, daşyndan seretseñ, il-güniñ deregine ÿarap ýören ýaşula dálde, eýsem, elini jübisine sokup, ýaşajyk gelini kesesinden synlap duran golodnyý ýaşula meñzeýãn. Sekretarşa gyzam ýadandyrda garaşyp, agzyndan "jyrrrrr,jyrrrrr" diýip ses çykardy. Meñ bir gülkim tutdy, birden wahahaýlap gülip başladym. Oýun, básleşik, direktor, jýuri, hiçzat barada pikir edemok, jak-jaklap gülýãn. Gyzam saklanyp bilmedi, olam gülip başlady. Biri-birimize seredip dâli ÿaly gülýáris. Tomaşaçylar hiç zada düşünenok, oýun şeýlemikâ diýýârler, zal dym-dyrslyk, diñe ikimiz gülýáris. Soñ, köşeşdik azajyk, men sekretarşa göwünlik berdim. Adamsyna şol minutda aragy goýdy. Há, soñ, sekretarşa maña sagbolsun aýdyp "Sag boluñ, minnetdar" diýip meni gujaklamaly. Sekretarşa meni gujaklan wagty yzrakda oturan 2-3 sany tomaşaçy güldi. Gülkiñ tutyp durka biri gülse señem gülkiñ tutýar. Men öñem zordan saklanyp duryn, sekretarşany gujaklap gülip başladym, sekretarşada meni gujaklap gülýár. Garaz, oýunyñ işini gördik, iñ soñunjy orny eýeledik. Oýun gutardy, men klas ýolbaşçymyz göráýmesin diýip ýüzime gara maska dakdym,eşik çalşylýan otagyñ ápişgesinden ÿüp oklap ýüpden syrygyp gaçdym. 


 

108 |