3 minut alar
Asman
Hol gün, howlugyp gidip barýarkam öz çagalygyma gabat geldim. "Nâhilow, gowumyñ?'' diýdim. " Gowy" diýdi. "Men, 20 ýyl soñky sen" diýdim. "Bah, nâtdiñaý?"diýdi. "Nirâ barýañ?"diýdim. "Mugallymy aldap jogap aldym. Okuwdan bizar boldum" diýdi. Daş keşbine seretdim; balagy kirlenipdir, köwşüniñ ujunyñ reñki top depmekden ýaña solupdyr, kostýumynyñ ýeñinde sümügiñ yzy, egninde-de özi bilen boýdaş sumkasy bar. "Şu bolşuña bir seret" diýdim. "Saña ýüregim awaýar" "Sen nirã barýañ?" diýdi. "İşim bar gyssagly"diýdim. "20 ýyl geçdi aradan, durmuşyñdan…