Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Asman

3 minut alar

Hol gün, howlugyp gidip barýarkam öz çagalygyma gabat geldim. "Nâhilow, gowumyñ?'' diýdim. 

" Gowy" diýdi. 

"Men, 20 ýyl soñky sen" diýdim. 

"Bah, nâtdiñaý?"diýdi. 

"Nirâ barýañ?"diýdim. 

"Mugallymy aldap jogap aldym. Okuwdan bizar boldum" diýdi. 

Daş keşbine seretdim; balagy kirlenipdir, köwşüniñ ujunyñ reñki top depmekden ýaña solupdyr, kostýumynyñ ýeñinde sümügiñ yzy, egninde-de özi bilen boýdaş sumkasy bar.

"Şu bolşuña bir seret" diýdim. "Saña ýüregim awaýar" 

"Sen nirã barýañ?" diýdi. 

"İşim bar gyssagly"diýdim. 

"20 ýyl geçdi aradan, durmuşyñdan razymyñ?" diýdi.


"Señ 20 ýyl öñki arzuwlaryñ hasyl boldy, durmuşym erbet dâl. İndi öñki çaga dâl men." diýdim. 

"Düş yzyma" diýdi. 

Kommerçeskâ gidip Sega oýnadyk. Maşyn ýaryşda meni utdy. Doñdurma aldy, magaziniñ eýesine "oýunyñ we doñdurmanyñ puluny mundan al" diýip meni görkezdi. Ol barmana kommerçeskã çagalykda iñ gowy görüşýãn dost oglanym Döwran girdi. "Ohoow, gel hany" diýip garşy aldym. O-da mugallyma "Toýa gidýâris" diýip aldap okuwdan gaýdypdyr. Oñ bilenem Sega oýnadyk. Ýene utuldym. Doñdurma aldy o-da. Puluny töledim. Kommerçeskiden çykdyk. Asmana seretdim.

Asman ajayypdy.

 

Soñ biziñ öýümiziñ gabadyna gelip durdyk. Ýarym sagat Döwran bilen lakgyldaşdyk. Döwran öýüne gitdi, bizem çagalygym bilen öýe gelip çaý-çörek iýdik. Çaý-çörekden soñ "gel göreşeli" diýdi. Derrew aşagyma aldym. "Sen çyna gidýãñã" diýip torsaryyldy. Soñam elimizi bir-birimiziñ egnimize goýup howla çykdyk. Howludaky demirleriñ arasynda ýaşaýan möýe siñek oklamakçydyk. Boş otlyçöp gutysynyñ içine azajyk bal goýup gapan gurdyk. 1 minut soñ gapana siñek düşdi. Siñegi möýüñ kerebine eltip çöpjagaz bilen otlyçöp gutysyndan çykardyk. Siñek kerepden sypmaga synanyşdy, emma şol wagt möý gelip siñegi alyp gitdi. 
 

Gülişdik. 

Soñ Döwran geldi. Öyün beýlerãginde boş meýdança bardy. Otlaryñ içinde elimizi kellämiziñ aşagynda goýup üçimizem asmany synlap ýatdyk. Hiç zady gaýgy edemzokdyk. Ondan-mundan gürleşdik, arzuwlar etdik. Klasdaşymyz Nabad-yñ gybatyny etdik. Oglanlaryñ hemmesini diýen ýaly urýardy. 2-3 ýyl soñ ulalarys, şonda-ha uryp bilmez diýip ynjaldyk. 

Ýoldan geçip barýan deñ-duş gyzlarymyza seredýârdik. Kãbirine aşyk bolýardyk. Yöne söýgi näme bilemzokdyk. 
 
Ol barmana Döwran "top oýnaly" diýdi. Topumyz ýokdy. "Kerimde bolmaly, özünem çagyrarys" diýdi. Kerimi almaga gitdik. Ol döwürde sotowyý telefon ýokdy. Kerimem geldi, ikã bölünip top oýnap başladyk. Derwezãñ aralygy 2 âdim bolsun diýdim, 3 bolsun diýip dawa etdiler. Bolýa diýdim. 5 goly kim öñ salsa, şol ýeñiji. Çagalygym, ökde oýnaýardy, aýagyndaky topy almak kyndy. Şonda-da biz ýeñdik. 


Soñ üýşip Kerimleñ öýleriniñ gabadyna geldik. Kerimiñ bizden iki ýaş kiçi jigisi dostlary bilen, goñşy-golamyñ çagalary bilen bukuldym oýnaýardylar. Bizem olar bilen oýnadyk. Goñşy daýzasy "Bizar boldum siziñ sesiñizden, gidiñ başga ýerde oýnañ" diýip ãpişgeden gygyrdy. Hiçkim ony diñlemedi. Ýadaýançak oýnadyk. 

Ajygypdyk. 

Kerim öýlerine gidip çörek getirdi. Skameýkada oturyp gury çörek iýdik. Ýöne ol çörek, dadyp gören ãhli tagamlarymdanam lezzetli ýalydy. Soñ, dagadyk, herkim öýüne gaýtdy. 
Öýüñ öñündãki agajyñ düýbinde oturdym. Gün ýaşyp gelýârdi. Asmana seretdim.

Asman ajaýypdy.

 Güniñ ýaşyşyny synladym. 

 Çagalygym, öñüme geçip gürlãp başlady;

 -Men her gün şu ýerde, şu meýdançada. Sen bolsañ günbe-günden ýitip barýarsyñ... 

Gün geçdigi saýy, bir gün öñki güniñi küýseýãrsiñ...

Durmuşyñ gün saýy çylşyrymlaşýar...

Hool ýaşyp barýan güni görýâñmi? İne bir gün onam görmersiñ...

Hemme zat gowy bolar diýip özüñi aldaýarsyñ, ýöne gowy bolup barýan zat ýok...

Seniñ durmuşda eýe bolan zatlañ, eýýãmden saña, özüñe eýe bolup başlady...

Arzuwlarym hasyl boldy diýýãñ welin, öz-öziñi aldaýan bolaýma? 

Meñ bolsa ãhli gaýgym, meýdançada top oýnamak, top oynan wagtymyz size ýeñilmegim, göreşde menden üstin çykmagyñ. Başga derdim-aladam ýok meniñ. 

 Jogap berjek boldum, damagym doldy.

"Şu bolşuña bir seret" diýdi. "Saña ýüregim awaýar...''

 "Boldy et indi, bes et diýýãn" diýip gygyrdym. Gözümiñ dolandygyny bildirmejek bolup asmana seretdim. 

 Asman ajaýypdy...

58 |
|