Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýetginjekkäň öýden gaçmak barada pikirlenmek

3 minut alar

Bah, şu ýetginjeklik döwri gör nahili çylşyrymly döwür, şeýle dãlmi dostlar? Ýetginjeklik döwrüne 13-14 ýaşynda girýâr adamzat. (Men 20 ýaşymda zordan girdim, entâgem çykyp bilemok:(( ) Şol döwürler, ene-ata üçinem kyn bolýar. Sebãbi çagañ psiholgiýasy gipertonikleriň dawleniýasy ýaly üýtgãp durýa, bir gün örän gowy, ertesi güni öz çagañdygyna ynanyp bilmersiñ. Arwah ýaly. Gadymy Rim-de bolsañ gul bazara ãkidip gul diýip satasyñ geler öz ogluñam bolsa. Men bu zatlary nireden bilýãn? Çaga ýetişdirdimmi? Ýok aýal dogan, ýöne öz ýetginjekligimi, jahyllygymy gowy edip analiz etdim. Beýleki ýetginjekleñem menden kãn bir üýtgeşik zady ýokmyka diýýân. İñ azyndan meñ dostlarymyñ ýetginjekligä şeýlerãk. Hãzir, 14 ýaşyndaky "meni" ýolda görsem öýe getirip 1 gije gündizlãp üstinden galman ýatardym haramzadañ. Beýle-de bir ýetginjeklik bolarmy? 

Howwa, ýùziñde düwürtikler köpelýä, düýşiñe gyzlar girip helãk edip ugraýa, boýuñ ösýã, sesiñ ýognaýa. Sesiñ ýognaýa diýsem, gyryljaklaşýa. Nejis ses. Ne ýogyn, ne -de inçe. Bir sözlemde sesiñ birdenkã ýognaýa, sözlem gutarmanka-da sesiñ inçelýã. Bir gezek düşmeli duralgama gelemde awtobusyñ yzky gapysy açylmady. Şofëra " agam gapy açylmady" diýdim. Ýöne "agam ga"-ny ýogyn ses bilen, "py açylmady"-ny inçe ses bilen diýdim. Ýolagçylar arwah gören ýaly seretdiler.

Ýene bir zat, şol döwürler özüñe-de göwnüñ ýetip başlaýar. 7-nji 8-nji klasa çenli klaslarda şefler bolýandyr, bilýãnsiñiz-ã oglanlar. Her kim klasyñ şefine tabyn. 7-8-nji klasdan soñ şefligem yuwaşlyk bilen soñlanýar. Urşulmasa-da, biziñ klasymyzda her kim şef diýilýã. Ana bu-da, ýetginjeklige girip başlanlygyñyzyñ alamaty. Gedemlik başlaÿar. Bolar-bolgusyz zatlara gaharlanan bolýañ, toýa gelen myhman oglanlara yrsaraýañ. 


Bu gedemlik, öýde-de dowam edýãr. Sähel bir zat bolsa öýde tupan turuzyp başlaýarsyñ. Menä köplenç kakam ýokka goh-galmagal edýârdim. Kakam Spartacus-daky Doktore ýaly adam, gamçylap urar oña goh-galmagal etsem. Aljak zadyñy aldyranoklarmy? Goh-galmagal. Ýa-da gitjek ýeriñe goýberenoklarmy? Ýene galmagal. Aýdýana, çöp gymyldasa galmagal. Soñ, öýden gaçmak barada pikirlenip ba§laýarsyñ. Döwranam şeýlerãk, o-da gelip goltgy berýâr; 
-Eý Döwran, bizar boldum-eý öýdäkilerden. Maña düşünenoklar :(
+Dogry aýdýañ McM. Ýaşlara düşünenokda ene-atalar...
- Nãme etmeli? Okuw gutaryp gitjek men öýden. Alyslara gitjek. Daşary ýurda gidip işlãrin, şol taýda hem okuwa girerin. Öýden gitsem bolýa. §ol taýlardanam gowja gyz tapyp öýlenerin. Öýe-de ýylda bir gezek gelerin. Şonda-ha gadyrymy bilerler-dã... 
+ Dogry aýdýañ. Okuwy gutarmaly ýöne. Orta mekdep attestaty gerek bolýa nirâ gitseñem. 
- Howwa, gerek bolýa. Daşary ýurtda okuwa zada nemedâýseñem...Passpordam gerek bolar...Sumka-da geýãýjek eşiklerimi goýaryn. Çörek bilen gowurdagam alaryn...Tizräk okuw bir gutarsa...Derrew gitsedim şu taýlardan... 


Nirâ gidýãñ Alabaý? Nadip gidýãñ? Eliñe attestat bilen passport aldyñ, boldugymy şol? Näme Meksika serhedinden geçýäñmi? Daşary ýurtlylaram "haçan McM gelerkã" diýip gujak açyp durandyr. 

Ýöne Döwran, öýündãkiler bilen sähel gohlaşsa öýden gaçýardy. Gaçyp enelerine ýa-da mamalaryna gidip 1-2 gün ýaly bolup gelýãrdi. Maşgalasy üçinem Döwranyñ gaçmagy adaty zada öwrülip gidipdi.  
-Gelneje salawmaleýkim. Döwran öýdemi?
+Ýok ola düýn öýden gaçdy öýdýãn. Görünmedi şu günã..
- Hã, şeýlemi. Bolýala. Haçan gelerkã?
+Bilmedik-dã. Düýn gaçdy özä... Bugünde-ertede gelerle türsik-maýkasyny çalyşmaga. 
Görşüñ ýaly dogan, öwrenşipdirler. Gaçan wagty türsik-maýka almandyr, çalyşmaga geler diýýâ.

Howwa, Döwran gaçar-da men gaçmarynmy? Bir gün kakam käýedi, kakam işe gidensoñ menem öýden gaçdym. Döwranyñky ÿaly mamamlar, enemler ýakynda-da dãl. Gaçdym gaçmasyna welin, gidere ýer tapamok. Nirä gitsemkäm, nirâ gitsem tapyp bilmezlerkã diýip pikir edýãn. Hamana FBR-den gaçýa deyyus. Soñ gidere ýer tapmadym, şãherde ÿarym sagat ýaly eýlâ-beýla aýlanan bolup öýüñ ýanyndaky parka gelip oturdym. Ýagyş ýagyp ugradam welin balagymy çermãp ylgap öýe gaýtdym. 

Öýe geldim welin ejem barmysyñam diýenok.  
+Eje, men öýden gaçdym ýañy..
- Daşaryda ýagyş ýagýamy?
+Howwa ýagýa eje. Öýden gaçdym men..
-Borla oglum. Nahar iymeli, bar çaý goýsana menâ halys ýadadym...
+Eje.. Òýden gaçdym diýýän welin düşünmediñmi?
-Düşündim oglum düşündim. Gelýãkäñ saçagam getir.. 


Ana şeýle.

53 |
|