Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýetginjekkäň çaga ýaly geýinmek

3 minut alar

16 ýaşyma çenli geýjek eşigimi ejem saýlap alýardy. Nãme äber diýsem men bazardan gidip gowusyny alaryn diýýárdi. Köçämizde Eÿran gatnap çaga eşik getirip satýan gelneje bardy. Her gezek Eýrandan gelende, bize gelip ejeme "aýal dogan, ogluña alsañ gowja balajyk, köýnejik bar, çaga eşik bar " diýip aýdyp giderdi. Ejemem maña gerek zat bolsa gidip alyp gaýdardy. 16 ýaşynda-da bir çaga bolarmy diýmek kellã gelmeýárdi, ejem iñ gowusyny bilýâ, ol diýÿãn bolsa dogrudyr diýip sesimi çykarman, näme alsa ýok diýmän geýýárdim.

 

Tomus kanikuly gutaryp barýardy, men 7-nji klasy gutaryp 8-e geçen tomusym, klasdaşlañ biri doglan günini bellãp weçerinka etjek diýip çagyryp gitdi. Menem ýañy-ýañy düýşümde gyz görüp ugran wagtlam, bezenip weçerinka gitmekçi. Weçerinka gitmäkäk, günorta naharyndan soñra saçymy aldyrmak üçin parikmahera gitdim. Agşamky weçerinka taýynlyk görýãn. Bardym parikmahere, "Ýazgeldi aga, meñ saçymy Shakrukh Khanyñky ýaly etsene, agşam weçerinka gitjek" diýdim. Bilÿãnsiñiz, Shakrukh-yñ saçy göni we uzynrak. Meñ saçym bolsa gysgarak we buýra-buýra. Nádip oñky ýaly etsin, mümkin dâl. Näme üçin beýle diýenimem bilemok. Ýazgeldi aga-da bet, " bolýa jigim, daş ederis" diýýã. Saçymy alyp boldy, Shakhruga beýle-de dursyn, adam sypaty ýok mende. Kellãm mekgejöweniñ gulpagy ÿaly, gyralary alypdyr saç goýmandyr, üstindenem çalaja alypdyr. " Daş boldy jigim, Van Damme bolduñ" diýýã. İçimden sögünsemem daşymdan " sag bol Ýazgeldi aga, eliñe si...mmmm...eliñe siññil çykmasyn, eliñ-ýüziñ dert görmesin" diýip çykyp gaýtdym. (Görşùñiz ýaly, tas daşymdanam sögüpdim). 

 

Öýe gelip taýynlyk gördim, eşiklerimi geýip Döwrana garaşyp başladym. Döwran geldi, bile Myradam alyp weçerinka gitdik. İkisem geýinmãni oñarýarlar, gara balajyk, akja köýnejik, garaja köwüşjagaz. Weçerinka barýarlarmy ýa Parij moda hepdeligine barýarlarmy belli dâl. Meñ egnimde bolsa gyzyl balak, ýaşyl kletka köýnek, ak jorap, mele köwüş : ( İphone-yň menýusu ýaly reñk öwsüp duryn. Olañ ýanynda çaga ýaly. Bardyk weçerinka, okuw gutaranyna 3 aýam bolan bolsa, göz öwrenişmänindenmi nãmemi, klasdaşlar üýtgäpdirler. Oglanlar ösüpdirler, sesleri ýognapdyr. Gyzlar aý ýaly bolupdyr, náz-kereşme bolup dur hemmesem. Üstü-başlaram uly adamyñ geýnişi ýaly. Bir öz üsti-başyma seredýãn, birem olañka. Ependiñ eşegi ýaly tapawutlanyp duryn men. Boýum entãk ösmãndir, 1,58-1,60 töweregi. Òzümi olañ arasynda erbet duýdym. Oglanlañ kãbiri üstimden gülýa, " eý gyzyl balagyñy bir günligine geýmãge bersene" diýşip, gyzlar adam hasabyna goşanok, " bujagazyñ gowjadagyny" diýşip saçymy oýnap eýlämi beýlämi mynçgaýalar. 

 

Guwanç diýip klasdaşymyz bardy, gözi pesräk bolansoñ oçki dakynýardy. Kâbir ujas kinolarda bolýandyra, ýaş oglan-gyzlar tokaýa gezmäge gidýarler, soñ tokaýda bir zat bulary öldürip başlaýar. Şolañ arasynda oçkili, çişijek, gorkajyk oglanlae bolýandyr. Kinolarda iñ birinji şolar ölýãndir köplenç. Ana, Guwanjam şol kinodakylar ýaly, sadaja, gowşajyk, oçkilije oglan. Şundana ýamanlyk gelmez diýip şoñ ýanyna geçip oturdym soñ. Döwran bilen Myradam geldi ýanymyza. Gürleşip otyrkak, men klasdaşymyz Gülşada söz aýtsam nâme diýerka diýip soradym. Guwanç göwünlik bermek üçinmi ýa ýüreginde hiç zat bolmany üçinmi bilemok, "bolýa diýer, nãme diýmän" diýdi. Döwran " bilmedim-dã, synanyşyp gör" diýdi. Myrat bolsa " ýok how, seni nãme etsin ol, bir öz üsti-başyña seret, birem oñka" diýdi. Menem oñ sözine gaharlanyp agzymdan gelenini aýdyp ugradym aýal dogan, beýlekilere eşitdirmanrãk gygyrýan Myrada. "Meñ nãmãm kem? Bu eşikleri pylança manada Eýrandan getirtdim" diýip, bolmajy boldum. 

 

Birdenkã hemme tarap ap-ak boldy. Hiç zady göremok. İçimden "adam pahyr ýüreginden tutan wagty dünýâsi garalmaýar ekeni, eýsem agarýar ekeni. Menem ýùrek agyry tutdy öýdýãn" diýip, pikir etdim. Ýüregagyry dál ekeni. Myrada gygyran wagtym, agzymdan tüýküligim kirpiklerime syçrapdyr. Gözümiñ öñüniñ agarmasyna şol sebãp bolupdyr. Weçerinka gutardy, öýe gaytdyk. Öýe gelip hiçzat gürlemân Ak otagyma girdim. Oglanlañ üstimden gülişleri, gyzlañ erkek ornyna goýman çaga ýaly eýlami-beýlami mynçgamalary, Myradyñ aýdan sözleri, gyzyl balagym, ýaşyl köýnegim, ak jorabym, mele köwşüm...Hemme zat göz öñüme gelýârdi. Gaharyma agzyma gant okladym. Soñam kişñedim.

79 |
|