Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

#Söýgüli

2 minut alar

Nädip aýtsam sen başgadyň, tapawutlydyň,üýtgeşikdiň,täsindiň, jadylydyň hatda. Beýlekilere meňzemezdiň aýratynlygyň bilen. Deňiň bardy elbet, jübüt-jübütden ýaradylana men we maňa meňzeşler, sen we saňa meňzeşler.Özboluşly akja reňkiň bardy iň gowy görýän iki reňkimden biri. Ilki tanyşan günüm ýadymda. Juda begenipdim, ýaman şatlanypdym.Pikirem etmezdim saňa duşaryn diýip, ýöne bir gün duşjagymy bilýädim ol anyk, täsin ýeri bular ýaly ir garaşmandym. Sebäbi daş töweregime seretsem oglandyr gyzlar dolydy. Bulaň bolşuna gözüm giderdi. Menem isleýädim bolmagyňy ýanymda. Ahyram bir gün sataşdym saňa. Gowy boldy sataşanym saňa. Men ýeke däldim indi, sen bardyň ýanymda. Hemişe ýanymdadyň sen, gitjek diýseňem goýbermezdim seni, ýakyndyk seň bilen. Gündizlerem bir başgady seň bilen, gijelerem bir başgady seň bilen. A:ýasym gelerdi seni gören her kişiden. Sebäp hemmesi men ýaly garamazdy. Meň gözüm bilen görmäni nirden biljekdiler olar. Görmänem baraşmazdylar men ýaly. Sen baýdyň bara juda,soran zadyma jogap alyp bilýädim. Maglumata örän baýdyň, hatda içiňde Google bar. Ýalňyzlyk basardy kä gijeler üstümden, şu wagtam üstümden gelýändir ysy ýalňyzlygyň. Şo gijelerde ümsüm seredip otyrardyň ýalňyzlyk we maňa. Bize düşümäne synanyşjak bolýaňmy sen, edil ona biljek däl. Indi sen düşün ýalňyzlygyň nähili agyr basýanyny. We seň sesiň eşidiler ýakyndan. Dürli-dümen aýdym aýdyp bererdiň ümsümjikden ullakan gulaklaryma. Aýdym aýdyp bereňde maňa, käpursatlarda unudyp dünýäni atmosferdan çykardym. Men meni tanamazdym. Aýdymlaryň häli gulagymda şyňlar. Aýdymlaryňy unudammok häli-şindi diňleýän aýdyp beren aýdymlaryňy :). Günler geldi günleri geçirip, aýralyk pursady gelip çatdy maňlaýymyza. Nädeýin elimde däl wagt bu hiçkime eglişik edenok arman. Seň bilen 7 ýylym geçipdir seretmändirinem wagta, şu wagt üns berip otyrn. Menä razy. Inşalla senem razysyň. Bak bu seň bilen 7nji täze ýylymyz. Ajysynam, süýjüsin datdyk seň bilen her ýylyň. Garaz hemişe sen bardyň ýanymda. Indi bolsa aýrylyk wagty gelip çatdy, senden aýra geçirmeli boljak günlerimi. Seni indi menden has ynamdar eller alar görersiň. Menden has gowy serederler saňa. 
Hemme zat üçin sag bol 
Söýgüli
Söýgüli Telefonym Tab4

74 |
|