Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

#Nädeýin

2 minut alar

12/01/2020ý.

Adamlar üýtgedi eje. Çalt üýtgeýä. Beýle diýsem pasyllarama üýtgeýä, aýlar üýtgeýä, gije-gündizem üýtgeýä, asmanam günde-günaşa dürli-dümen reňke boýalyp ýatyr.Üýtgemek herhal biz Adamogullarynyň, tebigatyň ýazgydy. Aýtsanaňyzla maňa üýtgemek gowy zatmy eje? Adamlar üýtgedi, üýtgeýä diýip otyrn şu wagt welin ogluňama kän öwerlik däl haly. Herhal bu şäher sebäpkär ýa-da özüm. Sen ogluňdan gaty görme eje. Nädeýin elimde däl üýtgedim. 

Çagalygymy ýatlaýan. Obamyň köçelerinde gumly ýer tapardyk tapan şol ýerimizde oýunuň içine çümerdik, oýnardyk. Diňe geliň indi agşam nahar iýmeli diýeniňizi eşidip dargardyk herkim öýlü-öýüne. Oýun diýdimde üýtgeşik oýun däldi biziňki, klasik köçe oýunlary aşyk, gapak. Goňşy köçäň oglanlary ýaryşa gelenlerinde, buu ýaman gyzykly bolardy aşyk. Az uruşmadyk goňşy köçäň oglanlary bilen. Üst-başyň gara kirdir. Gulagymdan çekerdiň eje akyllanmagyň üçin. Häzirem hakkyň bar ejem gulagymdan çekmäge, o diýdik bu diýdik geçiren bolsagam ençe güýzü, henizem akyllanmandyr eje bu ogluň. Üst başymy kirledenim üçin käýýärdiň welin eje. Ýa kalbym kirlense, hapalansa eje? Çyksam öňüňe eje men geldim diýip seret üst-başym düzüw ýöne ...Kalbym kirlendi eje, gara-kir boldy kalbym diýsem.Kalbymy kirletdim, gara-kir etdim, seň ýanyňa gelmezden ozal arassalajak boldum ýöne nädip arassalamalsyny bilmedim eje, kalbymyň kiri bilen geldim ýanyňa diýsem. Maňa käýýejekmi eje şu gün irdenema arassajady nädip ýetişdiň eýýäm hapalap men arassalaýyn sen hapala bolýamy diýersiň, soň ýene gözlerimlerim buglanyp başlanda, ýagyş çisnäp başlan mysaly ýaňaklaryma düşen gözýaşymy görüp, bagryňa basyp gujaklajakmyň meni eje! Gurbanyň bolaýyn. Seň pamyk elleriňe tabşyrsam kirlenen kalbymy, ýuwup arassalap berjekmiň eje? Ýuwda göreýin eje kalbymda pamyk elleň, has dogrusy pamyk elleňdäki jennetiň ysy kalbyma ornaşsyn we hemişe burnumda tütäp dursun seň jennet ysyň. Akja bäbekdim, ulaldym hapalandym eje. Bilýänem dälsiň eje kalbymyň ýarsy kir, ýarsy iman, ýarsy umyt, ýarsy gorky. (Seretde otyr eje nätanyş biri seslener aňyrdan tämizlik imanyň ýarsy dälmi diýip) şondada üstümi kakyşdyran bolup ýene gelerin ýanyňa eje ... 

Düşünemok adamlara hersin-de aýry maska eje. Işleri bitenden soň bahana gözläp gaçmak bilen bolýarlar. Ýüzleri iki, sözleri sowuk köpsüniň eje.Hany Däli aýtýara " näçe geýinseňem dünýä sowuk eje " diýip dogry aýtýa makullaýan menä, dünýä sowuk, gyş sowuk, adamlar sowuk, ýürekler doň. Hatda men üşämmok indi sebäbi daşaram men ýaly sowuk,

Eje ...

98 |
|