Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Zarba

6 minut alar

6-njy klasy gutaryp 7-â geçen tomusymyzda, kakam bir gün işden gelip "McM, ertiriñ özinde boksa başlaýañ. Pylan ýerdãki sport zal bilen men eýýãm gürleşdim. Ertir okuwdan soñ sen git, boksa ýazyl." diýdi. Kim bilýã nireden tapdy bu gürrüñi. Meñ dañdan 5-de turyp telewizorda Tyson-yñ oýunyny görýânimdenmi, ýa aýnañ öñünde duryp biri bilen urşýan ýaly bolup maýmyn bolşumdanmy, ýa-da bizden gizlin Gitler-iñ "Mein Keimpf" kitabyny okap, Gitler-iñ maslahat berşi ýaly çagasynyñ ýyndam we saglyk taýdan ösen bolmagyny isledimi bilemok. Ejem şunça " Kakasy, bu çaga öñemã myrtar, boksa gitse ýüzini tanar ýaly etmezler :( " diýip zeýrensede, kakam diñlemedi, "Ertir başla boksa." Gürrüñ gutardy. 

Başladyk boksa, ilki günler höwes bilen gitsemem, soña baka ýadap ugradym. Hamana boks öwrenmage gitdim welin, her gün taýak iýýãn. Boksda taýak iýmeli bolarsyñ, oña sözim ýok. Ýöne men tãze bolamsoñ, menden 2-3 ýaş kiçilerem gelip ýumruklap gidýã. Zala gelmãnká ejesinden-kakasyndan kâýinç eşiden, ýüregi gysan, "gel türgenleşeli" diýen bolup ýüzimi penjelâp gidýã. Dagdy boldym halys. Kakama-da diýip bilemok, " nãhili, boksa öwrenişýãñmi?" diýip soraýa, menem " hawa, hezil" diýýãn. Taýak iýmegiñ nãmesi hezil-ká? Kanikul gutarandan soñ okuw başlaýar bahanasy bilen boksy taşladym. Hezil etdim. Şeýlelik bilen, mowzugyñ ahyryna ge... Oýun edýân, indi başlaýar mowzuk. Muny nãme üçin ýazdym, mundan beýlãk ýazjaklarym bilen baglanşyklyrak bolany üçin ýazdym. . 

Klasymyzda Hatyja diýip bir gyz bardy. 6-njy klasda hat alyşyp başladyk. (Ol döwürler hat alyşmak bardy, dinozawrrakdyryn men, hehe) Kanikul gutardy, biz 7-â geçdik, entãgem hat alyşmaga dowam edýârdik. Birgün, klasda şeýle gürrüñ ýaýrady, "Sapar, Hatyja hat beripdir." Saparam bizden 1 klas uly, Hatyjalañ töwereginde ýaşaýan bir oglan. Hatyjadan soraýan welin, ýok beýle zat diýýã. Ýöne men şonda-da Sapar-a dişimi gyjap ugradym. Gören ýerimde gyşyk seredýãn. Olam meñ Hatyja bilen hat alyşýanymy bilýãn bolmaga çemeli, o-da gören ýerinde şeýle. Men gönümel yrsarabam bilemok, uly bolansoñ çekinýãnem. Özi bir zat diýse topularyn diýip gezip ýörin, Hatyja bilenem aram saz. Ýene birgün, arakesmede daşaryda top oýnap ýördik. Oglanlañ biri topy gatyrak depdi, top Sapar dagyñ ýanyna gitdi. Sapar dagy 4-5 sany oglan bolup otyrdylar, Sapar ýerinden turyp "Eý, indi topyñyz bârik gelãýse ogşaryn sizi" diýdi we topy alyp başga tarapa depip goýberdi. Ana, meñ gözlãp ýören bahanamam tapyldy. Sapar-a "senem indiki gezek topy depseñ, aýagyñy döwerin" diýdim. Sene-mene başlady, oglanlar araladylar, gezip ýören mugallymlaram bolansoñ dawamyzy goýbolsyn etdik. Jañ kakyldy, klasa girdik. Entãk sapak başlamanka, Saparyñ dosty klasa girip hemme kişin öñùnde "McM, Sapar señ bilen ýeke-ýekã çykmakçy. Erkek bolsañ sapakdan soñ 4-nji korpusyñ arkasyna gelsin diýýâ" diýip gitdi. Hemme kişi eşitdi, Hatyja-da eşitdi. Gitmesek bolmaz. "Bolýa" diýdim. Meñem özimçe Sapar bilen gürrüñim bardy, bula has gowy boldy diýip pikir etdim. 4-nji korpusyñ arkasam, Nýu-Ýorkyñ çola köçeleri ýaly bir ýer, ýeke-ýekã çykýanam şotak barýa, çilim çekýãnem. Her mekdepde bolýandyra şeýle ýerler. Sapak gutardy, hemme kişi maña goldaw berýâr. Hatyja bolsa dymýar. İñ azyndan urşma diýer, onam diýmedi. Men 4-korpusa gitmek üçin taýynlandym, kanikulda boksa gatnamsoñ özime-de göwnim ýetýã. Boksdan soñ, ilkinji urşym, hem özümi barlap görerin diýÿãn. Aý garaz, ringe Klitçkony ugradýan ýaly edip ugratdylar oglanlar meni. Menem Demirgazyk Koreýa-nyñ Prezidentiniñ halkyna el galgadyşy ýaly klasdakylara elimi galgadyp klasdan çykdym, ýanymda-da 3-4 sany oglan bar. Gulagymda Rocky Balboa kinosyndaky Eyes Of Tiger aýdymy ýañlanýar. Özimçe eýýãm urş planymy taýynladym, baryp göni eñegine ýumrugy goýmakçy. Ýöne biziñ oglanlarymyzyñ biri 4-nji korpusyñ arkasyna ýetip barýarkak "McM, seresabrak bolgyn, Sapar 1 ýyl bãri dzýudo gatnaýamyş. Eliñi tutdurmajak bol" diýdi. Men üstinden gaýnag suw guýlan ýaly boldym. Konsertde Johnna tarap batly ylgan gyz ýaly yza ylgaýynam bir diýdim dogrymy aýtsam. Naýynjar ýagdaýda "öñräkden aýtmaly ekeniñ-dâ" diýýãn ýaly dost oglanymyñ ýüzine seretdim, şonda-da bildirmediksirãn bolup "Gatnanda nãmow dzýuda, menem bokser" diýdim. Gatnanym 3 aý, onda-da hemişe taýak iýdim, şonda-da hondan barisi men. 

4-nji korpusyñ arkasyna bardyk, Sapar eýýãm gelen ekeni. Oglanlar gitdiler, bizem ýeke-ýekâ galdyk. Öñem-á uzyn oglan welin, dzýuda gatnaýar diýensoñlar gözüme hasam uzyn bolup görünýârdi, Ÿekegöz bilen urşýan ýalydym. Köýneginem çykarypdyr, maýkajyk bilen dur. Soñ, urşdaky adaty gürrüñler başlady;
-Sen kim-ow?
+Sen kim-ow?
-Men senden soraýan, sen kim-ow?
+Menem senden soraýan-ow, sen kim-ow? 
-Men Sapar-ow 
+Menem McM-ow 
-Bolañda náme-ow McM 
+Bolañda náme-ow Sapar...
Şu gürrüñleri 10 gezek dagy gaýtalandyrys. Soñ, birdenkâ yzy süýşip uraýyn diýdim. Yza süýşip elimi aýlanymam şoldy welin, seretsem ýerde ýatyryn. Bu nãme boldugy-aý diýýãn menem. Nãme bolanyny bilmãn galdym. Men elimi uzadamda, elimden tutyp ýanbaşdan ýere pylçap urypdyr. Tàzeden ýerimden turdym, bu gezek seresabrak bolaýyn diýip oglandan uzagrakda durdym. Ýene uraýyn diýip topuldym, ýene ýerde ýatyryn. İñ soñky gören zadymam ýerdãki çilimiñ biçogy. Başga zat görüp ýetişmedim. Sapar stanok ýaly, golaýyna barsañ zyñyp dur yzyna. Turjak bolýan welin başym aýlanýa. Zordan turdym, kelle indi gowy işlãnok, boksy zady ýatdan çykardym, gözümi ýumyp Türkmen urş edip ýumrugymy aýlap ugradym, birem degenok Sapar-a. Bu-da dzýudo zat bilen işi bolmady, (sebâbi gerek dál) Türkmen urş etdi, uzyn bolansoñ meni hezil edip uryp başlady. Aýagym büdrãp ýere ýykylsamam depýârdi. Men urşmadana geçdim indi, gaçmagyñ çáresini gözleýârdim. Ol bolsa duranokdy, gabat gelen ýerime depýãrdi. Ýerde süýrenip gaçjak bolsam, aýagymdan çekip alýardy we tâzeden depip ugraýardy. Oglanlar, soragym size, heeý ýüzbe-ýùz odinoçka urşda siziñ syrtyñyza dyz bilen depdilermi? Meñkã depdiler. Sapar depdi. Ýùzbe-ýùz urşup bilmedim-ã oñ bilen, elim bilen kellämi gorap yzyma öwrülýãn, olam dyzy bilen syrtyma depýã. Daşyndan seretseñ Amerikanskiý borba görýãn ýaly, Sapar meni depýâr, gapýar, gujagyna alyp ýumruklaÿa. Men boldy et diýip gygyrybam bilemok, sebäbi gygyrmaga wagt ýok. Urş diýilýãn zat ikitaraplaýyn bolýar, şeýle dãlmi? Biziñ urşymyz bolsa ýeketaraplaýyn, Sapar urýa, men goranýan: (Urş ýeke taraply bolany ùçin Saparyñ ýüregi gysdymy ýa uryp ýadadymy bilemok, Sapar urmany bes etdi. "İndi gaýdyp Hatyjañ ýanynda görâýmâýin seni" diýip köýneginem alyp gitdi. Aslyýetinde top bahanady, ikimizem Hatyja üçin urşupdyk. Men, ýeñildim.

Meñ dost oglanlam, 4-nji korpusyñ öñünde maña garaşýardylar. Sallam-sajak bolup ýanlaryna bardym. "Burnyn ganaýar" diýdiler, "Zyýany ýok" diýdim. Öýe geldim, Amerikanskiý kinolarda, kino gutaryp haty geçip başlanda baş gahrymanyñ skoro pomoş maşynyñ yzynda egnine odeýal ýapynyp çaşkada kofe içişi ýaly, egnime un halta oklap bir káse çaý aldym. Ejem görüpdir beýdip oturşymy, sübsãñ sapy bilen böwrüme dürtip "Gyran degen, üsti- başyñ un boldy, eşikleri sen ýuwýansyñ meýit" diýdi, ýüzimi görensoñ gynandy. Ejem, suw bilen ganly ÿüzimi ýuwdy, ganly ýüregimi ýuwup bilmedi.
Ertesi gün okuwa gitdim, Hatyja meni taşlady.


Şol gün, gyzlaryñ maña zarba uran ilkinji günidi...

90 |
|